03:08
Gar bolasym gelýär
GAR BOLASYM GELÝÄR

(Şahyr Ybraýym Badahşanyň "Gar" goşgusyndan täsirlenip)

Gar bolasym gelýär
Mähirli,
Baharly gar bolasym gelýär
hem säherli,
hem obaly-şäherli
DOLMUŞ AKJA GAR
Ýere gaçan ýyldyza meňzeş
ýok, maňa meňzeş,
sorap ýagmaýan
sodalap,
sadalap ýagýan
bir akýagyz gar.

Käşgä-käşgä petde-petde gar bolsam
Bagtyň maňlaýna urulýan
ak gar bolsam
hatda düýşde görülse-de,
ýagşylyga ýorulýan,
huşda hütürdedip-hütürdedip
depesinden ýörelýän.
Ah, adamlar mähriban gar bolsady,
Ak garlar mähriban adam bolsady
Ne hezil bordy!!!

gar bolsa
ýar bolsa
jazam hökman däl
bir türkmençe saz bolsa
az bolmasa
kän bolsa
söýdügim Watanym bolsa...
ýene-de kän, kän, kän....

... Gyş-a bolasym gelmeýär,
ýüzi gülüp duran
mähirlije
süýjüje
gar bolasym gelýär . . .
toýlarda seçilýän
ak süýji ýaly.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 202 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Iki ýylyñ sepgidinde / Goşgular - 04.01.2022
Meni saklap bilermiň sen? / Goşgular - 15.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Офицерские жены / Goşgular - 11.01.2022
Ykbalyma / Goşgular - 08.01.2022
Seniň üstüňde / Goşgular - 12.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 15
0
15 Bagabat   [Материал]
@Aeppol hanymyň özi:

0
14 Bagabat   [Материал]
@Aeppol hanymyň esasy personažy bolan "Tokaý gyzjagazy" üçin prototipi:

0
12 Bagabat   [Материал]
Elbetde: "на вкус и цвет товарища нет" diýilýä. Ýöne, göwnüme bolmasa, şeýle çeper installýasiýa taýýarlanylanda bu şygyrlara hem-de suratlara klassiki ýeňiljek sazlar has laýyk geläýjek ýaly. Mysal üçin, özüniň ýeňiljek, nurana gussasy bilen Bethoweniň "Aý sonatasy" ýa-da Ştrausyň walsy. Sebäbi beýle setirler bilen suratlara Ramştaýnyň sazlary ýa-da aýdymlary ýa-da Wagneriň "Nibelungyň ýüzügi"-niň sazlarynyň şap bolmajagy ýa-da psihodeliki rok sazlarynyň ýa-da kantri-pop ýa-da rep hip-hop sazlarydyr sanawaçlarynyň olary bezemejekdigi öz-özünden düşnüklimikä diýýän.

0
11 Bagabat   [Материал]
Meň şahsy pikirimçe (kesek zyňmaga taýynlanyp çemelenjekler üçin, şuň ýaly bellik girizmeseň, hökman bir zatjyk oklap galýalar :-)), inetiň üsti bilen şü @Aeppol hanym bilen habarlaşyp, Suraý jigimiziň goşgularynam iňlisçä terjime edip, şu suratlar bilen goşgulary sepläp, installýasiýa taýýarlamaly. Gowy sazam bolsa, kämil sungat üçlügi jem bolýa: SÖZ - ÖWÜŞGIN - HEŇ. Onam labyzly okaýyşda, saz bilen utgaşdyryp, gysgajyk rolik taýýarlanylsa, öz tomaşaçasynam, diňleýjisinem taparmyka diýýän.
Geň zady, @Aeppol hanymyň suratlary tematiki taýdan Suraý jigimiziň şygyrlary bilen örän gabat gelýär.

0
13 Bagabat   [Материал]
Instagramda şu link bar ekeni: 애뽈 (@_aeppol). ... 깊은 숲속에서 살아가는 한 소녀의 이야기를 통해, 자연이 주는 위안과 행복을 그립니
Özem goşgy ýazýan ekeni. Instagramdaky sahypasynda 245 müň podpisçigi bar diýip ýazylypdyr.

Bu-da @Aeppol hanymyň goşgulary:

Вдруг за окном

Это из-за настроения?
Сегодня пейзаж за окном исключительно свежий.
Даже выше ветвей, где нежные почки,
И за долиной, намного выше вершины горы,
Он окрашен в свежий синий цвет.⠀
Весна, когда я собиралась прийти к тебе,
Ты вдруг оказалась за моим окном.

Маяк.

Это может быть трудная дорога.
Темное небо, наполненное облаками.
Это может быть внезапная молния или дождь.,
Волны, которые не смогли победить бушующий ветер
Кажется, что они поглотят маленькую лодку.
Это может быть страшным.

В то же время, даже с такого расстояния.
Маяк достаточно ярок, чтобы сразу его увидеть,
Я хочу быть собой
В любой сложной ситуации
Освети свой путь.
Красным маяком, который может подбодрить.

Посмотреть полностью: https://www.spletnik.ru/blogs....-aeppol

0
10 Bagabat   [Материал]
Bu suratlaň hemmesi: @Aeppol diýen nik bilen surat çekip, suratlaryny inetde goýýan koreý nakgaş zenanynyň eserleri.

0
9 Raýdaş   [Материал]
Biriniň üstüne çozmalymyş diýseler beýtmäňä. Ynsap dine ýarpy diýýär, ýigidi öldürseňem hakyny iýme diýýän ýeri hem bar. Biziň millet hatda gündogar halky şeýle umuman. Emotional. Orta ýoly tapmagymyz kyn. Nol gradusda gatnaşyk saklamagy oňaramzok. Biri bilen hökman ýa dost bolmaly ýa ters (duşman sözüni ulanmaga ýetişen terbiýäm rugsat berenok). Birini ýa gowy görmeli ýa ýigrenmeli, ortasy ýok....

Goşgy barada aýtsam, şahyr hernäçe "jaz hökman däl" diýse-de şu goşguny jazyň heňine goşsaňyzam, şanson žanryna salsaňyzam örän şirin aýdym çykardy...

0
8 Sergezzan   [Материал]
Tumarly, sen Suray bolasyň gelse, kim sen bolasy gelsin? )
goşgyny okamadym, gaty gorme awtor!

0
7 Mähriban   [Материал]
Tumarly uýam, Mango dogan, Ybraýym halypa, goldanyňyz we goldaýandygyňyz üçin köp sag boluň! Alla ýalkasyn! Ýazanjalarymyz bilen bilip we bilmän okyjylaryň göwnünde zerre kine, güman, arman...döreden bolsak, ötünç soraýarys. Razy boluň! Biz hiç kimdiris, bolubilsek, bu ýolda bir tozandyrys, ýogsam olam däldiris. Sag-aman boluň!

0
6 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Bu goşgyny dañ bilen okadym. Her günem diýen ÿaly Suraý janyñ goşgularyna garaşýan. Hezil edip ýene okadym. Şonda şu aşakdaky setirleri ýazdym!

Gyşyñ ilkinji gary

Söýýän salymlamyñ biri,
Dañ bilen oýanyp gözüm açamda
görsem ilkinji gary.

Agaryp ýatandyr gapdalymda park
çatmalar, agaçlar, jaýlar, ternawlar,
Üýtgedendir reñkin giñ penjirämiñ,
ak eşigni geÿen tallar, kerkawlar.

Söýýän salymlamyñ ýene-de biri,
ilkinji garly dañda
gözüm sowup ak doñdan,
seredemde seniñ süýji ukyña,
Asuda keşbiñ,
Howurly barmakdan tenime süýnýän päkize yşkyñ
bozanda dünýäniñ galanja baryn.

Ybrahym B. 01-12-2021

0
5 mango   [Материал]
gar bolsa
ýar bolsa
jazam hökman däl

"jaz" diýen ýerini "ýaz" diýip okapdyryn başda....
"ýaz hökman däl, onsuz oňaryn, gar bolsada oňaryn, ýar bolsa bolýar" - diýen ýaly...
ýar ýanymdaka gar nämejik? :-)
---
... Gyş-a bolasym gelmeýär,
ýüzi gülüp duran
mähirlije
süýjüje
gar bolasym gelýär . . .

suraý hanym seniň bolasyň gelýän gar bolmagyň üçin, birileri gyş bolmaly....
üstünlikler!

0
4 Tumarly   [Материал]
Ömrüñ uzak bolsun. Şeýle goşgularyñ höwri köp bolsun.

0
3 Tumarly   [Материал]
Akýagyz gar :)

0
2 Tumarly   [Материал]
"Ah, adamlar mähriban gar bolsady,
Ak garlar mähriban adam bolsady
Ne hezil bordy!!!"

Nähili ajap. Bulary okap garyñ sowuklygyny unudýañ.

0
1 Tumarly   [Материал]
Ak gar bolasym gelýär.
Meñem Suraý bolasym gelýär!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]