22:07
Garaşsyzlykda galkynan zehin
GARAŞSYZLYKDA GALKYNAN ZEHIN / syn

Tatar Üýşmekow - Garaşsyzlyk döwründe galkynan zehin. Ol togsanynjy ýyllaryñ başlarynda goşgularydyr makalalary bilen metbugatda çykyş edip başlady. Özem şu geçen wagtyñ içinde "Türkmen bedewi", 'Türkmen öýi", "Serdaryñ saýasynda" ýaly makalalar ýygyndylaryny, "Hazar hany" dokumental kyssa eserini, "Atbaýrak" romanyny, "Jelaleddin Kawkazda" poema-(roman)yny aýratyn kitap görnüşinde neşir etdirdi.
Elbetde, ýazyjynyñ tüweleý ýaly bolup, edebiýata gelmeginiñ, özüni ykrar etdirmeginiñ özüne ýeterlik sebäpleri bar: olaryñ birinjisi - tebigy zehin, ikinjisi - baý durmuş tejribesi. Ýakynda ýetmiş ýaşyny dolduran ýazyjynyñ eserleri bilen tanyş bolanyñda-da, şol alamatlary saýgarmak kyn däl.
Türkmen halkynyñ, Türkmenistan döwletimiziñ Garaşsyzlygyna, baky Bitaraplygyna, döwletimiziñ ýöredýän ynsanperwer syýasatyna, durmuşa geçirilýän beýik işlere bolan guwanç, buýsanç duýgularynyñ onuñ eserleriniñ süññüne siñmegi, özem ol duýgulary haýsydyr bir howaýy sözleriñ üsti bilen däl-de, eýsem, gyzgyn ýürek, örän çynlakaýlyk hem-de degerli delilleriñ üsti bilen beýan etmegi ýakymly täsir galdyrýar.
Ýazyjyny tolgundyrýan meseleriñ ýaýrawy giñ: Watana, Ene topraga, tebigata, ýaşaýşyñ, durmuşyñ özeni bolan zähmete söýgi, türkmençilik, ar-namys, ata-babalarymyzyñ ýol-ýörelgesi, türkmen bedewiniñ, halysynyñ ykbaly, halkymyzyñ pajygaly taryhy, 37-niñ tutha-tutlugy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda we ondan soñky görlen görgüler, halkymyzyñ görkezen merdanalygy, armanly, gussaly ykballar, ylym-bilim, sungat, döredilik dünýäsi...
Tatar Üýşmekow näme hakda ýazsa-da, ýokdan bar etjek bolup azara galmaýar, diñe ýazmaly zady - Durmuş Hakykatyny ýazýar. Şu ýagdaý we halk dilini gowy bilmegi, dil baýlyklaryndan başarnykly peýdalanmagy ýazyjynyñ eserleriniñ gymmatyny has hem artdyrýar.
Men Garaşsyzlygymyzyñ gadyrdany hökmünde özüni tanadan galamdaşym - Tatar Üýşmekowa berk jan saglyk, uzak ömür, Täze zamany wasp edýän täze-täze eserler bilen okyjylary yzygiderli begendirmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

1999 ý.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy,
Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyñ eýesi, Türkmenistanyñ il ýaşulysy.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 226 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]