18:13
3. Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýaty


(Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar)

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly ajaýyp kitabynyň VI tomunda ylmy nukdaýnazardan türkmen halkynyň Garaşsyzlyk döwrüni, täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyny düýpli öwrenmegiň zerurdygyny, häzirkizaman türkmen edebiýatyny giňden wagyz etmekligiň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýandygyny aýratyn belläp geçýär. Milli Liderimiziň bu parasatly taglymy bolsa, ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn geçmeklikde esaslandyrylan ikinji döwrüň – täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň ykdysady galkynyşlarynyň çeper şygryýetdäki beýanyny öwrenmeklige hyjuw döretdi.
Ata Watanymyz Türkmenistanda mertebesi belent hormatly Prezidentimiz tarapyndan döwlet Garaşsyzlygymyzyň milli ösüş ýoluna laýyklykda bazar gatnaşyklaryna kem-kemden we tapgyrlaýyn geçmeklikde esaslandyrylan Beýik Galkynyş eýýamyndaky ägirt uly ykdysady ösüşler häzirki zaman türkmen edebiýatynyň mowzuk we pikir, şeýle hem çeper mazmun taýdan özgerişine, kämilleşişine täsir etdi. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň Beýik Galkynyş eýýamynda ýeten belent sepgitlerinden, bu döwürde gazanan üstünliklerinden söz açýan liriki eserler dogrusynda «Nebit-gaz» gazetiniň 2011-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky sanynda neşir edilen «Şahyryň ünsi ykdysady özgertmeleriň jümmüşinde» atly makalada, «Garagum» žurnalynyň 2012-nji ýylyň mart aýyndaky 3-nji sanynda hem-de maý aýyndaky 5-nji sanynda çap edilen «Neneň ýürek joşmasyn» atly makalada, «Türkmen dili» gazetiniň 2012-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky sanynda neşir edilen edilen «Berkarar döwletimiziň şygryýeti» atly makalada, «Garagum» žurnalynyň 2013-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynda çap edilen «Ykdysadyýet we şygyr» atly makalada, «Zenan kalby» žurnalynyň 2013-nji ýylyň awgust aýyndaky 8-nji sanynda neşir edilen «Ykbalyny söze baglan» atly makalada, «Nebit-gaz» gazetiniň 2013-nji ýylyň 20-njy awgustyndaky sanynda çap edilen «Arkadagymyzyň «ak ýol» pelsepesi» atly makalada has giňişleýin beýan edilýär.
Garaşsyzlygymyzyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynda ykdysady lirikada döredilen goşgular has giň gerime eýe boldy. Çünki, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary, öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda günübirin bolup geçýän taryhy wakalar, berkarar döwletimiziň ykdysady galkynyşlaryndaky batly gadamlar, henize çenli görlüp-eşidilmedik özgerişlikler we öňegidişlikler Garaşsyzlygymyzyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynyň publisistika žanrynyň ganatyny örän giňden germegine uly mümkinçilikler döretdi. Bu žanr bu döwürde milli Liderimiziň alyp barýan ykdysady syýasatyny, amala aşyrýan ägirt uly işlerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady galkynyşlaryny täsirli görnüşde teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň okyjylar köpçüligine ýetirýän serişdä öwrüldi. Hut şu nukdaýnazaryň özi, çeper şygryýetiň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýnasyna öwrülendigini aýan edýär. Şeýlelik bilen, häzirki zaman türkmen şygryýetindäki ykdysady lirika publisistik eserleriniň mazmunyny çuňlaşdyrdy we çeperçiligini ýokarlandyrdy. Syýasy lirikada parahatçylyk, halklaryň dostlugy temalarynda, söýgi lirikasynda Watana, ata-enä, söwer ýara, perzende, dost-dogana söýgi temalarynda goşgularyň bolşy ýaly, täze dörän ykdysady lirakanyň hem tematiki örüsi giňäp, nebit-gaz pudagyndaky, oba hojalygyndaky, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky, energetika pudagyndaky, milli syýahatçylyk ulgamyndaky, gurluşyk we binagärlik pudagyndaky, söwda we hyzmatlar ulgamyndaky özgertmelere bagyşlanan şygyrlar döredildi.
Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynda Ykdysady lirikadan başga-da täze tema peýda boldy. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eýýamynyň ýüzüni şöhlelendirip, döwrüň beýik filosofiýasyny çeper özleşdirmek arkaly şygryýete täze bir temany getirdi. Ol tema – beýik Arkadagymyzyň beýik ideologiýasy bilen baglanyşykly «aklyk» pelsepesidir. Filologiýa ylymlarynyň doktory Öde Abdyllaýew «Edebiýat nazaryýeti» atly kitabynda liriki eserleriň tematik taýdan pelsepewi lirika mowzugyna-da bölünýändigini beýan edýär . Munuň özi bolsa, Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň türkmen şygryýetinde tema täzeçilligi hökmünde dörän «Aklyk» pelsepesini ylmy nazaryýet taýdan liriki eserleriň pelsepewi lirika mowzugyna goşmaga esas döredýär. Diýmek, Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýatynda liriki eserleriň iki sany uly temasy – «Ykdysady lirika» bilen ««Aklyk» pelsepewi lirikasy» öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň bu ajaýyp döwrüň edebiýatyna getiren «Aklyk» pelsepewi lirikasy zamananyň şahyr nesli üçin jöwhermaýa gönezligi boldy. Çünki, munuň özi döwrümiziň şahyr halky üçin özboluşly bir tema täzeçilligidir.

Toýly Jänädow

Çeşme:
1. Toýly Jänädow. «Şahyryň ünsi ykdysady özgertmeleriň jümmüşinde» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2011-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky sanynynyň 2-nji sahypasy.
2. Toýly Jänädow. «Neneň ýürek joşmasyn» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2012-nji ýylyň mart aýyndaky 3-nji sanynynyň 99 – 101-nji sahypalary, şeýle hem bu žurnalyň maý aýyndaky 5-nji sanynyň 47 – 49-njy sahypalary.
3. Toýly Jänädow. «Berkarar döwletimiziň şygryýeti» atly makala. «Türkmen dili» gazetiniň 2012-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky sanynyň 4-nji sahypasy.
4. Toýly Jänädow. «Ykdysadyýet we şygyr» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2013-nji ýylyň iýun aýyndaky sanynyň 39 – 42-nji sahypalary.
5. Toýly Jänädow. «Ykbalyny söze baglan» atly makala. «Zenan kalby» žurnalynyň 2013-nji ýylyň awgust aýyndaky 8-nji sanynyň 9-njy sahypasy.
6. Toýly Jänädow. «Arkadagymyzyň «ak ýol» pelsepesi» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2013-nji ýylyň 20-njy awgustyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
7. Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky sanynyň 5-nji sahypasy.
Toýly Jänädow. «Ak zat alnyňa ýagşy» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2014-nji ýylyň iýun aýyndaky 6-njy sanynyň 119 – 122-nji sahypalary
8. Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2015-njy ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy.
9. Toýly Jänädow. «Şygryýetimiziň aklyk pelsepesi» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky sanynyň 2-nji sahypasy.
10. Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2016-nji ýylyň noýabr aýyndaky 11-njy sanynyň 125 – 128-nji sahypalary
11. Toýly Jänädow. «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.




Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 48 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]