11:02
"Gar ýagar"
"GAR ÝAGAR"

Howa maglumaty "Gar ýagar" diýýär.
Gar ýagjagyn habar berýär öñünden.
Emma ol habary eşden ynsanlañ,
Neneñ duýgulary dörär göwnünde?!
Belki ilkinji gar ýatladar yşgy,
Belki-de şahyra ýazdyrar goşgy,
Ol kimleriň armanlarny gorjalar,
Kimler bolsa ökünerler içinden,
Kimleriň hem ýañaklary şorjarar...

Hawa, gar ýagjakmyş, ol ýagjak garlar,
Kän ýürekleñ duşmagyna bahana.
(Gyşda-da söýmeklik, duşmaklyk mümkin,
Garaşmak gerek däl hökman bahara)

Myş-myş-a ynanyp garaşýan gara,
Emma duşmaklyk däl, daşlaşmak üçin.
Biziñ ikimizi duşuran gyşda,
Sen bilen ömürlik hoşlaşmak üçin.

Ýüregimem seni unutmak islap,
"Unut, ykbal ondan ar alar" diýýär.
Garaş, seni unutmagma az galdy,
Howa maglumaty "gar ýagar" diýýär.

Aýsapar EMELOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 63 | Добавил: Revo | Теги: Aýsapar Emelowa | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Зависть / Goşgular - 24.01.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
Гадание / Goşgular - 20.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
"Seni göresim gelýär..." / Goşgular - 05.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Mahremlik   [Материал]
Örän gowy minnetdar

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]