20:46
Gaý-tupanly çölde bir ýol çelgisi: Muhammet Ykbal
GAÝ-TUPANLY ÇÖLDE BIR ÝOL ÇELGISI: MUHAMMET YKBAL

Muhammet Ykbal - Aly Şeriatiniñ sözleri bilen aýdanymyzda çölüñ iñ gaý-tupanly pursatynda bir ýol çelgisidi. Ol bir tarapdan iñlis kolonializmine garşy ähli uklap ýatanlary oýarypdyr, bir tarapdanam musulmanlaryñ özlerini gorap bilmekleri üçin garaşsyzlyk pikirini añlaryna guýupdyr.

Dr. Ali Şeriatiniñ "Fecr" neşirýaty tarapyndan çap edilen "Biz we Ykbal" atly eserinde awtor Muhammet Ykbala çelgi hökmünde baha berip, şeýle diýýär:
"Bu ýurduñ haýsydyr bir künjünde ýaşap, öz gelejegini, mañlaýyna ýazylanlary, dünýäde bolup geçýänleri oýlanýan we halas bolmagyñ ýoluny gözleýän müñlerçe musulmanyñ dilinden gürleýärin...
Menem şolaryñ biri - meniñ ýaly dertlilere seslenýärin: Ykbal bir çelgidir."
Ykbalyñ çelgi hökmünde görkezmeginden öñinçä awtoryñ öz gündogarlylaryna ýüzlenmegi diýseñ üns bererliklidir: sebäbi "Ykbal Günbatary ýakyndan tanaýandygyna we Günbataryñ terbiýesini alandygyna garamazdan özüni gorap saklap bilendigi bilen öñe saýlanýar."

• Döşündäki tikeni çykaran adam

Muhammet Ykbal gelip çykyşy boýunça brahman neberesindendi. Hindi kastasynda aýratyn ornunyñ bardygyna garamazdan, onuñ maşgalasy XVIII asyrda yslamyýeti saýlap alyp, ähli ýeñilliklerinden ýüz öwrüpdir.
Ýaşlygynda Seýit Mir Hasandan Gündogar ylmynyñ inçeliklerini öwrenen Ykbal, mugallymy professor Tomas Walkeriñ üsti bilen Günbatar düşünjesini özleşdiripdir.
Munuñ bilenem çäklenmedik Ykbal Londonyñ ýokary okuw jaýlarynyñ birine okamaga gidip, Günbatar dünýäsini has ýakyndan tanamaga mümkinçilik gazandy.
Günbataryñ ýokary okuw jaýlary we ylmy guramalary Ykbala ähli ýeñillikli şertleri wada berip, özlerine işlemäge çagyrandygyna garamazdan ol Lahora dolanyp gelip, ýönekeý aklawjy bolup durmuş ýoluna dowam etdi.
Dostlary Ykbaldan ebeteýine gelen şunça mümkinçilikden nämüçin ýüz öwrendigini soranlarynda, Ykbal özüni bilip başlan gününden bäri kalbynda telwas urýan garaşsyzlyk arsuwynyñ bardygyny aýtdy:
- Iñlisleriñ hyzmatynda işlemek kyn. Köñlümde halkyma aýdasym gelýän birgiden sözler bar. Iñlis döwletiniñ hyzmatynda bolup, bulary arkaýyn aýdyp bilmerin-ä.
Indi men azat adam. Aýdasym gelen zady-da aýdyp bilýän. Şeýtsem, köñlüme sünjülen tikeni çykardygym bolar.

• Päkistanyñ milli şahyry Ykbalyñ Akif we Atatürk bilen gatnaşygy

Muhammet Ykbal Päkistanyñ milli şahyrydyr. Ol garaşsyzlyk ideýasyny her bir şahyryñ arzuwy hökmünde görlen ilkinji gününden bäri batyrgaýlyk bilen dillenendigi sebäpli Azat Päkistanyñ ideýa atasy saýylýar.
Päkistanyñ milli şahyry Ykbalyñ şygyrlarynyñ äheñi we tematikasy taýdan türk milli şahyry Mehmet Akif Ersoýa meñzeýär.
Iki şahyr ýüzbe-ýüz görüşmedigem bolsa, aralaryndaky meñzeşligi özleri bilýärdiler. Olar biri-birlerine birnäçe gezek kitap ugradyp, hat alşypdylar.
Ykbal Akife ugradan bir hatynda şeýle ýazdy:
"- Türk halkyny, zamanabap Türkiýäni diýseñ gowy görýärin. Haçanam bolsa bir gün Türkiýä, hususanam Möwlananyñ Konýadaky aramgähine baryp görmek isleýärin.
Ol mübärek topraklaryñ meni Möwlananyñ ejizje müridi hökmünde kabul etmegini nyýaz edýärin.
Köñlümiñ çuñluklarynda bir gülälekli meýdan görýän ýaly bolýaryn. Ortasynda alawlap ot ýanýar we men perwanalar ýaly ol oda bakan barýaryn. Ol ot Möwlana Rumynyñ yşky we söýgüsidir."
Akifem öz gezeginde esasanam Müsürde meýletin sürgünde bolanda Ykbalyñ şygyrlaryny dostlaryna okamaga berýärdi.
Beşir Aýwazoglynyñ "Mehmet Akif we Muhammet Ykbal" işinde Akifiñ dostlaryndan Abdylwahhab Azzamdan şu ýatlamany mysal getirýär:
"Ýygnanşyklarymyzyñ iñ gowusy Muhammet Ykbalyñ şygyrlaryny okaýan wagtlarymyzdy. Ykbaly maña tanadanam onuñ özüdi. Ol bir gün maña Ykbalyñ "Peýam-ı Meşrik" eserini berdi. Men bu eseri okap Ykbala bolan hormatym artypdy.
Wagt tapdygymdan Ykbalyñ goşgular kitabyndan birini alyp okaýardym. Olam üns bilen gözüni süzüp diñlärdi.
Arasynda käbir beýtleri gaýtalap okamagymy islärdi. Halan beýtleriniñ üstünde durardy, bularyñ gowudygyny ýañzydardy, ýa-da käbir beýtleri içini çeke-çeke diñlärdi.
Ykbalyñ şygyrlary ony käte heýjanlandyrýardy, käte rahatlyk, käte-de gaýgy-gam, dert berýärdi. Ykbalyñ "Esrar-y Hodl" eserini-de bilelikde okamaga başlap, birküç gezekde gutarypdy, has soñra onuñ "Rumuz-i Bi-Hadi" eserini-de şolar ýaly okap bolup, ýene gaýtalap okamaga başlapdyk."
Akif dosty Ykbala öz eseri "Safahatdan" bir ekzemplýar ugradanam bolsa, munuñ Ykbala baryp gowşandygy barada hiç bir delil biziñ günlerimize gelip ýetmändir.
Muhammet Ykbal Azat-edijilik urşy döwründe päkistanly musulmanlaryñ Türkiýä bolan söýgüsiniñ we beren gumanitar kömekleriniñem guramaçysydy.
Grek basybalyjylaryna garşy bolan uruşyñ iñ aýgytlaýjy günlerinde Ykbal päkistanlylara şeýle diýip ýüzlenipdi:
"Doga edeliñ gardaşlarym, ol baýdak dikilen ýerinden kyýamata çenli düşmesin. Yslamyñ güneşi batmasyn. Alla hristianlaryñ garşysynda musulmanlary goraýan beýik lider Mustapa Kemala ýardam etsin. Yslamyñ iñ soñky esgerlerine şanly ýeñişi ýar eýlesin!"
Ykbal tutuş musulman dünýäsiniñ basybalyjylaryñ golastynda iñleýän döwründe Mustapa Kemalyñ göreşini Päkistan bilen birlikde tutuş yslam älemine nusgalyk hasaplaýardy.
Ykbal Mustapa Kemaly şeýle öwdi:
"Halkyñ halas edijisi şeýle bir şan-şöhrat bilen çykdy welin, ýüzýyllyklar zyndanlyklar gapynyñ deşiginden seredip oñdular!"
Ykbal Mustapa Kemalyñ durmuşa geçiren işlerini garaşsyzlyk gazanylandan soñam ýakyndan öwrendi. Onuñ mejlisi gurmagy we respublikany yglan etmegi ýaly işleri hakda-da şeýle ýazdy:
"Hakykat şudur ki, musulman döwletleriñ arasynda häzir Türkiýe dogmatik ukudan oýanan ýeke-täk döwletdir. Musulman döwletleriñ arasynda diñe Türkiýe intellektual azatlyk hakyny gözledi. Diñe ol idealdan hakykata geçip bildi."

• Ykbalyñ syýasy göreşi

Muhammet Ykbal azat Päkistanyñ gurulmagy üçin owaly bilen iñlis imperializminiñ Gündogar Aziýadan güm bolup gitmeginiñ gerekdigine ynanýardy.
Şonuñ üçin Mahatma Gandiniñ göreşine garşy bolmaýşy ýaly, gaýtam oña kömegem beripdi.
Gandi Ykbalyñ bu hoşniýetli tutumy üçin şahyry Delä çagyrypdyr we nutuk bilen çykyş etmegini isläpdir. Ykbal münberde iñlis imperializmi hakynda şeýle diýipdi:
"Gözüñüziñ öñüne seren manzaram tutuş Hindistanyñ we Aziýanyñ beýleki ýerlerini öz içine aljak tüweleýiñ alamatyny berýär. Bular adamy diñe bähbit getirýän serişde hökmünde görýän syýasy siwilizasiýanyñ anyk netijeleridir.
Adam bolsa medeni güýçler bilen ýetişýän we kämilleşýän janly barlykdyr. Aziýa ýurtlary üstlerine günbataryñ taýýarlap musallat eden kolonial ykdysady düzgünine garşy hökmany suratda baş galdyrjakdyr. Aziýa tertipsiz we sazlaşyksyz indiwidual ýagdaýy bilen Günbataryñ kapitalist sistemasyny şekillendirip bilmez."

• Mahatma Gandi

Iñlis kolonializmiñ ýok bolup gitmeginden soñ musulmanlaryñ hindileriñ sütemi astynda eziljegini öñünden bilen Ykbal "Iki döwlet" tezisini - garaşsyz Päkistanyñ gurulmagy hakdaky teklibi ilkinji bolup orta atan adamdy.
Heniz köpçülikleýin gatlaklar muny aklyna-oýuna getirmäge çekinip ýörkä, Muhammet Ykbal şu sözleri aýdypdy:
"Penjabyñ, Demirgazyk-günbatar serhetýaka welaýatynyñ, Sindiñ, Bulujystanyñ birleşdirilen ýagdaýda aýratyn döwlet görnüşinde görmek isleýärin."
Ykbal bu sözleri sap milletçilik bilen orta atmandy. Iñlisler hernäçe ýurtdan çykanam bolsalar, yzlarynda bitmejek ýara goýup gidýändiklerini we musulmanlaryñ kasta sistemasyna gollanýan hindi agalygynyñ astynda azat ýaşap bilmejeklerini gowy bilýärdi.
Ykbal bu ýagdaýy şu sözler bilen kesgitleýärdi:
"Musulman hindileriñ diñe musulmanlaryñ köpçüligini düzýän welaýatlary içine alýan aýry döwletini gurmak bilen dinini, medeniýetini we garaşsyzlygyny berip bolar.
Eger Hindistandaky kasta sistemasyny ortadan aýryp bolsa, hindi-musulman bileleşigi mümkin bolsa-da bolardy, emma hindiler bu hususda diýseñ yñdarma."

• Biz we Ykbal

Muhammet Ykbalyñ baý dünýägaraýşyny bir makalanyñ çägine sygdyrmak mümkin däl, emma onuñ eserlerine has gowy düşünmek üçin Şeriatiniñ "Biz we Ykbal" eserini içgin öwrenmek gerek.
Şeriatiniñ sünni Ykbaly şolar ýaly goramagy öz jemgyýetinde gazaply tankyda uçrapdyr.
Şeriati bolsa Ykbalyñ nähili agramynyñ bardygyny şu sözler bilen beýan edipdir:
Isa ýaly kalbyñyz, Sokrat ýaly düşünjäñiz, Kaýsar ýaly-da goluñyz bolsun. Diñe bir ynsanda, beşer bolan jandarda belent ruhuñ özeni bolsun.
Ykbalyñ özi syýasy oýanyşyñ iñ ýokary mertebesine çykypdy.
Şeriatiniñ kitabynda beren iñ möhüm kesgitlemesi bolsa, Ykbalyñ gündogarly akyldar hökmünde progressiw adamlaryñ ählisine görüm-göreldelik bolşudyr.
Ykbalyñ musulman hökmünde XX asyryñ yslam jemgyýetindäki üstünligi şudur: Öz medeniýetiniñ iñ gowy gazananlaryny we täze medeniýetiñ gazananlaryny tanap, öz ynanan garaýşynyñ çygrynda, ýagny yslamyñ çäginde öz-özüni ýetişdirmegi.
Bu - Ykbalyñ iñ uly üstünligidir we biziñ ýigriminji asyr jemgyýetimizde beýgelmegiñ iñ gowy nusgasydyr. Men hiç wagt absolýut şahsdan söz açamok, simwoliki şahsyýet barada aýdýaryn.
Böleklenen yslam şahsyýeti, musulman şahsyýeti şahyrda XX asyrda täzeden bitewileşipdir. Özem bu täzelenme musulman progressiwler üçin başlangyçdyr.
Muhammet Ykbala Päkistanyñ Mehmet Akifidir diýsek ýalñyş bolmaz. Ol bir tarapdan iñlis kolonializmine garşy ähli uklap ýatanlary oýarypdyr, bir tarapdanam musulmanlaryñ özlerini gorap bilmekleri üçin garaşsyzlyk pikirini añlaryna guýan ilkinji päkistanly bolupdyr.
Aýratynam Anadolydaky türkleriñ iñ çylşyrymly wagtlarda-da dogduk ýurtlaryny gorap, göreşmekden birjigem çetde durmazlyklary Ykbala ýiti täsirini ýetiripdir.
Ol respublikanyñ düýbüni tutujy Atatürküñ haýrany, Möwlananyñam aşygydyr, emma Ykbal hiç kimde özüni ýok etmän saklapdyr, döwründen kän öñe giden şahyr 1938-nji ýylda ýagty jahan bilen hoşlaşypdyr.
Ali Şeriatiniñ sözi bilen aýdanymyzda Ykbal musulmanlar üçin çölüñ iñ gaý-tupanly pursatynda bir ýol çelgisidi.

Mehmet Mazlum ÇELIK.

celikmehmedmazlum@gmail.com

21.04.2021 ý.

* Bu makalada beýan edilen pikirler awtoryñ özüne degişli we Independent Türkçe saýtynyñ editorial ugruny kesgitlemän biler.

© The Independentturkish





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 56 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]