21:24
Galan bar
GALAN BAR

Däli köňlüm gel gideli watana,
Onda saňa gözi ýolda galan bar;
Kasyt gerek bu ýollardan ýörmäne,
Näzli ýaryň Ülkesinde talaň bar...

Gülüm-gülüm, meni eýlediň gülünj-ä,
Ýüz agladym, bir şat bolup gülinçä,
El götermen eteginden ölinçä,
Meger bizi ýardan aýra salan bar.

Ajalym ýetişip, peýmanam doldy,
Gül meňzim sargaryp bihuda soldy,
Diýdiler "söwdügiň ýary ýat oldy",
Diýdi belki ýedi ýatdan gelen bar.

Aşyk Hemra, giriftardyr özüňe,
Ýandy bagrym, kebap boldy ýüzüňe,
Ynanmanam ykraryňa, sözüňe,
Biykrar sen, ykraryňda ýalan bar!..

"Saýatly Hemra" dessanyndan.





Категория: Goşgular | Просмотров: 145 | Добавил: Raýdaş | Теги: Saýatly Hemra | Рейтинг: 3.0/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Gül kimin / Goşgular - 03.01.2022
Зависть / Goşgular - 24.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Söz bermegiňizi soraýan! / Goşgular - 22.01.2022
«Я только уснула...» / Goşgular - 26.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 13
1
6 Raýdaş   [Материал]
Ýöne özüm ýazmasam hem ýazýarlar tüweleme. Käwagt edebi oturlyşyklarda gürrüň beren meselelerimi hamana öz pikirlerimiş ýaly onda-munda bloglaryna ýazyp ýörenlerem bar. İl-güne ýetse bolýa diýip sesimi çykaramok menem. :-)

1
8 Nurdan   [Материал]
Goşgulary edişleri ýalymy?!:) Siziñ şol sesiñizi çykarman oturma häsiýetiñiz bilen ylalaşasym gelenok-da..))

1
9 Raýdaş   [Материал]
"Sabyrly at ýaman kişňär" diýýär. Sesimi çykarsam ýarylmaly bolaryn. Onda-da nesibesini alan köp bolar. Ýolötenli bir dostumyň "Taýmaz akga seň şu bolşuň bolo" diýşine laýyk ümsüm otyryn onsoň... :)

1
10 Nurdan   [Материал]
Şol goşgularyñ ahwaly şok edipdi meni )) Hernä WAGT ähli zady ýerli ýerinde goýdy, siz seslenmeseñizem "Däde" Ol eden-etdiliklere dymyp durup bilmändi..
Ümsüm otursañyzam miwe agajyndan daş düşmez diýişleri yaly, siziñ pikirleriñiz esasynda, gürrüñlerñiz esasynda ýazsalar hem edil öz önümleri bolmandan soñ olardan alynjak many edil sizden alynany ýaly çuñ bolmaz, şonuñ üçin siziñ makalalarñyza, gazallarñyza, pikirleriñize, garaşýarys)

1
11 Raýdaş   [Материал]
Hawa "Taňryň tokmagy - Has dädäň" ömri uzyn bolsun! :))

2
12 Haweran   [Материал]
Gybatçylar :) :(

1
13 Raýdaş   [Материал]
"Ýagşyny ýatlasaň ýanyňda gögär" diýipdirler... Hoşgeldiň ded!
(Asyl siz hoşgeldiňiz, bäri meň ýerim" diýsene :))

2
2 Haweran   [Материал]
Dek düýn ýakynlarymyñ biri Hemra sözi bilen baglanşygymy sorady...
Bu gün "Saýatly-Hemradan" bir gowy goşgy.
Sag bol, Taýmaz.

1
3 Raýdaş   [Материал]
Biz gadym çarwa halky, şoňa görä-de edebiýatymyz hem retoriki häsiýetli. Men bu soňky çykan "daşy akja içi garaja" mollasumaklaryň tersine aýdym-saza gaty ýokary baha berýän. Özüň bilýäň Owgandaky 7 milýon hazar türkmenlerem özlerini bizden kem türkmen saýanok emma ene dillerini ýitiripdirler. Fars diliniň gödegräk şiwesini "hazaragi" diýip gepleýärler. (Nähili gynanç hakykat...) Biz entegem ene dilimizi arassa gepleýän bolsak (ynanyň bir türkolog hökmünde aýdýan Oguz dilleriniň içinde iň arysy biziňki) halk döredijiliginiň, dessanlarymyzyň, nusgawy şahyrlarymyzyň we bagşylarymyzyň bu babatda gaty uly orny bar. O urha-urluk ýyllarynda medrese okamaga kimiň gurbaty çatjak? Bir obadaky sowatly adamlaryň sany eliň barmak sanyny geçmedik döwürlerde bagşylar halk köpçüligine açyk "halk seminarlary" wezipesini ýerine ýetirdiler. Hemmesine salam bolsun!
"Saýatly Hemra" dessany hem hakyky oguz-türkmen dessany. İçindäki goşgulary halk aýdymyna öwrülen iň naýbaşy dessanlarymyzdan biri. Hemmämiziň uly höwes bilen diňleýän Annaberdi Atdanow ýaly bagşylaryň, "Syrly mukam" ýaly ady ebedileşen çeper filmleriň aýdymlary aglaba şu dessandan. Milletsöýerlik bir tarapa, filolog hökmünde garasaňam halk dessanlarymyz baha kesip bolmajak derejede gymmatly eserler.

1
5 Raýdaş   [Материал]
Aslynda teswirde belläp geçerden giň we çuňňur temalar (makalalyk temalar) weli şu ýaltalygyma towpyk bersin-dä...

1
7 Nurdan   [Материал]
Makalalarñyz zerur elbetde, ýöne "toýdan topukça" diýen ýaly teswirler hem köp zat öwredip bil­ýär, her ýazylan eserie her okyýjyñ öz pikiri bolýar, siz ýaly filaloglaryñ pikiri bolsa gymmatly bolup durýar-da..

1
1 Raýdaş   [Материал]
Merhum Döwlet ýetimiň halk aýdymlaryny diňläp otyryn şu pille. Şu şygryň aýdymyny beter gowy görýän. Ageýinlerime ýetireýin diýagaýdym!

1
4 Aksary   [Материал]
Döwlet kaka barada dillenip geçmegiñiz juda begendirdi.... çünki şolañ obasynda zehinliler kän eken, başga-da Nedir Ýusubow......

Ömrüñ bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]