23:23
Sumbaryñ algyr laçyny: Geldi Gurbanmyradow
GAHRYMANLAR BAKY ÝAŞAÝAR

Tekjeleri dolduryp duran küt-küt galyň papkalar - Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda partizan otrýadlarynyň hataryna goşulyp, Gitleriň ganhor leşgerleri bilen ýaka tutuşan, duşmanyň tylynda söweş alyp baran ildeşlerimizi idäp, RSFSR-iň, Ukrainanyň dürli şäherlerinde bolanymda, şeýle papkalaryň ýüzlerçesiniň daňysyny çözüp, olaryň içindäki kagyzlary sahypama-sahypa gözden geçirip çykypdym. Arhiwlerde aýawlylyk bilen saklanýan şol papkalaryň içinden çykýan kagyzlaryň köplenjesi ýönekeý kagyzlar bolman, eýsem merdana sowet watançylarynyň faşistlere garşy göreşde bitiren işleri, görkezen edermenlikleri hakda, partizançylyk durmuşynyň iňňän galagoply şertlerinde, sowuga – yssa aç-suwsuzlyga döz gelip Watanyň azatlygyny gorap, adamlaryň ykbaly barada söhbet açýan möhüm dokumentlerdi. Men şol dokumentleri agtaryşdyryp otyrkam adam atlary ýazylan uzyn-uzyn spisoklara-da köp duşupdym.
Atlar... dürli atlar... Olar aýdar-diýerden has kändi. Häli şindi gaýtalanyp duran ganly çaknyşmalaryň arasynda partizan mürzesiniň goly bilen howul haralykda ýazylan şol spisoklarda köp milletleriň atlaryna duşdym. Beýik Watançylyk urşy köp milletli Sowet döwletiniň dürli halklarynyň doganlyk dostlugynyň dabarasy bolupdy.
Häzirki gürrüňini etjek bolýan ýigidimiň — türkmeniň adyna şöhrat getiren, Brýansk tokaýlarynda faşistleriň garşysyna söweşen gerçegiň adyny welin, men şol spisoklsrda däl-de eýsem bütinleý başga ýerde, gyşyn-ýazyn gök dona bürenip oturan tokaýyň jümmüşinden söweşlerde wepat bolan ar alyjylaryň şanyna bina edilen ajaýyp ýadygärlikleriň ýüzünde görüpdim.
...Brýansk şäherinden 30-35 km çemesi uzaklykda. Meşhur Brýansk tokaýlarynyň içinde kiçeňräk bir meýdan bar. Gahryman partizanlaryň sarpasy tutulyp olaryň mesgeni bolan bu meýdança “partizan polýanasy" diýilip atlandyrylypdyr. Indi köpleriň gelip gidýän mukaddes ýerine öwrülen bu meýdançanyň tolgundyryjy taryhy bar eken.
1941-nji ýylyň güýzinde, şäheri gitlerçiler eýeländen soň, brýanskili watançylaryň ýüzlerçesi tokaýlara siňip, ahyry hem, ine, şu ýere toplanypdyrlar. Otrýadyň partizanlary ilki-ilkiler nemesleriň kiçiräk garnizonlarynyň üstüne çozan bolsalar soňabaka has uly diwersiýalary amala aşyryp başlapdyrlar. Krawsowyň komandirlik edýän otrýadynyň gitdigiçe şöhraty artyp, ol Brýansk tokaýlarynda uly meşhurlyga eýe bolupdyr.
1941-nji ýylyň 14-nji dekabrynda otrýad agyr ýitgä sezewar bolupdyr. Faşistleriň jeza beriji otrýady bilen bolan çaknyşma-da otrýadyň komandiri D.Ý.Krawsow gahrymanlarça wepat bolupdyr. Ine, şondan soň Brýansk şäher partizan otrýada, onuň merhum komandiri Sowet Soýuzynyň Gahrymany D.Ý.Krasowyň ady dakylypdyr. Öz söýgüli komandirleriniiň ölümi üçin ar alypdyrlar. Bu otrýadyň hatarynda hereket edýän partizanlar üç ýyla golaý wagtyň içinde duşmanyň soldatlardyr ofiserleriniň 14 müňden gowragynyň läşini seripdirler, üsti tehnikaly eşalonlarynyň 568-sini agdarypdyrlar....
Emma uruş pidayz bolýarmy näme!!
Memoral kompleksiň öňüne baranyňda tolgunman durup bolmaýar. Hiç kim, hiç zat unudylanok. 700-e golaý at. Hawa, “partizan polýanasyndaky” şol memoral kompleksiniň ýüzünde Krawsow adyndaky otrýadyň gerçekleriniň 700-e golaýynyň ady bar. Şol atlaryň arasynda türkmen ýigidiniň adyna gözüm kaklyşanda, meniň inim tikenekläp, süňňüm gagşap gitdi.
Çünki ol at meniň ençeme wagt bäri agtaryp ýören adamymyň - Sumbaryň algyr laçyny Geldi Gurbanmyradowyň adydy. Men nemes basybalyjylaryna garşy söweşlerde ölmez-ýitmez edermenlik görkezen türkmen topragynyň duzyny halallan garrygalaly partizan ýigit barada kitaplarda gazet-jurnallarda ýazylan zatlaryň baryny okap görüpdim. Ýöne welin täk bir dokumentiň - Brýansk tokaýlarynda hereket eden partizan otrýadlarynyň biriniň komandiriniň 1943-nji ýylda TK(b) P MK-a ýollan hatynyň esasynda ýazylandygy sebäpli, meniň okan zatlarymyň ählisiniň manysy meňzeşdi. Olarda komsomol çleni garrygalaly ýigit Geldi Gurbanmyradowyň partizan otrýadyna goşulyp Brýansk tokaýlarynda duşmana garşy söweşendigi onuň şol söweşlerde nemes soldatlarynyň, ofiserleriniň, poliseýleriniň onlarçasyny öldürendigi aýdylýardy. Şol ýazgylaryň birinde Gurbanmyradowyň 1942-nji ýylyň 28-nji dekabrynda gahrymanlarça wepat bolany aýdylýardy.
Brýansk tokaýlaryndaky şol memoral kompleksi synlap ýörkäm men onuň adyna duşanyma az begenmedim. Indi diňe ýumagy çöşläýmek galypdy.
Partizan arhiwi. Men olaryň arasyndan ildeşimiz Geldi Geldimyradow hakdaky dokumentleri aňsatlyk bilen tapdym. Ol dokumentleriň arasynda biziň ildeşimiziň haçan we nähili ýagdaýda partizan otrýadyna gelip goşulandygyny anyklaşdyrýan dokumentler bolmasa-da onuň Krawsow adyndaky partizan otrýadynda iň gaýduwsyz partizanlaryň biri bolandygyna güwä geçýän dokumentler gaty köpdi. Partizanlaryň arasynda söweşen bir ýylrak wagtynyň içinde Geldi Geldimyradowyň hökümet sylaglarynyň dördüsini: “Watançylyk urşynyň 1 derejeli”, “Gyzyl Ýyldyz”, ordenlerine, "Söweşjeñ edermenlikleri üçin" diýen medala, "Watançylyk urşunyñ partizanynyñ 2 derejeli" medalyna mynasyp bolandygyny hem şu dokumentleriñ üsti bilen bilip galdym.
Şol arhiwiñ 1650-nji fondundaky köp sanly dokumentleriñ biri türkmen ýigidi Geldä degişli söweşjeñ jarestiristika. Ine, onda şeýle sözler bar: "Partizan, otryadynda G.Gurbanmyradow özüni gaýduwsz esger, ajayyp snaýper hökmünde tanatdy. Ol nemes basybalyjylarynyñ garşysyna otryadyñ geçiren ähli operasiýalaryna gatnaşdy.
1942-nji ýylyñ sentyabr aýynda oña Nawelýa derýasynyñ üstünden geçýän köprini goraýan çasowoýlary sypyrmak tabşyryldy. Ol öñünde goyulan wezipäniñ abyraý bilen hötdesinden gelmegi başardy. Jöpri otrýad tarapyndan ýumruldy. Şonuñ netjesinde bolsa ýolda hereket togtady. Geldi özüni snaýperi bilen gitlerçileriñ 35-sini ýok etdi. Iñ hatarly pursatlarda öñe saýlanyp, ol nemes çasowoýlaryny sypyryar we soñraky üstünligini üpjin edýär.
Geldi partizan toparyna, baş bolup faşistleriñ üsti adamly tehnikaly eşalonlarynyñ 2-sini agdardy. Zaluze diýen obadaky duşman gornizonlaryny ýok etmek ugraunda bolan söweşde ol nemesler bilen naýzalaşyp olaryñ 7-sini ölsürdi. Şol söweşde Geldiniñ özi hem agyr ýaralandy. Emma ol söweş meýdanyny taşlaman söweşi dowam etdi. Şol yeriñ özünde ol ikinji gezek agyr ýaralanyp wepat boldy."
Geldi Geldimyradow bilen egin-egne berip söweşen ýigidiñ biri hem Fedor Kostin bolmaly.
Fedor Aleksandrowiç meniñ Geldini sorap gelenimi eşidip örän begendi. Çaý başynda biziñ gürrüñimiziñ köp bölegi Geldi hakda boldy.
Fedor öz wepaly ýoldaşy Geldiniñ duşman snaýperi bilen telim gezek başa-baş söweşip olary tükgerdişi hakda, otryad azyldan horluk çekýän döwri onuñ nemes ofiseriniñ grýmine girip, Maloýe Polina diýen obadan 10 sany sygyr bilen üsti azykly dört sany arabany sürüp gelşi hakynda, beýleki edermenlikleri hakda guwanç bilen ýatlady…
Wepat boldy.. Bu nähili aýlyganç söz. Ýok! Biz muña ynanmaýarys. Çünki gahrymanlaryñ hiç haçan ölmeýändigini biz bilýäris. Güneşli Türkmenistanymyzdan uzak illerde Watan üçin janyndan geçen gahryman perzendiniñ aýdyñ obrazy biziñ halkymyzyñ kalbynda ebedilik ýaşar.

Gara BERDIÝEW.





Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 85 | Добавил: Haweran | Теги: Gara Berdiýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Nurdan   [Материал]
Ruhy şat bolsun, indi gaýtalanmasyn beýle aýlygançlyklar, aýralyklar, ýowuzlyklar. Dünýämiz abat bolsun!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]