01:28
Gara we ak
GARA WE AK
(@ mangonyň käbir pikirlerinden soň...)

Garaňky jaýa girdi
gara gözli
gara saçly
garaýagyz gyzjagaz

hemme ýer garaňky
bar zat garalanan
Ýeke akja yşyk bardy
garagözelek gyzyň
garalmadyk kalbynda.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 137 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýetginjek / Goşgular - 15.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
"Ýyllar geçse, agraslansam..." / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 9
0
9 Mähriban   [Материал]
Hawa, dogry aýdýaňyz, @ Gözellik_ doganym, Mango doganymyza we saýtdaky ähli doganlarymyza näçe alkyş aýtsagam azdyr! Siziň bardygyňyz bizi bagtyýar edýär. Ömrüňiz uzak bolsun!

0
8 Gozellik_   [Материал]
Mangonyň bellikleri saňa edebiýatda öz ýoluňy goýmana ugrukdyryjy bolupdyr. Goşgy gysga hemem täsirli. Şeýle dowam et. Üstünlik!

0
7 mango   [Материал]
18-nji asyryň ýapon şahyr-hanymy Fikuda Tiýo şeý diýýo:
Только их крики слышны...
Белые цапли невидимы
Утром на свежем снегу.


soň menem täsirlenip, şeý diýen bolupdym:
diňe olaryň sesi gelýär...
gara pişikler görünenok
garaňky gijede, köçede


ine-de Suraý iň gowusyny aýtdy.
berekella.

0
6 Taryhçy   [Материал]
Gije tümlükde pişigiñ gøzi ýanýar lowurdap.
Şony ýatlatdy.
Berekella!

2
5 Mähriban   [Материал]
Taňryýalkasyn!

1
4 Bagabat   [Материал]
Gowy bolupdyr.

1
3 Bilbil   [Материал]
Goşgularyň juda gowy.
Esasy zadam täzeçilligini, fantaziýasynyň has ösenligini, mydama gözlegdeligňi, irginsiz zähmetsöýerligiňi has gowy görýän.
Üstünlik Suraý!

1
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Šahyrlar käler çaga ÿaly, sözler olaryñ oÿunjagy. Šygyr sungatyñ hem gözel ÿeriniñ biri sözlereiñ oÿny, tansy. Suraÿ bu gošguda gara sözüni tans etdirmäge synanšypdyr, Gurbannazaryñ gar bilen gara gargalary oÿnadyšy ÿaly, ÿa-da Nazym Hekmetiñ dag bilen dalgalary tans etdiriši ÿaly.

1
1 Gumlygelin   [Материал]
Şol ýekeje yşykda gör, nämeler bar....

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]