14:07
Garajaoglan ikimiz hem ajal
GARAJA OGLAN IKIMIZ HEM AJAL

"Bar, git, Ajal, birzamanlar gelersiñ"
Garaja OGLAN

Gelmänler geçäýseñ nädersiñ, Ajal,
Şahyr kowansoñam gelip bilermiñ?!
Sen islän ömrüñi gädersiñ, Ajal,
Heý, şahyr ömrüni çilip bilermiñ?!

Garry-ýaşy añtan, Ajal,
Doýman-dolman kañkap, Ajal,
Garaja Oglana dalaş ederçe,
Aşypmydy añkañ, Ajal?!

Garaja Oglanyñ halalja sözi,
Şol melul edip dur asyr aşyryp,
Gözellerden doýmaz garaja sözi,
Indi mende, gyzlañ aklyn çaşyryp.

Bir töwra şahyram, senden ürkmenem,
Biraz añyrrakda segre, gez, Ajal.
Menem bir garaja ogly Türkmeniñ,
Gowsy ikimize degme sen, Ajal.

Bäşim ÖDEK.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 56 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bäşim Ödek | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ömür menzili / Goşgular - 15.03.2021
Ejeme / Goşgular - 03.02.2021
Halturaçy we okyjy / Goşgular - 05.04.2021
Bagtyñ nyşany / Goşgular - 16.03.2021
Dostuma / Goşgular - 01.06.2021
Ümsümlik we sen / Goşgular - 10.04.2021
Söýgi perisiniñ haty / Goşgular - 09.02.2021
Özüňi açmak / Goşgular - 23.02.2021
Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]