14:02
Galamyñ güýji
GALAMYÑ GÜÝJI

Erk ýörär, berk ýörär zemin ýüzünde,
Ynsan,
Jany bolsa bolmaz asla gury ýer.
Dostum, ynan!
Gadymky rysarlañ gylyjy ýaly,
Bir gün biziñ galamlarmyz biriger.

Onsañ zemin üzre ýaýylar şatlyk,
Açylar doga däl, sowa kör gözler.
Näçe çuñda gizlense-de garalyk,
Nyşana deger deý atylar sözler.

Açylar güller, açylar diller,
Örküni üzer gorkudan daban.
Aýdan bolsalar-da könelremiz,
Garaldyp bilmez özgäni gazan.

Onsañ suwlar ýaly borçly dälsiñ sen,
Ýa ýatmaga ýa bir ugra akmaga.
Sen şemalsyñ her tarapa öwsüber,
Saña rugsat çar tarapdan bakmaga.

Ýagşy işe derkar bolmaz sähetler,
Sogap işiñ güni bolar gut aýy.
Öñ  bir diniñ Hudaýlary bölekdi,
Soñ bir bolar ähli diniñ Hudaýy.

Bilýän, Haksyz gymyldamaz çöp başy,
Ýöne ynsan kysmatyna bo:r sebäp.
Gyljam gylç halyna gelmedi dünýä,
Kemal tapdy, ýanyp, tütäp ol eräp...

Ýazgy-seýik, ýazýan-beýik bilseñiz,
Hatda ykbal ýazylýandyr galamda.
Emma, ýatan närsäñ haraýy degmez,
Ol güýçlidir diñe ýerden galanda.

Ahmet  ARAZOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Gözleg / Goşgular - 17.01.2022
Magnit / Goşgular - 25.01.2022
Senem gidäýdiň / Goşgular - 13.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
«Есть время любить...» / Goşgular - 26.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Şirhan   [Материал]
Näme üçin "Gadymky rysarlaň gylyjy ýaly"? Bizde näme gylyç ulananlar bolmandyrmy?

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]