20:42
Gar
GAR

Ümsüm,
Kelemenläp,
pagta ýaly gar,
Kütläp ýetdi köçeleriň kükregne,
Içip gijäň gaýmak ýaly ýagtysyn,
Ýagyp dur şäheriň yssy topragna.

Aýagmyň astynda kitirdäp köçe,
Ýürek körügine düşelýär közler.
Beýnime gar ýagýar,
Aýazly başym,
Oýumda ýöreýär köp aýagyzlar.

Barýaryn menzilsiz,
Gözlerim duman,
Ruhumda ýaňlanýar düşnüksiz mukam,
Maksat nire,
Ugur haýsy, belli däl?
Barýaryn ynsandan Hudaýa bakan!?

Dyzyma güýç berýän söýgi yssysy,
Ýogsadagy götäriňden gyş agyr,
Birje gezek seň mähriňe çoýunsam,
Gyş ýaza dönerdi,
Ýagta:rdy ugur.

Onsoň ruhumdaky çalynýan mukam,
Birigip seň aşygana labzyňa,
Bozup ümsümligin garry köçeleň,
Garylardy seň ummasyz deňziňe.

Birje gezek seň mähriňe çoýunsam,
Duýgulamy otly güneş çoÿardy,
Birje gezek owazyňda gark bolsam,
Günälerme nurly ýagmyr ýagardy.

Aýagmyň astynda kitirdäp ak gar,
Gelýärin men saňa ömrümde ýekäm,
Ýoly gönükdirlen maksadym sensiň,
Barýaryn,
Ynsandan Hudaýa bakan.

2002 Ybrahym B.





Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 4.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Watan hakda aýdymym / Goşgular - 07.02.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Adam / Goşgular - 21.03.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Diýebilmediklerim / Goşgular - 02.06.2021
Dünýä / Goşgular - 24.02.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021



Всего комментариев: 11
0
11 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Men häzir iş bilen ÿola barÿaryn, yene 2 hepden yzyma gelÿän. Görünmeýär diÿip aýyplaşmaweriñ. Gelemde täze paýlaşylan zatlaryñyzy hezil edip okaryn.

0
10 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Maña göwünlik berip, döredijigimi goldaýanyñyz üçin köp-köp minnetdae. Pegas "Ýagta:rdy" sözi ("Ýagtylardy") şo wagt sözüme giripdir, soñ üýtgedip durmadym. Grammatiki taÿdan nädogry bolmagy hem mümkin, ÿöne gošguda gowy oturypdyr. Suraÿ jan ÿagşy dilegiñ üçin sagja bol!

0
9 sabyrly   [Материал]
"Birje gezek owazyňda gark bolsam,
Günälerme nurly ýagmyr ýagardy."

Käşgä şeýle owazy eşidip bilsek!

Galamyňyz ýiti bolsun, Ybraýym aga!

0
8 Mähriban   [Материал]
Goşgynyň ýazylanyna 20 ýyl çemesi wagt geçipdir. Ýöne edil şu gün ýazylan ýaly... Ybraýym aga, ýene 20 asyrdanam goşgularyňyz hut şo gün ýazylan ýaly bolsun, ylaýym!

0
7 Pegas   [Материал]
"Ýagta:rdy" diýmek "Ýagtylardy" diýmekmikä?

0
6 Garayolly1936   [Материал]
Ybrayym Badahşanynyñ liriki gahrymany ene topragyñ aklyk fonuna colanyp, dogrysy, kalp kapasasyny ak garyñ päk nuryna doldurup, bimenzil ruhy yoluñ kultemini yazyp baryar. Ynsanyyet dunyasiniñ garamatly hem melamatly aleminden sogurlup, yalñyz paklik jahanynyñ merkezine ymtylyar. Liriki gahryman ozundaki ( baardygyna ynanyar) yazyklaryñ akja garyñ gurbany boljagyna ynanyar we Ylñyz Biribarly ruhy-magnawy menzile yetişmegiñ ynamly umydy bilen jismany ymtylyşy ruhy ymtylyşa owurmage çalyşÿar. Gowy hem-de täsin goşgy.

0
5 mango   [Материал]
Aýagmyň astynda kitirdäp ak gar,
Gelýärin men saňa ömrümde ýekäm,
Ýoly gönükdirlen maksadym sensiň,
Barýaryn,
Ynsandan Hudaýa bakan.

Şu “ýekäm” sözi ýeke-tägim manysyndamyka ýa-da “ýekän” diýiljek boldumyka “ýekän-ýeke özüm”?
Meniň pikirimçe nähilem bolsa Ýeke bilen Hudaýyň arasynda gyzykly baglanyşyk bolupdyr.
Ybraýym däde, “garyňyza” minnetdar.
Häzir aşgabatda ýagyş sepeleýär.

0
4 Hyýalkeş   [Материал]
Bäherdende gar ýagýar diýdimi biri?! Gorkuzmaweriñ. Bärik bir gelmäwersin!

0
3 mango   [Материал]
Onsoň ruhumdaky çalynýan mukam,
Birigip seň aşygana labzyňa,
Bozup ümsümligin garry köçeleň,
Garylardy seň ummasyz deňziňe.

“garry” sözüni ulanyşyňyza haýran bolup begenýän (hoşuma gidýär).
Watan goşgyňyzda-da “garry” beýnime ýazylypdy (watandan setirler):
—-
Europaly garry kempir,

Akar ýaly süýşüp barýar garry köçe,
—-
Garry - ýewropa üçinem, onuň şäherleri üçinem, köçeleri üçinem, belki-de ynsanlary üçinem gelişip duran söz.

1
2 Haweran   [Материал]
Ylaýta-da:
"Barýaryn menzilsiz,
Gözlerim duman,
Ruhumda ýaňlanýar düşnüksiz mukam,
Maksat nire,
Ugur haýsy, belli däl?
Barýaryn ynsandan Hudaýa bakan!?"

bendiñiz ýiti täsir etdi.
Herkese şeýle söýgi nesip etsin!
Ruhdaky çalynýan mukama tans edýän gar tozgajyklarynyñ lebleriñ arasyndan bugjaryp çykýan aşygana labyzda eräp gidişi... ummasyz deñiz, uzaýan ýollar-soñsuzlyk, ýakymly arzuwlar...
Bular nähili gowy!..

1
1 Haweran   [Материал]
Ybraýym aga, ýüregiñiz ata watanyñ howasy bilen dem alýar öýdýän. Gar ýagyp duranyny (Garrygala-Bäherden etraplarynda) syzdyñyzmy näme...
Ýa Gollandiýada-da dek häzir gar ýagýamy?
Gowy goşgy ü.n sag boluñ.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]