07:56
Garynjanyñ mesligi / basnýa
GARYNJANYÑ MESLIGI

Siñek maslygyna duşan garynja,
Ysyrganyp diýdi: - Ynha bir olja -

- Muny bärden alyp barsam dessine,
Garynjalar eñer meniñ üstüme.

Uzakly gün selpäp, tapaýsañ düwür,
Onuñam daşyndan bir giden gowur -

Diýip, gorky etdi biri görerden,
Garynja bosguny çozup gelerden.

Işdäsi açyldy, doýdy bir kemsiz,
Boluberdi şunda gaýgysyz-gamsyz.

Bireýýäm unutdy, ýoldaşlaryny,
Köneje hinini, deñ-duşlaryny.

Çola ýerde çenden aşa semredi,
Kämahallar ony-muny samrady.

Çem gelene agyz urup başlady,
Ýatan guşuñ aýagyndan dişledi.

Çalja torgaý birden tisginip gitdi,
Garynjany görüp, ýalmap-ýuwutdy.

Şeýdip pida boldy aşa meslige,
Ömrüni çalyşyp ýeke maslyga.

* * *

Aşa meslik başa bela getirer,
Päli peslik başyñ göge ýetirer.

Nurgeldi ÇAKANOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 203 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nurgeldi Çakanow | Рейтинг: 5.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Perwana / Goşgular - 11.02.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Owadan / Goşgular - 06.04.2021
Gyzyl alma berdi bir gyz / Goşgular - 10.01.2021
Ahmyr / Goşgular - 08.02.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Pursat / Goşgular - 08.03.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Durmuşyň keýpi / Goşgular - 04.06.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]