18:14
4. Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýaty
(Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar)

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz: «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleriniň häzirki zaman dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserlerini türkmen dilinde okap bilmegini, şeýle hem parasatly pähimdar-larymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligi bilen dünýä halkalarynyň öz ene dilinde tanyşmagyny ýola goýmagymyz bilen bilelikde, bu gün bizden Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatyny döretmegi hem döwür talap edýär.» - diýip örän jaýdar belleýär. Çünki, her döwrüň taryhy zamanasy şol döwrüň edebiýatyny äşgär edýär . Garaşsyzlygymyzyň Bagtyýarlyk döwrüniň hem örän baý mazmunly edebiýatynyň dörändigini «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky sanynda çap edilen ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly, «Garagum» žurnalynyň 2014-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynda neşir edilen «Ak zat alnyňa ýagşy» atly, «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynda çap edilen «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly, ýene-de «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky sanynda neşir edilen «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» , «Garagum» žurnalynyň 2016-njy ýylyň noýabr aýyndaky 11-nji sanynda çap edilen «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly, «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynda neşir edilen «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makalalaryň esasynda anyk-aýdyň göz ýetirmeklik bolýar.
Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynda-da Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatyndaky edebi özgerişiň dowam edip, häzirki zaman türkmen şygryýetiniň şahyrana pikir we çeper mazmun taýdan kämilleşmegi netijesinde Ykdysady lirikada we «Aklyk» pelsepewi lirikasynda döredilen şygyrlaryň sany has-da köpeldi. Bu şygyrlar milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylan uly ykdysady öňegidişlikleriň, ýetilen beýik sepgitleriň çeper şygryýetde täze bir hil derejesine eýe bolan temany we ideýa-mazmuny döredenligini mälim etdi. Şeýle-de, bu liriki eserler ata Watanymyz Türkmenistana bazar düzgünini kem-kemden we tapgyrlaýyn ornaşdyrmaklykda esaslandyrylan iki sany täze zamanany – ozalky Beýik Galkynyş eýýamyny hem-de häzirki Bagtyýarlyk döwrüni yglan eden we şu döwürlerdäki ýurdumyzyň uly ykdysady-syýasy ösüşlerini amala aşyran hormatly Prezidentimize bolan çäksiz hoşallygyň häzirki zaman türkmen şygryýetiniň esasy ideýa aýratynlygyny kesgitleýänligini görkezdi. Bulardan başga-da, Ykdysady lirikada we «Aklyk» pelsepewi lirikasynda döredilen goşgular Beýik Arkadagly ajaýyp zamanamyzyň çeper şygryýetinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize, hormatly Prezidentimize, günsaýyn ösüp özgerýän Watanymyza guwanç-buýsançdan kalby doly täze bir liriki gahrymanyň orta çykanlygyny aýan edýär.
Mertebesi belent hornatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn, ýagny döwürleýin usulda geçmeklikde esaslandyran iki sany ajaýyp döwrüniň edebiýatynda «Aklyk» pelsepewi lirikasy ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ähli babatdaky ösüşleriniň ruhy-ahlak esaslary hem-de ony ilerlediji beýik mukaddeslik nyşany hökmünde teswirlenýär. Munuň özi Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen şygryýetinde diňe bir täzelik bolman, eýsem uly bir öňegidişlikdir we çeperçilik hildir.
Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlyk zamanasynda bazar ykdysadyýetine usullaýyn döwürleýin geçmeklikde hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyrylan üçünji döwür – häzirki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri ýurdumyza uly ösüşleri getiren we mundan bu ýanky gazanyljak ägirt uly sepgitleriň binýadyny goýan ajaýyp bir taryhy döwür bolup durýar. Şol sebäpli hem bu döwrüň milli ykdysadyýetiniň ösüşini, çeper edebiýatyny ylmy esaslarda özleşdirmekligiň we öwrenmekligiň, edebiýaty öwreniş ylmyna-da, ykdysadyýeti öwreniş ylmyna-da önjeýli goşant goşjaklygy öz-özünden düşnüklidir.

Toýly Jänädow

Çeşme:
1. Toýly Jänädow. «Şahyryň ünsi ykdysady özgertmeleriň jümmüşinde» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2011-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky sanynynyň 2-nji sahypasy.
2. Toýly Jänädow. «Neneň ýürek joşmasyn» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2012-nji ýylyň mart aýyndaky 3-nji sanynynyň 99 – 101-nji sahypalary, şeýle hem bu žurnalyň maý aýyndaky 5-nji sanynyň 47 – 49-njy sahypalary.
3. Toýly Jänädow. «Berkarar döwletimiziň şygryýeti» atly makala. «Türkmen dili» gazetiniň 2012-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky sanynyň 4-nji sahypasy.
4. Toýly Jänädow. «Ykdysadyýet we şygyr» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2013-nji ýylyň iýun aýyndaky sanynyň 39 – 42-nji sahypalary.
5. Toýly Jänädow. «Ykbalyny söze baglan» atly makala. «Zenan kalby» žurnalynyň 2013-nji ýylyň awgust aýyndaky 8-nji sanynyň 9-njy sahypasy.
6. Toýly Jänädow. «Arkadagymyzyň «ak ýol» pelsepesi» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2013-nji ýylyň 20-njy awgustyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
7. Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky sanynyň 5-nji sahypasy.
Toýly Jänädow. «Ak zat alnyňa ýagşy» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2014-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň 119 – 122-nji sahypalary
8. Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2015-njy ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy.
9. Toýly Jänädow. «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
10. Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2016-nji ýylyň noýabr aýyndaky 11-njy sanynyň 125 – 128-nji sahypalary
11. Toýly Jänädow. «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 38 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]