12:30
Garaşýan

GARAŞÝAN

"Söýgi isläp peýker gelse gohuma,
Ýüz bermerin garaşaryn ruhuña."
Baýram Akatow.

Gözleriñde keşbim söndi peýda boldy özgesi,
Giñ kanalda balyk bolup gadagandyr ýüzmesi,
Kyndyr maña janymdanam umyt taryn üzmesi,
Umytly men, öñküñ deýin güleriñe garaşýan.

Özge ary perwaz urýar ol eýjejik güllerde,
Indi adym tutulmaz meñ öñ ýañlanan dillerde,
Hatda gördüm özge goly ol näzejik billerde,
Ah, şonda-da gol uzadyp geleriñe garaşýan.

Garaşardym, garaşarnam mundan beýläk hemişe.
Indi hijem güýjüm ýokdur sen tarapa ýörüşe,
Asla teniñ gerekmez señ, golum barmaz şer işe,
Ruhlarmyz birleşse bo:r, ten ölerne garaşýan.

* * *

Melul eden ol bendiwan ýylgyrşyñ,
Görmek üçin hiç hatardan gaýtmandym.
Emma, gelip şol jadyly keşbiñi,
Görenimde, gynanaryn öýtmändim.

Ahmet ARAZOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 83 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 2.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Şowhunly söýgini halamaýaryn / Goşgular - 02.03.2021
Sen saz çaldyñ / Goşgular - 08.02.2021
Bu-da saña / Goşgular - 16.02.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Pursat / Goşgular - 08.03.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Всего комментариев: 6
0
6 Allanazar   [Mowzuga geç]
Gözlerinde başga keşp peýda bolan bolsa, elinde, bilinde başga el bar bolsa garasmanyňdan gowsy ýok bolaýmasa...

0
5 mango   [Mowzuga geç]
Giñ kanalda balyk bolup gadagandyr ýüzmesi,

Gadaganlyklar balyklarada baryp ýetdimi?
Öňe ýüzmek - gadagan.
Yza gitmek - gadagan.
Çeňňege düşüp halas bolaýmasaň, başga ýolam ýok ýaly…

0
4 Aksary   [Mowzuga geç]
Giñ kanalda balyk bolup gadagandyr ýüzmesi,
Kyndyr maña janymdanam umyt taryn üzmesi,

gyz kanal oglanam balyk. Suw bolmasada balyk ýaşap bilenok,ol suwam indi gadagan edilen bolsa balyk ölmeli bolýa,ýöne ölesi gelenok.

Gowy bolupdyr şu iki setir Ahmet aga üstünlik!

0
3 Atayew   [Mowzuga geç]
Ideýasyna men düşündim, bu dünýede aýra düşdüm, o dünýede ruhumyzyň bile bolaryna garaşýan diýýär.

0
2 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Menem goşgynyň ideasyna düşünmedim. Aydylýak bolunýan pikir, her bir detal mazmuna baglanyşykly bolsa ýagşy. Awtoryň öňki goşgylaryny gyzygyp okaýardym.

0
1 Atayew   [Mowzuga geç]
Ahmet, birinji bentdäki Giñ kanalda balyk bolup gadagandyr ýüzmesi diýen setiri näme üçin getirdiň? Kanaly, balygy, gadaganlygy nämä meňzetmek islediň? Şoňa düşünmedim?
Ikinji bendiň 1 we 3 setirlerinde ol sözi gaýtalanýar. Ikinji setirde meň diýen söz bar. Üçünji bendiň üçünji setirinde seň sözüni getiripsiň. Şo sözleriň dördüsinem bogun sanyny doldurmak üçin ulanypsyň. Goşgyny artykmaç sözlerden-ä däl, her bir artykmaç harpdan (sesden) halas etmeli. Meniň bu sananlarym esasan tehniki näsazlyklar. Goşgyň many-mazmuny barada hem jedel edere zat kän. Meselem, üçümji bendiň soňky iki setiri. Şer iş, ruhuň birleşmegi ýaly düşünjelere okyjy hökmünde men nähili düşünjegimi bilmedim.
Bular meniň şahsy pikirlerim. Öz pikirimi ýaşyrman, açyk aýdanym üçin aýyplaşma!
Üstünlik!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]