08:11
Garlawaç
GARLAWAÇ

Göwrede mejal ýok,
Aýakda ysgyn.
Ştangaçyñ synasyna çalymdaş
Gollañ gujur gaýnan myşsalarynda
Çyrpynmansoñ gadymky deý damarym
Güýç lapykeçlikden gelende asgyn,
Gurapdy ýürege nem beren gaýrat.
Birmahal şirnigip söýlen ömürim
Garalşypdy gargyşsiñen daş kimin.
Wepasy bolmansoñ aşnalaryñ-da,
Iñ soñky dostumy kalbymda süýräp,
Ýörmekden iremsoñ ýüz dönderipdim.
Tüýküripdim göni bäbenegine
Ömrümi bihuda güýmän yşkymyñ...
Husyt hem-de pany dünýä köñlüme
mynasyp döwrany rowa görmänsoñ,
Namyrat öljegiñ gözleri ýaly
Haýallanda gözleñ agyp dönmesi
Ýalançy ýüzlerden,
Galat sözlerden,
Halysalla bizar-peteñi çykan
bilbiliñ ketegne öwrülen ruhuñ,
Golaýlanda Gökdepe deý synmasy.
Sen garlawaç bolup meniñ dünýäme
Sürünen adamhor Ebreheleriñ
Depesinden tepbet daşyn ýagdyryp
Peşmek deýin togarlañda ummana
Dirilerden öli,
Ölüden diri
çykaran Allanyñ gudraty deýin
Öçüşen ruhumda Gün bolup dogduñ;
Göwre mejallandy,
Damar çyrpyndy.
Gujurlandy barha gol-aýaklarym.
Täze söýgi indi hassa ýüregme
Arygy suwlandy ham-süýekleriñ.
Gülberim arkamda,
Tutulgy şaýym,
Ýene hyýallandym halasgärimiñ,
Dünýäsine birikdirip dünýämi
Gamyn iýmän ýogumyñ hem barymyñ
Intipis eýlemän harçlyk engamy
Şelaýyn dilleriñ
Aç nazarlaryñ
Ýetäýjek ýerinden has alyslara
Gorkudan,
ürküden ýat uluslara
Gaçyp gitmäge...

Has TÜRKMEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 243 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Наs Тürkmеn | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Redaktor bilen düýşdäki söhbet / Goşgular - 18.03.2021
Rubagylar / Goşgular - 06.04.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Ýeri, sen şol gyza meñzäýmelimi?! / Goşgular - 09.02.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
Araba / Goşgular - 29.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]