12:14
“Gel çalşaly!”
“GEL ÇALŞALY!”

ABŞ-da ýaşaýan tiktoker hanym Demi Skipper, özüniň TikTok-daky “Trade Me Project” atly web-taslamasynyň kömegi bilen, bir ýarym ýylda adaty saç gysdyrgyjyny ýaşaýyş jaýyna çalyşmagy başarypdyr.
2020-nji ýylyň maýynda San-Fransiskoda ýaşaýan 30 ýaşly hanym, özüniň blogynda saç gysdyrgyjynyň bardygyny, şonam haýsy-da bolsa bir oňa görä gymmadrak bir zada çalyşmak isleýändigini ýazypdyr.
Bloger hanyma gysdyrgyja derek arzanjak ysyrgajyklary hödürläpdirler.
Soň ol gulakhalkasyny “Margarita” dürüşdesi (helemek, kokteýl) üçin niýetlenen dört sany dikbulgura (haýbol) çalşypdyr.
Soň, ugurtapyjy bloger hanym, bulgurlary tozan soruja çalşypdyr.
Netijede ep-esli wagta çeken alyş-çalyş marafonynyň dowamynda Demi Skipper birnäçe ýasama zenan bezeg saý-sepleriniň (bižuteriýa), aýfonyň, üç sany traktoryň we köp sanly beýleki goş-golamlaryň “menden saňa barýança” wagtlaýyn eýesi bolmagy başarypdyr.
Iň soňunda, ýakyn günlerde bolsa bloger hanym özüniň ilkibaşda maksat edinişi ýaly özbaşdak hususy jaýyň eýesi bolmagyň hötdesinden gelipdir.
Hanym Demi Skipperiň hemme alyş-çalyş amallary diýen ýaly internetde amala aşyrylypdyr.
Öz taslamasyny durmuşa geçirmek üçin bloger hanym Facebook Marketplace we eBay onlaýn-platformalaryndan peýdalanypdyr. Taslamasynyň daşynyň şüweleňini artdyrmak üçin TikTok we Instagram inet-resurslaryndan işjeň peýdalanypdyr.
Demi Skipperiň alyş-çalyş “aldym-gaç”-lygynyň gyzykly tapgyrlary hakda aýdylanda:
Tozan sorujy – snouborda;
Snoubord – gulaklyga (nauşnik);
Gulaklyk – noutbuka;
Noutbuk – fotoapparata;
Fotoapparat – “Nike” firmasynyň krossowkasyna;
Krossowka – Aýfona;
Aýfon – 2008-nji ýylda öndürilen “Dodge Caravan” kysymly awtoulaga çalşylypdyr.
Bu awtoulagy bloger hanyma Minnesota ştatyndan getirip beripdirler. Bu ýagdaý bolsa bloger hanymyň taslamasyna gyzyklanmany we onuň alyş-çalyş estafetasynyň meşhurlygyny artdyrypdyr. Minnesota ştaty bilen San-Fransisko şäheriniň arasynda 3 055 kilometrlik ýol bar.
Hanym Skipper “Dodge Caravan” ulagyny “Mini Cooper” ulagyna çalşypdyr. Soňra bu ulagy bolsa gymmatbaha hünjä çalşypdyr. Ýöne bu gezekki alyş-çalyş amalynda bloger hanym utulypdyr. Sebäbi hünjiň satyjysy ony 20 müň amerikan dollary diýip bahalanam bolsa, hanym Skipper ony zergäre bahaladanda hünjiň bahasynyň 2 müň amerikan dollarydygy anyklanypdyr.
Emma barybir ruhdan düşmedik erjel hanym, bu alyş-çalyşdan soň iki hepde geçip-geçmänkä hünjüsini bahasy 1800 amerikan dollary bolan welotrenažere çalşypdyr.
Welotrenažer gaty bahym “Ford Mustang” kysymly awtoulagyna çalşylypdyr.
Eýýäm 2020-nji ýylyň dekabrynda bloger hanym ol ulagyny tokaýdaky kiçeňräk külbä çalşypdyr.
Soňra bu külbe “Honda CRV” kysymly awtoulaga çalşylypdyr.
Bu ulag bolsa üç sany traktora çalşylypdyr.
Traktorlary keýpihon hanym, “Chipotle” atly meksikan kafesinde bir ýyllyk mugt günortanlyk nahar iýmäge hukuk berýän ýazmaja (kartoçka) çalşypdyr.
Bu ýazmaç bolsa ýaşamak üçin ýörite taýýarlanan awtoulag tirkegine (treýlere) çalşylypdyr. Ol treýleriň 40 müň amerikan dollary bahasy bar ekeni.
Ahyrynda-da, bu tirkeg Tennessi ştatynyň Neşwill şäherçesindäki ýaşaýyş jaýyna çalşylypdyr.
Hanym Demi Skipper häzirki wagtda täze ýylyň ýanwar aýynda adamsy bilen şol jaýa göçüp barmagy we onda abatlaýyş işlerini geçirmegi maksat edinýär. “The Guardian” neşiriniň habar bermegine görä, bu jaýy degişli hünärmenlere bahaladanlarynda, oňa 80 müň amerikan dollary baha kesipdirler.

Postskriptum deregine terjimeçiden kelam agyz söz:

Aperin, saňa, bloger hanym!
Her ýerde, hiç zatdan ýa-da sähelçe zatdan hemme zat ýasap bilýän, “atlyny agdaryp düýelini düňdermegi başarýan”, atarman-çaparman, rysgally-döwletli, bet gelinler bar-ow...


Çeşmesi: https://news.mail.ru/society/49265529/?frommail=10. 18.12.2021ý.

Makalaň çapa çykan ýyly: 18.12.2021 ýyl
Makalaň WEB çeşmesi


Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 136 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Nurdan   [Материал]
Bee, tüweleme, bet eken hakykatdanam.. :::)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]