11:24
Gazallar

GAZALLAR

Eý, gözel, apatlara soltan bolan!
Bakmasyn seň husnuňa duşman bolan!

Aýt, men dälmi tutuş göwräm bilen
Bir taryňa müň gezek gurban bolan?

Misginem, ok atma ýara synama,
Dözmez onuň urgusyna nalan bolan.

Meý ýerine içdiň ýürek ganymy,
Boldum ady kalp öýi weýran bolan.

Goý ýykylyp bary öpsün aýagyny,
Hindi gyz dek söýgüsi pynhan bolan.

Gül ýüzüni görmäge ýokdur gurbatym,
Gaşy keman, kirpigi peýkam bolan.

Aşygy dost tutsa hemme dogrudyr,
Ýokdur Nyzamy kimin şükran bolan.

***

Barmy seniň habaryň yşkdan gelen beladan?
Dözdüm gamyňa, gör, dostluga gelmedi nogsan.

Mazlumlaryň nalasyna edipsen adat,
Meň nalama rehm etmediň, söýgüli janan?!

Aýby ýok ýürek bermeseň, çünki sen gözel sen,
Ýürek bermezlik adat gözellere owaldan.

Aýt, ezizim, Nyzamy näçe sabr etsin ýene,
Yşgyňda men kararsyz galdym, eý, mahy-taban!

Köňlüm köşgi weýran boldy, dilberi-jan alan hany?
Hazynama talaň düşdi, goragymda duran hany?

Gapyl galdym, çaşdy başym, gulaklaryň ker bolupdyr,
Atlanyp ýola gitmäge, arkamda ol ýaran hany?

Gijämi gündiz edip, dost gapysynda ýatdym,
Ýola gitsem paýym hany, ýa-da ol beýik han hany?

Nyzamy bu jahanda köp ýygnadyň zady sen,
Ol jahan üçin nämäň bar, eýle bir beýan hany?

***

Baksaň ýarym jemalyna bir lälezar görersen,
Gül ýüzli ýar öňünde tikenli gülzar görersen,

Agtarma gül çemende, açmaz gunça ýüzüni,
Ýar husnunyň öňünde, gülde tiken-har görersen.

Sen bir posa istärsen ýaryň bally lebinden,
Atar ol seni, köňlüň al gan bolar görersen.

Bir ömür gamyndan meniň kalbyň bikarar boldy,
Ýüz ýyl geçse aradan, sen şol karar görersen.

Her kimse Nyzamy dek men-menligi unutsa,
Şat bolar maksada ýetip, bir howandar görersen.

***

Gül jemaly güle diýdi: Syr perdäni ýüzünden,
Güller zünnar dakynypdyr ýaňagyndan, ýüzünden.

Gördüm ki gan örtüpdir gunçanyň nykabyny,
Hyjalatdan özge zady görmeýärsiň belki sen.

Gulaç-gulaç saçlarynyň çözülende tarlary,
Benewşeler göçmek üçin ýük baglady biler sen.

Ol nowjuwan jemalynyň bir yşarat etmesi,
Ýasmin güli lal eýledi, sowsan (liliýa) galdy sözünden.

Bilbil gelip göreş kyldy aşyk Nyzamy bilen,
Bu gazaply eşidip huşy gitdi özünden.

***

Eziz ilçi köňül ýary näçedir?
Men bimaryň söýen ýary näçedir?

Gözelligi, mylakaty galypmy?
Haýsy işde, keşbi, käri näçedir?

Sözle derdimiziň dermany nergiz,
Sünbülleri, çemenzary näçedir?

Suw içipdir bulagyndan şekeriň,
Baglarynda lälezary näçedir?

Dost tutany ol köňlüme ýat saýdy,
Duşman bolan dosty-ýary näçedir?

Gije-gündiz ýanýaryn men ataşda,
Şat melegiň hyzmatkäri näçedir?

Içdi ganym ýok zerreçe armany,
Sözle ökünjiniň bary näçedir?

Bir gezek hiç ah çekmedi ömründe,
Niçik haly, ýar karary näçedir?

Ýar gamyndan Ýakup boldy Nyzamy,
Ýusup kimin şähriýary näçedir?

Dilber, bilseň saňa meňzeş birnäçe nyşanym bar.
Kalbym lebiňe, säherim gara zülpüňe ogşar.

Üzeňňä-galmak üçin hany dyzda kuwwatym?
Jylawdan tutjagyma ýok güwäm, söýgüli dildar.

Aýralyk nirä barsa, oňa wepa bermegin!
Ýar wepasyn synamaga aýralyk gerekmi, ýar?

Her posaňa bir jany berjek diýmese alma,
Men istemen haýr üçin seniň bolmagyňy har.

Diýdiň maňa sabr eýle, döz bu derde Nyzamy!
Indi mende sabr etmäge takatym galmady, ýar!

Nyzamy GENJEWI.

Terjime eden: Döwlet GURBANGELDIÝEW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: Jeksparro | Теги: Nyzamy Genjewi | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Çagakak ak gardan adam ýasardyk... / Goşgular - 10.02.2021
Täzesinden täzesi / Goşgular - 04.06.2021
Haýrana derek / Goşgular - 29.01.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Hüwdi / Goşgular - 14.04.2021
Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Zenan / Goşgular - 09.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]