20:30
Gahrymanyň gelni
GAHRYMANYÑ GELNI

On barmagnyň yzy halyda bitdi,
Nikasy telpege gyýylan gelin.
Söweşe gideniň sarpasyn tutdy,
Nikasy telpege gyýylan gelin.

Gadam ursa galdyrmazdy başyny,
Hiç bakmazdy töweregini-daşyny,
Haly dokap dolandyrdy işini,
Nikasy telpege gyýylan gelin,

Watan üçin gitdi, söýüp besläni,
Gözel gyzyň göwnündäki isläni,
Gülüň gül-gunçasy, bagyň bossany,
Nikasy telpege gyýylan gelin.

Gaýyn öýde, atasy öýde sermendi,
Altmyş ýyl garaşdy, emma armandy.
Ahyr bir gün, gara ýere duwlandy.
Nikasy telpege gyýylan gelin.

Aýtokar SEÝDALYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Mahremlik | Теги: Aýtokar Seýdalyýewa | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
«Как мы чисто...» / Goşgular - 24.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
«Любовь ушла...» / Goşgular - 24.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
"Aýralykda ýalñyzlyga ýan berme..." / Goşgular - 24.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]