08:43
Garly gijede
GARLY GIJEDE

Dünýä inip, özüm bilen günümden,
Aşykdyryn asmanyñ ak garyna.
Ýagty dünýä yşyk paýlap gözümden,
Özümçe düşündim yşk ahwalyna.

Arşdan ýere inýän gar tozgalary,
Serediñ, serediñ, meni synlaýar.
Kiçijik zatda-da çyndan begenýän
adamlaryñ göwni hergiz synmaýar.

Perişdeleñ nazary bar gijede,
Kalbymyñ taryna kakýar garlaram.
Wadaly ýere-de ýeterin, ýarym,
Men bu gijä aşyk boluo galmasam.

Gunça ÝOLDAŞOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Haweran | Теги: Gunça Ýoldaşowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
"Gar ýagar" / Goşgular - 08.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Magnit / Goşgular - 25.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]