18:13
1. Garaşsyzlyk edebiýaty – ruhy galkynşyň binýady
(Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanýar)

Ata Watanymyz Türkmenistanyň soňky 30 ýylda – Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly ösüşleri, henize çenli görlüp-eşdilmedik beýik galkynyşlary häzirki zaman türkmen edebiýatynyň şygyr dilinde örän çeper beýan edilýär. Çünki, ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda şular ýaly eýýamlaýyn öwrülişik bolanynda, durmuş hakykatlaryny dogruçyl beýan etmeklikde edebiýatda kyssa bilen deňeşdirilende şygyr has köpräk döredilýär. Diýmek, şygryýetde gündelik wakalara şahyrana seslenmeler öz wagtynda çeper beýanyny tapýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmen şygryýeti Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli ykdysady-syýasy özgertmeler bilen aýakdaş gidip, durmuş bilen deň-derejede ösmäge başlady. Netijede bolsa, häzirki zaman türkmen şygryýetinde henize çenli görlüp eşidilmedik milli ruhy galkynyş, täzeçillige baý düýpli şahyrana öwrülişik peýda bolup, şonuň esasynda-da täze döwrebap temalar döredi. Şol döwrebap temalaryň iň naýbaşysy bolsa, ýurdumyzyň ykdysadyýetine guwanmak, buýsanmak temasy bolup durýar. Bu temanyň häzirki zamanyň türkmen edebiýatynda döremeginiň özi bir syýasy hadysadyr. Hut şu nukdaýnazardanam, okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän goşgulary «Syýasy lirika» diýip häsiýetlendirýärler. Ýöne, bu babatda belli edebiýatçymyz Rahman Rejebowyň «Liriki mazmun we şygyr sungaty» atly kitabyndaky: «Umuman, alanyňda syýasy däl lirika ýok. Lirika, tutuşlygyna, onuň ähli žanrlary syýasy hadysadyr. Ol tutuşlygyna durmuşy tendensiýaly, belli estetik idealyň nukdaýnazaryndan beýan edýär we düşündirýär. Şuňa görä-de bu ýerde «Syýasy lirika» termini şertli alynýar.» – diýen ylmy garaýşyny ünsden düşürmeli däldiris. Çünki, bu ýerde halypa alymymyzyň lirikanyň ähli görnüşlerine syýasylygyň mahsusdygy, şonuň üçin-de «Syýasy lirika» terminiň şertli alynýandygy barada öňe sürýän pikirleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini wasp edýän şahyrana eserleriň häzirki zaman türkmen edebiýatynda syýasy lirikanyň täze bir ykdysady temasyny däl-de, eýsem, «Syýasy lirikidan» düýpgöter aýratynlykda täze bir «Ykdysady lirikany» döredenligini aýan edýär. Ýeri gelende aýtsak, ykdysady lirika liriki žanryň ylmy esaslarynyň talaplaryny hem doly ödeýär. Filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetguly Amansähedowyň «Edebiýat teoriýasy» atly kitabyndaky: «Lirika ynsanyň öz içki dünýäsini: şatlygyny-gaýgysyny, söýgüsini-ýigrenjini, gülküsini-agysyny lükgesi bilen ynanýan syrdaşydyr. Lirika ynsanyň şatlygyna şatlanyp, söýgüsine söýgi, gülküsine gülki goşýan, gaýgysyny paýlaşýan, agysyna aglaşýan gudratdyr.» - diýen ylmy nazaryýetine görä, islendik liriki eser belli bir liriki tema degişli boljak bolsa, şol temadaky şygyrlar adamyň içki dünýäsinde püre-pürlenen duýgusyndan syzlyp çykan şatlygynam-gaýgysanam, begenjinem-gynanjynam beýan etmeli. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Garaşsyzlygyň bahasyna ýetilmesiz gymmatyny halkymyza düşündirip ýazan «Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň» atly goşgusynyň:
«Günümiz kyn haçan düzeler» diýip
Mydam söz açmany halaýarsyň sen,
«Oglan aglar, tudana wagtynda bişer»,
Ortarak günüňden nalaýarsyň sen,
Howlukma, gardaş sen, gaty howlukma,
Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň.

Garaşsyzlyk alan günüň ertesi,
Bada-bat bal aksynmy, her gapydan.
Seniňçe, sanlyja aý-gün geçmänkä,
Süri inmelimi, ýaýrap ýapydan,
Howlukma, gardaş sen, gaty howlukma,
Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň.

«Zähmet» sözün ýörmeli biz gaýtalap,
Päk zähmetde ähli zadyň açary,
Eşretli, döwletli bolar bigüman,
Şony dost tutunan her bir içeri,
Kim kän işläp, az diňlese «myş-myşy»,
Bagty çüwer, ýagar iliň alkyşy.

Ýüzüňe syl milli türkmen manadyň,
Öňde entek onuň hümmet, höziri,
Ynsabyň öňünde hasabat berseň,
Rysgyň artdyr baý ýurdumyň huzury,
Rysgal-döwlet gelmez gybatdan-gepden,
Ony agtar, gowsy ynsap, edepden.

Känräk zähmet çek, ýöne howlukma,
Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň,
Ynanýan baý ýurda döner Diýarym,
Bilýän «Dura-baradyr türkmen goşy»... - diýen şahyrana setirlerinde ýurdumyzyň mundan 30 ýyl ozalky – döwlet berkararlygyna eýe bolan ilkinji günlerindäki halk hojalyk durmuşy, türkmen raýatlarynyň şol döwürdäki ykdysady ýagdaýy beýan edilýär. Ýöne, Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinde «Müň gün» maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti örän tiz galkynyp başlady. Milli ruhdaky bu ykdysady galkynyşy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew özüniň «Müň gün» atly publisistik poemasynyň:
Hereketli, Bereketli Müň Günüm,
Tebähetli, Sagadatly Müň Günüm,
Daýanyşyp, bir-birine utgaşyp,
Biri beýlekisine gujur-bat goşup,
Dört milýon kalp bolup, joş urup barýar!
Ýerasty derýalaň çekip jylawyn,
Ýerüsti desgalaň ýakyp alawyn,
Dek düýnüň özünde düýbi tutulan,
Fabriklerde pamyk egirip berýär,
Diýarymyň alys-ýakyn çetine,
Hem ilimiň goňşy ýurt-döwletine,
Akdaş menzil çekip, demir ýol gurýar!
Türkmen topragynyň mähir-ýylysyn,
Allaň beren baýlygynyň ulusyn,
Turba salyp, gazyn-mawy ýangyjyn,
Çekip barýar yklymlardan yklyma,
Ýaponiýa ýetmeli oň bir ujy, –
Öň şeýle zat sygarmydy aklyňa! - diýen setirlerinde örän çeper beýan edýär. Diýmek, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň «Garaşsyzlyk akabasy gowluklaň» atly şygry bilen Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýewiň «Müň gün» atly publisistik poemasy liriki esere degişli ähli aýratynlyklary özünde jemleýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, häzirki zaman türkmen edebiýatynda «Ykdysady lirika» atly täze tema döredi diýip arkaýyn aýdyp bileris. Belli edebiýatçy alymymyz Rahman Rejebow geçen asyrda liriki eserleri tematikasy boýunça «Syýasy lirika», «Zähmet lirikasy», «Söýgi lirikasy» diýen üç sany iri mowzuga böldi . Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen şygryýetinde dördünji bir iri temanyň – «Ykdysady lirikanyň» döremekligi hem tötänden däldir. Çünki, bu temanyň liriki eserlerde döremekligi ýurdumyzyň halk hojalygynda mundan 30 ýyl ozal – döwlet berkararlygymyza eýe bolan ilkinji günlerimizde bazar ykdysadyýetine geçmeklikde saýlanylyp alnan ugur bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bazar ykdysadyýetine geçýän ýurtda bolsa ykdysady galkynyşlar giň gerim bilen günsaýyn rowaçlanýar. Durmuşy, daşky dünýäsi ykdysady öwrülişik bilen bagly bolup, ykdysady galkynyşdan galkynan şahyrlaryň döredijiligi, elbetde şol ykdysady özgertmelerden üzňe bolup bilmez. Çünki, Jora Allakowyň «Edebiýat ylmyna giriş» atly okuw gollanmasynda beýan edilişi ýaly, lirikada daşky dünýäniň hadysalarynyň, wakalarynyň, şahyrda döreden joşgunly duýgulary suratlandyrylýar . Hut şu nukdaýnazardan hem, ykdysady galkynyşlary joşgunly beýan edýän goşgular, elbetde liriki eser, onda-da ykdysady lirika degişli liriki eser hasaplanýar.
Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynda biziň ýurdumyzyň bazar ykdysady gatnaşyklaryna döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden bäri kem-kemden we tapgyrlaýyn ýagny, döwürleýin usulda geçýändigi barada beýan edilýär . Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn geçmekligiň üçünji tapgyry – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri dowam edýär. Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir» atly kitabyndaky: «Biz häzir döwletimiziň berkarar bolmak döwrüni, tapgyryny üstünlikli geçdik. Häzir bolsa ony ösüşiň ýokary derejelerine götermek üçin Beýik Galkynyş eýýamyny yglan etdik.» - diýen parasatly taglymy biziň ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine kem-kemden we tapgyrlaýyn ýagny, döwürleýin usulda geçmekligiň birinji döwrüniň berkarar bolmak döwri, ikinji döwrüniň bolsa Beýik Galkynyş eýýamy diýlip atlandyrylandygyny mese-mälim aýan edýär.
Ata Watanymyz Türkmenistanda bazar ykdysady gatnaşyklaryna geçmeklikde saýlanylyp alnan ugur Garaşsyzlyk zamanasynyň edebiýatyny öz içinde:
1. Garaşsyzlygyň Berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty
2. Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýaty
3. Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýaty – diýen üç döwre bölmeklige mümkinçilik berdi.
Diýmek, türkmen edebiýatynyň «Gadymy türkmen edebiýaty», «Orta asyrlar türkmen edebiýaty», «XVIII asyr türkmen edebiýaty», «XIX asyr türkmen edebiýaty», «XX asyr türkmen edebiýaty», «Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen edebiýaty» diýip döwürlere bölünişi ýaly, Garaşsyzlyk zamanasynyň türkmen edebiýatyny hem öz içinde üç döwre – «Garaşsyzlygyň berkarar bolmak döwrüniň edebiýaty», «Garaşsyzlygyň Beýik Galkynyş eýýamynyň edebiýaty», «Garaşsyzlygyň Bagtyýarlyk döwrüniň edebiýaty» diýen döwürlere bölmeklik bolýar. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryna ýuwaş-ýuwaşdan we döwürleýin geçmeklikde esaslandyrylan şu üç döwrüň öz öňünde goýan belent maksatlarynyň bolsa, Garaşsyzlygymyzyň berkararlyk binýadyny berkitmeklikde, ykdysady kuwwatyny artdyrmaklykda diýseň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu döwürleriň her haýsynyň «ykdysady lirikada» ýazylan liriki eserleri hem aýan edýär.

Toýly Jänädow

Çeşme:
1. Toýly Jänädow. «Şahyryň ünsi ykdysady özgertmeleriň jümmüşinde» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2011-nji ýylyň 6-njy dekabryndaky sanynynyň 2-nji sahypasy.
2. Toýly Jänädow. «Neneň ýürek joşmasyn» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2012-nji ýylyň mart aýyndaky 3-nji sanynynyň 99 – 101-nji sahypalary, şeýle hem bu žurnalyň maý aýyndaky 5-nji sanynyň 47 – 49-njy sahypalary.
3. Toýly Jänädow. «Berkarar döwletimiziň şygryýeti» atly makala. «Türkmen dili» gazetiniň 2012-nji ýylyň 31-nji oktýabryndaky sanynyň 4-nji sahypasy.
4. Toýly Jänädow. «Ykdysadyýet we şygyr» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2013-nji ýylyň iýun aýyndaky sanynyň 39 – 42-nji sahypalary.
5. Toýly Jänädow. ««Galkynyşdan» galkynan şygryýet» atly makala. «Nebit-gaz» gazetiniň 2014-nji ýylyň 18-nji fewralyndaky sanynyň 5-nji sahypasy.
6. Toýly Jänädow. «Arkadagly zamana – belent ylham ynsana» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2015-njy ýylyň 13-nji noýabryndaky sanynyň 6-njy sahypasy.
7. Toýly Jänädow. «Häzirki zaman türkmen edebiýatynda tema täzeçilligi» atly makala. «Garagum» žurnalynyň 2016-nji ýylyň noýabr aýyndaky 11-njy sanynyň 125 – 128-nji sahypalary
8. Toýly Jänädow. «Türkmen ýoly – ylham gory» atly makala. «Edebiýat we sungat» gazetiniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabryndaky sanynyň 3-nji sahypasy.




Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 280 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 3
-1
2 edebiyatteswiri   [Материал]
hawa. Bu makalalary Garaşsyzlyga bagyşladym. Meniň Magtymguly, Ýunus Emre, Nesimi, Hoja Ahmet Ýasawy barada-da makalalarym bar. Bu makalalary hem goýjak.

0
3 Hаwеrаn   [Материал]
Köp minnetdar bolardyk agam, hemme makalalaryñyzy paýlaşyñ.

0
1 Tumarly   [Материал]
Çeşme görkezýän edebiyatlaryň hem öz makalelerinmi?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]