19:12 Gel, aýdym aýdaly | |
GEL, AÝDYM AÝDALY Gel, Watan hakynda aýdaly aýdym, Diñlesin derýalar, deñizler, daglar - Watanyñ ertiri has-da ajapdyr, Ýöne hiç dolanyp gelmez bu çaglar. Ertiriñ aýdymyn ertir aýdarlar, Biz aýdaly şu günleriñ aýdymyn. Görmedim men, geçen urşy görmedim, Ýöne Ýeñşi her kimçeräk söýdüm men. Heniz-heniz yza berýär uruşdan, Ýüreklerde galan agyr ýaralar. Emma bu gün gezelip dur ynsana Çar tarapdan uly-kiçi ýaraglar. Diýme: aýdymlary ýetik bu dünýäñ. Bilýäñ, aýdym bilen gaharlar syna. Ter gülleri söýüşi dek gyzlaryñ, Tämiz aýdymlara teşnedir dünýä. Gel, gözellik hakda aýdaly aýdym, Bu goja zemindir asman arasy - Bägül ysy deýin aýdymdan dolsun, Geçmez bolsun dünýäñ ähli därisi. Aýdym bu zeminiñ ähli künjüne Lälezar meýdanlañ ysyn ýetirsin. Aýdym bir ýerlerden däriñ ysyn däl, Bugdaýly meýdanlañ ysyn getirsin. 1979 ý. Şadurdy ÇARYGULYÝEW. | |
|
√ Bentler / Goşgular - 24.01.2022 |
√ Gaaak! / Goşgular - 21.01.2022 |
√ Нарушение гармонии / Goşgular - 16.02.2022 |
√ Радуга / Goşgular - 23.02.2022 |
√ Ýyl täzelenýär / Goşgular - 07.01.2022 |
√ "Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022 |
√ Я хочу быть с тобой / Goşgular - 04.02.2022 |
√ Как умерла моя кошка / Goşgular - 21.02.2022 |
√ Men ýazyp ýeterin seniň ýanyňa... / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Hal / Goşgular - 02.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |