14:24
Gel, dutarym, sözleşeli!
GEL, DUTARYM, SÖZLEŞELI!

"Gel, dutarym, sözleşeli! " halk aýdymyndan bir-iki setir

Ah, gara tamdyram, gazma tamdyram,
Bu bir sowuk ülke, gyzma, tamdyram.
Gel, kirşiňi gaty çekmän düzeýin,
Oňa derek öz damarym üzeýin.
On ýyl ozal aýra düşüp ilimden,
Seni taşlap gaýdyp bilermidim men?!
Ýok, men sazanda däl, aşygy sazyň.
Içiňe sygdyryp bilmän owazyň,
Dymyp dursuň otagymyň töründe.
Ýeriň ol ujunda gezip ýörün-le,
Hyýalymda on ýyl yza ätleýän,
Bile geçen ýolumyzy ýatlaýan.
Wah, reňkdeş tamdyram, bir yza seret:
Niçik gümrükhana, nijeme serhet
Daşyňa aýlanyp, çenäp bäşatar,
Barladylar seni menden bäş beter.
Üýtgeşik bir ýarag hasap etdiler,
Ite ysgatdylar, çyra tutdular,
Mina tapýan apparada saldylar,
Byçgy bilen kesip görjek boldular...

Ah, gazma tamdyram, gara tamdyram,
Galan ýoly bile ýöre, tamdyram.
Seni ýasan Sapar Mämiň kakasy,
Öňümizden Akpamygyň kökesi
Tigirlenip, gidip otyr ýol ýasap.
Yzda nije menzil, ýiten bir hasap.
Watandan çykýan ýol müňdenem kändir,
Diňe ýekeje ýol yza eltýändir...
Oýna, pelek!
Ýaýna, pelek!
Öç, pelek!
Häzirlikçe meniň sazym "Keçpelek".

Şiraly NURMYRADOW





Категория: Goşgular | Просмотров: 52 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Horasanyñ durnasy / Goşgular - 03.06.2021
Başga / Goşgular - 08.02.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Arzanladyş / Goşgular - 11.04.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Şahyryñ gyzy men... / Goşgular - 10.02.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Gör-le, bu dünýäniň öwsüp durşuny... / Goşgular - 10.02.2021
Şu sözi hiçwagt ýatdan çykarmaň! / Goşgular - 13.01.2021
Gamgyn goşgy / Goşgular - 11.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]