03:07
Garagum
GARAGUM

Diýýän sözlerime gulak goý, gardaş,
Suw meniň gamymdyr, topragym – tenim.
Garagumuň reňkine çalymdaş,
Meniň güne ýanan goňras bedenim.

Ýedi gat toprakdan nem syzyp ýatan,
Sazagyň köküdirr meniň damarym.
Seň gara synaňa gül ýazyp ýatan,
Bol suwly derýamdyr altyn kemerim.

Çopan ody ýaly közürgär durar,
Maňa meşgeş beren gara gözleriň.
Hernä meňzesem-de, seniň howaň dek,
Guraksy bolmasyn diýýän sözlerim.

Tebigatyň ýaly ketjak häsiýeti
Bilmedim, neneňsi rowa görüpsiň?!
Sen näme berseň-de, beren zadyňy,
Ene süýdi bilen garyp beripsiň.

1976.





Категория: Goşgular | Просмотров: 573 | Добавил: Нawеran | Теги: Ýylgaý Durdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
Акварель / Goşgular - 21.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022
Мерцающий свет / Goşgular - 22.02.2022
Нарушение гармонии / Goşgular - 16.02.2022
К портрету Лермонтова / Goşgular - 18.01.2022
Iň mähriban adam / Goşgular - 12.01.2022
Беатриче / Goşgular - 24.01.2022
Şemala / Goşgular - 18.01.2022
Tapylmaýan zat / Goşgular - 29.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]