19:24
Garantga
GARANTGA

Ýañy uka giden çagy illeriñ,
Başlandy hysyrdy, öñde iş uly:
Sarap-çytyp bir-birine agajy,
Özünden artany - köne-küşüli,
Geýdirdi,
Tap-taýyn garantgasyny,
Buýsanç bilen, emaý bilen ýaşuly
Dikdi orruk ortarasy mellegiñ.
Gullugyñ möhleti eññerä çenli
Başlandy ilkinji güni gullugyñ.
Gije garantgasyn garawullady,
Garantga ekini garawullady.
Gerk-gäbe gawun iýjek şagallar
Gorkup,
oña garaý-garaý uwlady.

Gündiz garantgadan heder etmedik
Guşlar saýasynda saýaladylar.
Garantga eýesiniñ was-was başyny
Uzak ýyllap ýelden-uzdan goraglan
Telpegine gonup,
...zaýaladylar.
Görüp göz alnynda bihaýa işi,
Garantga eýesi daşlady guşy.
Başyndan jüp aýlap atdy sapany,
Günortan düýşüni alýan mahaly
Çagalaryñ eli kesek tutany
Daşlady garantgañ gaba başyny,
Agaç el-aýagyn,
agaç döşüni.
Ukusy bozuldy,
sögündi biçen,
Kesekläp kowlady "bezzat goşuny".
Gorady,
geçirdi ol uzak günün,
Garantgany - gije höwür, hemdemin.

Gije garantgasyn garawullady,
Garantga ekini garawullady.
Garantgañ başyny yrady şemal,
Garantgañ goluny galgap şuwlady.
Gündiz oba gelip bilenok şagal,
Gije gorkup,
garap,
gargap uwlady.

Аmаnmуrаt ВUGАÝЕW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Haweran | Теги: Аmanmyrat Bugaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tebil / goşgular / Goşgular - 09.02.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Küýseg / Goşgular - 03.03.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Zenan ýüregi / Goşgular - 06.03.2021
Gojalyk / Goşgular - 03.04.2021
Perzent / Goşgular - 20.03.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]