11:43
Garderob musulmanlygy
GARDEROB MUSULMANLYGY

Taliban ideologiýasy bilen DEVA partiýasynyñ başlygy nädip tapyşdy?
Diýmek, Owganystan biziñ konserwatiw syýasatçylarymyza eýýämden şolar ýaly derejede täsir edýän bolarly!
Näme diýjek bolýanymy soñuna saklap, käbir maglumatlary ýazmak isleýärin:
- Hezreti Muhammet (s.a.w) Medinä hijret edende Beni Nejjar taýpasynyñ gyzlary dep çalyp, aýdym aýdyp garşylamadymy?
- Hezreti Muhammet (s.a.w) Hezreti Äşäniñ (r.a) kömekçisi bolan gyzyñ toýuna medineli musulman aýdymçy gyz Zeýnebi ýollamadymy?
- Hezreti Muhammet (s.a.w) toýda dep çalyp aýdym aýdan Ümmü Nebite goşulşyp (aýdym aýtmadymy)?
- Hezreti Muhammet (s.a.w) Furaýa binti Muawwize toýlarda aýdym aýtmaga rugsat bermedimi?
- Hezreti Muhammet (s.a.w) aýaly Hezreti Äşe (r.a) bilen bile Mesjidi-Nebewide sudanlylaryñ naýza zyñyşma oýnuna tomaşa etmedimi? Bir baýram güni milli oýunlar bilen çykyş edýän hebeşi aýalyñ oýnuna tomaşa etmäge Hezreti Äşe (r.a) bilen bile gitmedimi?
- Hezreti Muhammet (s.a.w) öýünde "Buas güni" aýdymyny aýdan iki ýaş gyrnagyñ sesini kesmek islän Hezreti Ebu Bekire "degme" diýmedimi?
- Hezreti Muhammet (s.a.w) söýgüli şahyry Hasan ibn Sabitiñ (r.a) udu saz guraly bilen aýdym aýdýan gyrnagy Şirini diñlemedimi?
- Hezreti Muhammet (s.a.w) "nikany dep çalyp gutlañ" diýmedimi?
- Hezreti Muhammet (s.a.w) toýa gatnaşyp şatlanýan aýal-gyzlara "adamlaryñ iñ göze gelüwlisi siz" diýmedimi?
- Hezreti Muhammet (s.a.w) "wagtyny hoş geçirmäge meýilli ýaş gyzlara dogry düşüniñ" diýmedimi?

• HEZRETI ALYNYÑ TOÝY

Hezreti Aýşadan (r.a) rowaýat edildi:
" - Hezreti Omar (r.a) öýe girmek üçin rugsat soranda, bir gyrnak gyz aýdym aýdyp durdy. Gyrnak gyz onuñ aýak sesini eşdenden gaçdy. Hezreti Omar (r.a) içeri girende Hezreti Muhammet (s.a.w) gülümsiredi. Hezreti Omar (r.a):
- Eý Allanyñ ilçisi! - diýdi. - Seni beýle ýylgyrdan zat näme?
Hezreti Muhammet (s.a.w) jogap berdi:
- Ýañy gyrnak gyz bärde aýdym aýdyp durdy, señ gelýäniñi duýdy-da gaçdy.
Hezreti Omar (r.a):
- Allanyñ ilçisiniñ diñlän zadyny diñleýänçä menem şu taýdan gitmerin - diýdi.
Hezreti Muhammet (s.a.w) gyzy çagyrdy, gyz gaýtadan aýdym aýtmaga başlady...”
Diñe zenanlar, ýaş gyzlarmy...
Hezreti Muhammediñ (s.a.w) yslamyñ birinji azançysyna: "Eý Bilal, bize bir gazal okasana!" diýendigini nädip bilmezlige salýarsyñyz?
Enes ibn Mäligiñ (r.a) rowaýat etmegine görä, Hezreti Muhammet (s.a.w) syýahata çykanda ondan hudâ (kerwen aýdymy) aýtmagy towakga etmändirmi näme?
Hezreti Muhammediñ (s.a.w) huzurynda aýdym aýdan Amr ibn Ümeýýäniñ ady Öwlüýä Çelebiniñ "Syýahatnama" eserinde-de ady geçýär-ä? Ol Hezreti Aly bilen Hezreti Patmanyñ toýunda dep çalmadymy? Ähli dep çalýanlar ony öz pirleri hasap etmeýärmi näme?
Ýa-da Hindistanly Sewindik baba? Ýa bolmasa başgalary?
Jemläýin:

• ELBETDE GUWANJY ÝEKIRERLER

Gynansak-da...
Iñ buýr-bulaşyk meselelerden birem yslamyñ aýdym-saza bolan tutumydyr.
Ýüzlerçe ýyl bäri fakyhlar-fykh alymlary aýdym-saz diñlemegiñ (semanyñ) jaýyzdygynyñ ýa däldiginiñ üstünde jedelleşýär.
Kuranda aýdym-saz barada gadagan ediji-ýazgaryjy söz-jümle ýokka, bu meseläniñ nädip orta çykanyny anyklamak añsat däl.
Hezreti Muhammediñ (s.a.w) adyna aýdylýan şeýle bir sözler-kyssalar kän welin, meseläniñ içinden baş alyp çykar ýaly däl. Mysal üçin, Jabir ibn Abdylla (r.a) Hezreti Muhammediñ adyndan bir hadys aýtdy: "Iblis (Şeýtan) birinji bolup agy aýdymyny (we aýdym) aýdypdyr!" (Häzir ýurdumyzda şeýle bir köp Jabir bar!)
Kuran näme diýýär: "Diý: Allanyñ gullary üçin beren zynatlaryny we arassa rysklaryny kim haram etdi?” ("Araf" süresi, 30-njy aýat.)
Şübhesiz, buýr-bulaşyklyk döredilmeginiñem birnäçe sebäpleri bar.
Yslamdan öñ paganistik ynanjyñ agalyk edýän Arap ýarymadasynda goşgulardyr aýdymlar jemgyýetçilik medeniýetiniñ aýrylmaz bölegidi. Hezreti Muhammet (s.a.w) bu medeniýeti jemgyýetçilik göreşine utgaşdyrdy. Pagan festiwallary yslam tarapyndan oñlanyp täze röwüşlerde kabul edildi. Mysal üçin, paganistik haj aýdymlary "kanunylaşdyryldy" we muny aýdanda şahin (tüýdük) we deprek ýaly saz gurallaryny çalmagam "jaýyz" boldy. Netijede:
Hezreti Muhammet (s.a.w) aýdym-sazyñ nähili syrly güýjüniñ bardygyny gowy bilýärdi...
Aradan bir müñ dört ýüz ýyl geçdi.
2021-nji ýyl.
DEVA partiýasynyñ başlygy Aly Babajan 30-njy awgust Ýeñiş baýramynda Stambuldaky aýdym-sazly medeni çäre barada näme diýdi:
- Gözümizden gaçanok. Milli günlerimiz arkaly bu ýurduñ dindar raýatlaryna signal berilmegine ýol bermeris. Biz bular ýaly düşünjäniñ dişinde et goýmarys.
Birileri häzirem dini ynançlaryñ medeni kodlaryny ulanyp häkimiýete gelerin öýdýärmikä? Ykdysady krizisiñ sebäpkärlerinden biridigini ýatjak çykartjak bolýarmyka?
Galyberse-de, Babajan şeýle diýse, başgalary ýurdumyzyñ iñ gowy talantlaryndan Guwanç Dagüstüniñ konsertlerini linç edesi gelmezmi?

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 08.09.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Publisistika | Просмотров: 118 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 4.0/1
Publisistika bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 3
0
3 spesnazmen   [Mowzuga geç]
Waý ho gün habarlarda görkezip durdy, awtobuslaryň aýnalaryny aýyrypdyrlar hemmesiniňkini, nämemiş, erkekleriň aýallara gözi düşmeli dälmiş. Haý düşünjäňize

0
2 spesnazmen   [Mowzuga geç]
Talybanyň düşüniş şekli bilen dini ýöretjek bolsak onda hemme kişi öläymeli. Bu din bular ýaly sözde dinparazlara galsa aýallar hiç ýerini görkezmeli däl, erkekler hökman sakal goýbermeli, aýallar gaty gürlemeli däl, aýallar köçä çykmaly däl, okamaly däl işlemeli däl, ogrylyk edene ölüm, ýalňyş edene ölüm. Umuman bulary bir tarapdan Amerika gowy edipdir

0
1 Gökböri   [Mowzuga geç]
Babajan gümüne gitsin. Ýöne makalanyñ aýdym-saz barada ýöredýän pikirleri we berýän maglumatlary gyzykly. Bizde-de aýdym sazy haram hasaplajak bolup ýören mollasumaklar az däl. Siz näme diýýäñiz?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]