05:41
Gara pişigiň gözleri
GARA PIŞIGIŇ GÖZLERI

Gülleň içinde otyryn
Çopantelpek...
Çigildemler...
Meni bolsa bendi kylýar
Gara pişigiň gözleri..

Teneçirler
kekeneler
daş töwerek
gyzyleteneler.

Duman
Umman
Umuman
hemme zat gowy.

Ýöne...
Ýöne garaňky däl
gara pişigiň gözleri.

♢ ŞEMAL GIJESI

Şemal gijesi.
Bir dert apalanar,
ýok bolar biri.
Bir kerwen hatam bar
Gören barmy ezizi?!
Dünýe bir düýpsüz guýy,
tümmüşmi dünýäň düýbi?!
Men - ýyldyzlaň kenizi.
Göresim gelýär ezizi.
Şemal gijesi.
Şuwlaýar...
Huwwalaýar...
Gije şemaly.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 157 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Doglan günüñde / Goşgular - 06.03.2021
"Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan / Goşgular - 16.03.2021
Aşyklar deresi / Goşgular - 08.02.2021
“Meň bagtymy gören çilim otlasyn...” / Goşgular - 28.03.2021
Dost / Goşgular - 25.03.2021
Diýýärler / Goşgular - 30.05.2021
"Ýat itiñ guýrugy..." / Goşgular - 15.02.2021
Sorag alamaty / Goşgular - 22.02.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021



Всего комментариев: 8
-7
8 Mähriban   [Материал]
Seslenendigiňiz üçin köp Taňryýalkasyn! Tumarly uýam, Size aýratyn sag boluň! Dil bilýän, dil öwrenýän ynsanlara hormatymyz has belent, has çuň. Baýgeldi, goşgulara ýazýan teswirleriňiz üçin sag boluň! Iň gyzykly ýerem Sizden gowy goşgulara garaşýas. Seýit Nesimide şeýle dürdäne sözler bar: "Arabi farisi bilmem, dile minnet eylemem". Biziň maksadymyz: minnet däl, edebiýat, haýyr işe, dogry ýola, ýagşylyga, gowulyga, gözellige.... çagyrmak. Goý, teswirler diller bilen baýlaşsyn! Dil öwrenýän, dil bilýän edebiýatsöýüjilerimiziň sany hasam köpelsin!

2
5 mango   [Материал]
"Gülleň içinde çopantelpekleriň, çigildemleriň arasynda otyrkaň ...bir gara pişigiň gözüne bendi boluşyň" gyzykly.
hemem bu gezek suraý hanym, adwokat bolupsyň. :-)
her kimiň ýigrenýän gara pişigine hossar çykdyň.

Ýöne...
Ýöne garaňky däl
gara pişigiň gözleri.
---

Şemal gijesi.
şemal bolan gije, şemally gije, gijeki şemal..... - düşnükli welin "şemal gijesi" - ????, düşnüklem welin....

Şemal gijesi.
Bir dert apalanar,
ýok bolar biri.

apalamak - halamak, aýawly garamak, goramak.... bolýan bolsa.... bir dert söýülip-goralar, başga bir dert ýok bolar.... hmmm... birini halamak, özüňe çekmek, beýlekini ýok etmek, özüňden itmek....

Bir kerwen hatam bar
Gören barmy ezizi?!

has haladym şu setiri.... Eziz (Aziz) - Allahyň bir ady....
(şeýle pikir edesim geldi) Eziz Allahym, bir kerwen hatam bilen geldim.....
bet, boýun alyş....

Dünýe bir düýpsüz guýy,
tümmüşmi dünýäň düýbi?!

tümmüş - düşünmedim.
ýa "tüm eken dünýäň düýbi" diýildigimi?
tüm(eken)miş - tüm-müş - tümmüş ????

Suraý hanym.
ullakan berekella.
üstünlikler.
haýda, dowam et, ýazylýarka :-)

2
3 Edebiyatcy   [Материал]
Duman,
Umman,
Umuman....
Gowy

2
2 Aksary   [Материал]
Türkmen edebiýaty saýtynda türkmençe ýazaýynla, hudaýa şükür, biziñ dilimiziñ beýleki dillerden baýlygy kän bolmasa az dälä. goşgy barada-da aýtmaly: ikisem gowy.

Bendi kylýan gara pişigiñ gözleri, ýöne ol gözler garañky däl.
Gowy. Jemlemesem kebşirlenipdir. ömrüñ bolsun.

-3
4 Tumarly   [Материал]
Benimle ne işin? Istedigim dilde yazarım.

4
6 Aksary   [Материал]
Türk dilini bilýäniñize sözüm ýok, bir zatjyklar terjime etseñ okyjyñ-a bolardym, tañryýalkasyn alardyñ köplerden, kimdir birine häsiýetnama ýazanyñdan, kimdir birini tanaman iliñ öñünde aýyplamakdan gow-a bolardy, galanam öz pikiriñ.

-2
7 Tumarly   [Материал]
Do your job, like a responsible woman!

-4
1 Tumarly   [Материал]
Bu Suray yine 10 luktan vurdu. Aferin. Iki şiiri de sevdim

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]