22:53
Garry öýüñ agysy
GARRY ÖÝÜŇ AGYSY

Garry öýün ýykyp garry bürgüdiň,
Gorkmadyňmy näletinden Gorkudyň.
Haýbatyndan Oguzyň?
Şumudy pendi atanyň,
Sarpasy içen owuzyň?!.

Garry öýüň gazypmydyň binýadyn,
Ýülmäpmidiň pürsüni?
Ýa bolmasa, ele alyp kerpijini,
Örüpmidiň hersini.
Daňdan turup, eýläpmidiň palçygyny.
Suwapmydyň suwagyny?..

Men saňa bir zat aýdaýyn,
Eý, ýegen oglan:
-Sen, haýp doglan.

Bilmediňmi, ýyksa ata binýadyn,
Her kes alar almytyn.
Ömri ömre meňzemez,
Ölmi ölme meňzemez.
Ownar zürýadyň,
Şodur perýadyň...

Garry öýün ýykyp garry bürgüdiň,
Gorkmadyňmy näletinden Gorkudyň,
Haýbatyndan Oguzyň?
Şumudy pendi atanyň,
Sarpasy içen owuzyň?!.

04.06.2016.





Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Ýetginjek / Goşgular - 15.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Pursadyň ýaňy / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]