18:13
2. Garaşsyzlygyň Berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty


(Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar)

Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda gazanan durmuş-ykdysady ösüşleriniň çeper beýany bolan liriki eserler toplumyny häzirki zaman türkmen edebiýatynda «Garaşsyzlygyň Berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty» diýip atlandyrmak mümkin. Bu hili atlandyryş milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir» atly kitabyndaky: «Biz häzir döwletimiziň berkarar bolmak döwrüni, tapgyryny üstünlikli geçdik. Häzir bolsa ony ösüşiň ýokary derejelerine götermek üçin Beýik Galkynyş eýýamyny yglan etdik.» - diýen parasatly taglymyna esaslanýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlygymyzyň berkarar bolmak döwri 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan 2007-nji ýylyň 11-nji fewralyna çenli bolan döwri öz içine alýar. Garaşsyzlygymyzyň berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty bolsa, ýurdumyzyň 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabryndan 2007-nji ýylyň 11-nji fewralyna çenli bolan döwürde gazanan durmuş-ykdysady ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini şahyrana dilde örän çeper beýan edýär.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda – 1992-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Halk maslahaty tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni-syýasy taýdan düýpgöter özgertmeklik maksady bilen «Müň gün» («Üç ýyllyk») hem-de «On ýyl abadançylyk» maksatnamalary kabul edildi. Bu maksatnamanyň esasynda ýurdumyzyň özboluşly milli ösüş ýoluny saýlap almaklygy şahyrlarymyzyň ylham atyny ganatlandyrdy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ýylgaý Durdyýewiň «Maksatnama» atly poemasynyň:
«On ýyl abadanlyk», «Milli galkynyş»,
Üç ýyl maksatnama bitewi göwre.
Ganatlan ýüregim, bu-da bir açyş,
Uly ösüş hemra Garaşsyz döwre - diýen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň «Müň gün» atly publisistik poemasynyň:
Barýar!
Sap-sap bolup barýar meniň Müň Günüm,
Her birisi aýa, ýyla deň günüm!...

Müň Günüm!...
Alnyňda adalat täji,
Goluňda, biliňde millionlaň güýji.
Seniň her Sagadyň,
Seniň her Biriň
Binaçysy şu günüň hem ertiriň! - diýen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň «Garaşsyzlygyň müň güni» atly şygrynyň:
Bu müň günüň her biri,
Her sagady, minudy.
Ýüreklerde oýardy,
Ynanç bilen umydy.

Bu müň günüň her biri,
Egne alyp ýyllary.
Göwünleri giňeldip,
Süýjeltdi dilleri.

Garaşsyzlyk!
Ne beýle
Ýakymly sen, süýji sen.
Göwnümiziň ganaty,
Göwrämiziň güýji sen.

Buýsanç bilen pasyrda,
Parla ýaşyl baýdagym.
Müň ýyllara uzalsyn,
Seniň ýaşyň baýdagym! - diýen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň «Goldaýan «Müň günlük» maksatnamany» atly goşgusynyň:
Garaşsyz döwletiň raýaty men,
Goldaýan «Müň günlük» maksatnamany.
Durmuşa geçiris, güýç-kuwwat bilen,
Gijeler-gündizler aýaman jany - diýen, şahyr Näzik Annatyýewanyň «Ýaşyl tuguň tolkuny» atly goşgusynyň:
Syýasatyň «On ýyl abadançylyk» –
Durmuşa ornaşýar, berýär miwesin.
Kyn günlerde seniň alnyň açylyp,
Galkyndyrýar adamlaryň höwesin - diýen, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowanyň «Ýurdum abadanmydyr?...» atly liriki waspnamasynyň:
On ýyl abadançylyk.
Üç ýyl maksatnamamyz.
Halk, Watan, Milli Döwlet –
Sygdy – beýik namamyz... - diýen, şahyr Süleýman Ilamanowyň «Baldam zyýada» atly goşgysynyň:
«On ýyl abadanlyk» maksatnamasy,
Eşretiň sakasy, ýürek nagmasy,
Watanyň şöhraty, ary-namysy,
Tylla-zerden, ýüpek şaldan zyýada - diýen şahyrana setirlerinde Garaşsyzlygymyzyň berkarar bolmak döwründe ýurdumyzda alnyp barylan milli ykdysady özgertmeler maksatnamasy baradaky taryhy hakykat örän çeper beýan edilýär.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda «On ýyl abadançylyk» maksatnamasyny durmuşa geçirmekligiň çäklerinde, dört ýylyň içinde, ýagny 1992 – 1996-njy ýyllarda «Tejen – Sarahs – Maşat» demir ýoly gurlup ulanylmaga berildi. Bu demir ýol barada Hudaýguly Gurbanow:
Üç polat ýol sepleşer,
Tejen – Sarahs – Maşat
Dogan-dogana duşar,
Tejen – Sarahs – Maşat

Dikeldip ýüpek ýoly,
Duşurar barça ili,
Dost-doganlyk simwoly,
Tejen – Sarahs – Maşat

Mizemez polat deýin,
Eýran-türkmen bir göwün,
Gutly bolsun ýol toýuň,
Tejen – Sarahs – Maşat - diýen şahyrana setirleri özünde jemleýän «Tejen – Sarahs – Maşat» atly şygryny döretdi. «Tejen – Sarahs – Maşat» demir ýoly barada ýazylan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Sona Ýazowanyň aýdyma öwrülen «Mahmal ýoly» atly goşgusy bolsa halk köpçüliginiň kalbyna ebedilik ornaşan ajaýyp sungat eseri boldy. Ýeri gelende aýtsak, bu liriki eserler häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi hökmünde peýda bolan «Ykdysady lirikanyň» Garaşsyzlygymyzyň berkarar bolmak döwrüniň edebiýatynda dörändigini aýan edýär.
Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi hökmünde täze dörän «Ykdysady lirika» bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny, amala aşyrýan ägirt uly işlerini, durmuş-ykdysady galkynyşlaryny täsirli görnüşde teswirleýän, şol bir wagtyň özünde-de giň okyjylar köpçüligine ýetirýän serişdedir.

Toýly Jänädow

Çeşme:
1. Toýly Jänädow. «Şahyryň ünsi ykdysady özgertmeleriň jümmüşinde» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2011-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky sanynynyň 2-nji sahypasy.
2. Toýly Jänädow. «Neneň ýürek joşmasyn» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2012-nji ýylyň mart aýyndaky 3-nji sanynynyň 99 – 101-nji sahypalary, şeýle hem bu žurnalyň maý aýyndaky 5-nji sanynyň 47 – 49-njy sahypalary.
3. Toýly Jänädow. «Berkarar döwletimiziň şygryýeti» atly makala. «Türkmen dili» gazetiniň 2012-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky sanynyň 4-nji sahypasy.
4. Toýly Jänädow. «Ykdysadyýet we şygyr» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2013-nji ýylyň iýun aýyndaky sanynyň 39 – 42-nji sahypalary.
5. Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky sanynyň 5-nji sahypasy.
6. Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2015-njy ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy.
7. Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2016-nji ýylyň noýabr aýyndaky 11-njy sanynyň 125 – 128-nji sahypalary
8. Toýly Jänädow. «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.




Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 177 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]