22:16
Galama ýapyşýan, ýüregim gyssa
GALAMA ÝAPYŞÝAN, ÝÜREGIM GYSSA

"Iki ýara agyryp dur gursakda,
Birisi ganaýar, biri bitişýär.
Mydam şeýle käte şatlygym ökde,
Käte üstün çykyp, gussa ýetişýär".
Resul Gamzatow.


Galama ýapyşýan, ýüregim gyssa,
Ýöne,galam bilen egiserli däl,
Kalbymy heýjana salýan bu gussa.
Umydam terk edip gitmändir herhal.

Köňlümiň töründen jyklaýar şatlyk,
Gama batan göwne berýär teselli.
Diýýän deý gamlanma, bar zat abatlyk,
Sabyr et, meniň hem geljegim belli.

Birdenem möwç alyp gelýärde batly,
Şatlygym naýzasyn tutýar öňüne.
Gussam galkan alyp, egni sowutly,
Söweş edýär onuň bilen deňine.

Şeýdip dowam edýär, deňe-deň söweş,
Elli ýyl,kalbymyň giň meýdanynda.
Ikisem jylawsyz berenoklar baş,
Men bolsa alaçsyz olaň ýanynda.

Parh goýanok olar saçyň çalyna,
Olaryň ikisem meň bilen deň-duş.
Kä gynanýan,gussaň düşen halyna,
Kä şatlygma bakyp, bolýan göwnühoş.

Azat NURGELDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 262 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ve “Ut Pictura Poesis” Adıdır Onun / Goşgular - 03.02.2022
Dünýäm / Goşgular - 23.01.2022
Şygyrlar / Goşgular - 05.02.2022
Ангел песнопения / Goşgular - 15.02.2022
Aýralyk / Goşgular - 02.02.2022
Стихи / Goşgular - 25.02.2022
Men ak daglary gördüm / Goşgular - 13.02.2022
Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022



Всего комментариев: 2
1
2 tyllamerjen   [Материал]
Ellernize saglyk

1
1 Gumlygelin   [Материал]
Ömür haly bolsa erşi gussa,argajy şatlyk.Bu ikisini çekişmäge gaýrat berýän galamyñyz kütelmesin agam.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]