17:57
Gapylar
GAPYLAR



Bu otuz alty gapy suratynyň düşürilen ýeri Morokkanyň Rabat şäheri. Biri-birinden owadan gapylar. Saýlamak kyn. Ýeke-ýeke kakyp göreli, aňyrsyndan kimler çykjak?

Birinji gapydan ses çykmady.
Ikinjiden ses eşdildi, emma açmadylar.
Üçünjide «Kim sen?» diýip soradylar. Adymy aýtdym. Derrew gapyny zynjyr bilen bagladylar.
Dördünjide «Birahat etmäň!» diýip azgyrdylar.
Bäşinjide «Öýde adam ýok» diýdiler.
Altynjy gapyny kakamda ýedinji gapy açyldy: «Olar göçdüler» diýdi. Onuň özem bugün-erte göçmelidi, Ezraýyl habar gatypdyr.
Sekizinji öz-özünden açyldy, emma içerisi boşdy.
Dokuzynjyny açan ýüzüme bir salym bakdy-da, başyny ýaýkap ýapdy gapyny.
Onunjy gapy açyldy, ýöne parol sorady. Özüniňkilerden başgasyny salmaýamyşlar içerik.
On birinjide golumdan tutup, içerik çekdiler. Şeýtana meňzetdim. Haýal etmän gaçdym.
On ikinjide «Ýarylyp öläýme, bardym ine» diýen ses eşdildi, emma, garaşsamam gelen bolmady.
On üçünjiler bilen on dördünjiler on bäşinjilerde oturan ekenler. Düýn ýaslary bu gün bolsa toýlary bar eken. Öleniň yzyndan doga etdim. Durmuş dowam edýär. Aýak üstünden toýlaryny gutladym.
On altyda aýal çaga dogurýardy. Sesine çydap bilmedim.
On ýedinji gapyň haýbatyndan kakmaga çekindim.
On sekizinji gapy diňe bezeg eken. Arkasynda diwar bar.
On dokuzynjy gapydan nahar ysy geldi. Myhman paýy diýip artygrak bişirmeýän bolsalar, utanaýmasynlar diýip gapyny kakmadym.
Ýigriminjiden dutar sesi eşdildi. Saz bölünmesin diýip gapydan aýryldym.
Ýigrimi birde goh-galmagal eşdildi. Dawalaryna garyşmazlyk üçin kakmadym.
Ýigrimi ikinji gapyny kirinden ýaňa ellemäge çekindim.
Ýigrimi üçi täze boýapdyrlar. Kakyp bilmedim.
Ýigrimi dördünji gapy gurtlapdyr. Ýüregim bulandy.
Ýigrimi bäşinji gapyny açan «Näme gerek?» diýdi. Näme jogap berjegimi bilmedim.
Ýigrimi altydakylar ýarag çenediler.
Ýigrimi ýedidäkiler halas etmedik bolsalar men heläk bolýadym. «Tanamaýan gapyňy gaýdyp kakma» diýip käýindiler.
Ýigrimi sekizde wepa gözledim, tapmadym.
Ýigrimi dokuzda söýgi isledim, tapmadym.
Otuzda dost gözledim, tapmadym.
Otuz birde syr gözledim, tapmadym.
Otuz ikide gözellik isledim, tapmadym.
Otuz üçde soňsuzlyk gözledim, tapmadym.
Otuz dörtde bilim ýok, otuz bäşde isleg ýok.
Elimi otuz altynja uzadanymda aklym başyma geldi. Özümem gapylardan bir gapy ekenim. Kalb gapymy çaldym. Eýho! Gözüme ynanamok, men nämeler görýän!?

çeşme: https://m.facebook.com/habarcy/posts/1550164565011603/?refsrc=deprecated&_rdr
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 66 | Добавил: mango | Теги: Anonim | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 2
0
1 Myhman0430   [Материал]
gowy eken. gyzykly. metaforalary gowy görýän, düşünsem.

näme üçin gapylar 36 sany? belli san aýtmadyk bolsa gowy bolaýmasa.

36 görnüşli häsiýet bamyka? ýok, onýaly däl.

36 ýaş bolmagy mümkin däl.

pikirim: käbir milletlerde käbir sanlar bar. köpdügini bildirmek üçin ulanylýar. mysal üçin bizde 52 (elli iki aýtsaňam düşünenok :-)), 72 (ýetmiş iki dil bileýin. ýetmiş ikä bölünip, diňe biri dogry bolmak)... 36 hem bir milletiň şonýaly sany bolaýmasa.

Kalb gapymy çaldym.
Kalb gapymy kakdym.

_________________________

öz gapyma seretdim. mazar daşyna meňzeýän eken. gorkunç. üstünde-de öz adym ýazylan.

0
2 mango   [Материал]
36-lygynyň sebäbini gözleme.
ýalňyşmasam "Bu otuz alty gapy suratynyň düşürilen ýeri Morokkanyň Rabat şäheri" diýip başlamagy bir surata seredip ylhamlanan bolmaly awtor....
şeýle gapy suratlary internetde kän eken.
morokka mahsus bu bezemen gök gapylar....
menem haladym. gyzykly zat eken...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]