10:15
Gel

GEL

Gel,
Oñuşsak oñşaly adam şekilli,
Ile meñzäp ýaşap göreýli bizem.
Hanha,
Kepän dodagyny namysdan ýaryp,
Yzymyzda gurap barýar lebizem.

Gel,
Aýrylmaly bolsa,
Aýrylyşaly.
Jähennem,
owarra bolsun hemme zat.
Kebelekler ürküp gitdi bireýýäm,
Ýasama açylan güllerimizden.
Aýralygam agyr däldir hut biziñ
Oñuşman geçirýän günlerimizden.

Gel,
Köp zatlary duýýan öñünden,
Bilýänimem az däl bilmeýänimden.
Bilýän,
Kän zatlary bilýän öñünden.
Aýt,
sen bir bilermikäñ näm etjegimi
salama degmeýän bir kimsä öwrüp,
ýyllar seni çykaraýsa öñümden?..

Ýalñyşyp düşünmäli,
Gel!

Jumamyrat JUMAÝEW,
Dänew etrabynyñ ýaşaýjysy.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 57 | Добавил: menliasyrowa91 | Теги: Jumamyrat Jumaýew | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021
Gije motiwleri / Goşgular - 12.02.2021
Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Mähriban / Goşgular - 04.03.2021
"Tanyş ýollañ, gumaksyja ýodalañ..." / Goşgular - 25.05.2021
Ÿa:t illerde rubagylar / Goşgular - 03.06.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]