22:10
Gahryman zenanyñ kyblasy - şägirt hakydasynda

Günlerde bir gün bir sebäp bilen Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň guramaçy mugallymy, okuw-usulyýet birleşmesiniň ýolbaşçysy Oraz Garaýewiň ýanyna baranymda, ol özüniň iş otagynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň 1972-nji ýylda çykan «Elbukjam» atly kitabyndan «Kakamyň elli ýaşynda» atly goşgusynyň:
Mukaddes sözler kän biziň dünýäde,
Şol mukaddes sözleň birisiň, kakam.
Seniň adyň dillerimiň aýdymy,
Depämde pena sen,
Elimde galkan – diýen setirlerini sesli okap oturan pillesine gabat geldim. Şonda men ondan: «Ýoldaş mugallym, Siziň eliňizdäki okap oturan kitabyňyz Gahrymanymyzyň kitabymy» - diýip soranymda, ol ýaňky okap oturan goşgy setirlerini gaýtadan okap: «Şu şygyrda wasp edilýän ajaýyp ynsan, Gahrymanymyzyň kakasy meň halypam. Ol meni şu ýere ilkinji hünärmen bolup, ýaňy işe gelen döwürlerimde işe ugrukdyran adam. Şonuň üçinem bu goşgy öz halypam barada ýazylan goşgy bolansoň, men hiç nazarymdan aýryp bilemok. Käwagt şu kitaby açyp, bu goşgyny gaýta-gaýta okaýan. Gahryman zenanymyzyň bu ajaýyp kitabyny bolsa, onuň kakasy Baýty aganyň özi maňa sowgat beripdi. Baýty aga, Gahryman gyzyny özi ýaly şygryýeti söýýänligindenmi, bu babatdaky ruhy dünýäsiniň özüniňki bilen meňzeşligindenmi, nämämi, ony beýleki çagalaryndan özüne has ýakyn saýyp, gaty gowy görýärdi. Gözeliňem kakasyny öz doganlaryna garanyňda gaty gowy görýändigi, ony özüne has ýakyn saýýandygy ýaňky okap otyran şygrymda-da aç-açan aýan bolýandyr.» - diýen sözler bilen öz sözüni başlap, maňa ilkinji halypasy, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň kakasy Baýty Şagulyýew barada uly buýsanç bilen has giňişleýin gürrüň berdi. Hakykatdan-da, Oraz mugallymyň aýtmagyna görä, Baýty Şagulyýew köp ýyllaryň dowamynda Sakarçäge etrabynyň häkimi bolup işläp, pensiýa çykanyndan soň, 1979-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda terbiýeçi bolup işe gelýär. Şol döwürlerde Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi Proftehuçilişçe diýlip atlandyrylypdyr. Proftehuçilişäniň ilkinji açylan ýylynda, bu ýerde önümçilik okuwyny döwrebap gurnamaklyk maksady bilen «Marygazçykaryş» kärhanasy öz garamagynda işläp ýören ýaş hünärmenlerden birnäçe adamy uçilişä ýollapdyr. Şolaryň birem bu mekdebiň okuw binasynyň açylan mahalyndan bäri zähmet çekip gelýän halypa mugallym Oraz Garaýew bolupdyr. Bu mugallyma önümçilikden gelip, bilim edarasynda işlemek ilkibada ýeňil bolmandyr. Ýöne, Oraz Garaýew bu ýerde ýarym ýyl işläninden soňra Baýty Şagulyýew işe gelip, oňa ýakyndan ýardam etmeklik, goldaw-hemaýat kömegini beripdir, ony ýaş hünärmen hökmünde penalapdyr. Bu bolsa Oraz Garaýewiň mugallymçylyk işinden basym baş alyp çykmagyna, ussat hünärmen bolup ýetişmegine ýardam edipdir. Proftehuçilişçäniň – häzirki Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň ilki açylan ýyllary ýaşlary okuwa çekmegem ýeňil bolmandyr. Bu bilim ojagynyň işgärleri oba-oba, mekdep-mekdep aýlanyp, adamlara nebitgaz senagatynyň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli pudakdygyny degerli we esasly deliller esasynda düşündirip, ýaşlary okuwa çekmeli bolupdyrlar. Çünki, şol wagtlar nebitgaz pudagynyň işi halka tanyş däldi, pudagyň işleri halk üçin diýseň garaňkydy. Ýagny, adamlar nebitgazly ýataklaryň ilatly punktlardan daşda ýerleşýändigi sebäpli hem, öz çagalaryny bu ugurdan hünärmen edip ýetişdirmeklik üçin okuwa ibermegi birbada kyn görüpdirler. Şeýlede bolsa, Oraz Garaýew bilen Baýty Şagulyýewiň irginsiz zähmeti netijesinde şol ýyllar okuwçy ýygnamak başardypdyr. Oraz Garaýew bilen Baýty Şagulyýewiň Proftehuçilişçä okuwa çeken okuwçylary häzirki wagtda nebitgaz pudagynyň dürli wezipelerinde zähmet çekýärler. Olardan Gurbyşow Amanmuhammet Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri, Annamuhammedow Rejep Mary etrap gaz üpjünçilik edarasynyň hünärmeni, Çaryýew Töre Şatlyk burawlaýyş müdürliginiň hünärmeni, Parkin Ýura Mary welaýat karbanit zawodynyň hünärmeni, Jumadurdyýew Allamyrat Şatlyk tomponaş müdürliginiň baş inžineri, Ýaşarow Daňatar «Marygazçykaryş» müdürliginiň hünärmeni wezipelerinde işleýärler. Ýeri gelende aýtsak, 1978 – 1980-nji ýyllarda şol wagtlar mekdebiň okuw binasy täze gurlan bolansoň, birbada daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrüp, abadanlaşdyrmakda, tertibe getirmekde, okuw otaglaryny we okuw esbaplaryny düzetmekde hem Oraz Garaýew Baýty Şagulyýew bilen bilelikde köp işleri edipdirler. Mundan başga-da, şol döwürlerde mekdebiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlyklygyna bu bilim ojagyndan alty adam hödürlenilipdir. Şolaryň birem Oraz Garaýew bolupdyr. Mekdebiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlyklygyna hödürlenen alty adamyň hiç birem bu wezipäni garaňky görüp, öz boýunlaryna almandyrlar. Şonda Baýty Şagulyýew Oraz Garaýewe ýüzlenip: «Oraz beýlekileriň bu wezipäni boýnuna almazlygynyň özüne ýetesi sebäbi bar, olaryň biri matematika, biri fizika, ýene biri himiýa mugallymlary. A, sen bolsa nebitgazçy, hakyky öz ugruň. Bu wezipäni sen başarman kim başarsyn. Sen başararsyň, hiç kim enesiniň içinde öwrenenok.» diýmeklik bilen muňa uly atalyk maslahatyny beripdir, soňra bolsa: «Ýadasaň umumy ýaşaýyş jaýyna bar, dutar çalyp, türkmen halk aýdymlaryndan gandyryp, ýadawlygyňy sowarys, onsoň işe uly hyjuw bilen başlanyňy özüňem duýman galarsyň.» diýip degişipdir. Ana, şondan soňam Oraz Garaýewiň jemgyýetçilik işlerinden durmuş ýoly başlanypdyr. Ýeri gelende aýtsak, Baýty Şagulyýewiň dutar çalyp, türkmen halk aýdymlaryny aýdandygy barada, onuň Gahryman gyzy Gözel Şagulyýewada özüniň «Saz» diýen şygrynda uly buýsanç bilen beýan edýär.
Oraz Garaýewiň Baýty Şagulyýew baradaky ýatlamalaryna görä, onuň özi bir hoşamaý gylykly, adamlara soran zadyny düşündirip ýören şeýle bir gowy, parasatly ýaşuly bolupdyr. Baýty Şagulyýew ýolbaşçy işlerinde işlän adam bolansoň, ol özüniň dürli wezipelerde işlände toplan tejribelerinden köp zatlary ýaş mugallymlara, şol sanda Oraz Garaýewe-de öwredipdir, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny beripdir. Proftehuçilişçede – häzirki Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde ilkinji edilen işler, ilkinji düzülen protokollar, ilkinji ýazylan ýazgylar Baýty Şagulyýewiçiň kömegi bilen dörän ýazgylardyr. Baýty Şagulyýewden soň bolsa, mekdebiň hemme ýygnaklarynyň protokollaryny – beýanlaryny 30 ýyllap Oraz Garaýew ýazypdyr. Çünki, ol Baýty Şagulyýew bilen bile işleşen ýyllarynda dürli hili iş kagyzlarynyň ýazylyş usullary barada içgin gyzyklanyp, öz halypasyndan köp zatlary öwrenipdir. Häzirki wagtda-da ýaş mugallymlar dürli iş kagyzlarynyň ýazylyş usullaryny, mekdebi abadanlaşdyrmak, okuw otaglary tertibe salmak işlerini, ýaşlary terbiýelemegiň her hili düzgünlerini Oraz Garaýewden öwrenýärler. Oraz Garaýew bolsa öz ussady Baýty Şagulyýewden alan halypalyk öwüt-ündewlerini dowam etdirýär.
Baýty Şagulyýewiň baý durmuş tejribesiniň, mahmal owazynyň diňe bir işdeş ýoldaşlaryna däl-de, eýsem, onuň Gahryman gyzyny-da diýseň uly täsir edendigini, has dogrusy, ussat halypa şahyrymyz üçin kakasynyň aýdymly dünýäsi özüne nusgalyk mekdep bolup, jöwhermaýa gönezligine öwrülendigini, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň mähriban pederini küýsäp ýazan «Sesiň gelmese» atly şygrynyň:
Ömri beren sen, gäderin,
Ýollarmy sorap äderin,
Aýtsana, kaka, näderin,
Sesiň gelmese Murgapdan – diýen, «Ýetişip bilmedim men» atly goşgusynyň:
Atam goýandyr zara,
Menziller düşdi ara,
Sözleşip hoşlaşmaga,
Ýetişip bilmedim men – diýen setirleriniň esasynda-da anyk-aýdyň görmeklik bolýar.

Toýly Jänädow





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 156 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Toýly Jänädow | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 5
0
2 Taryhçy   [Материал]
Özüñmi birinji duran hanogul?

0
3 edebiyatteswiri   [Материал]
ýok, özümä däl, Baýty Şagulyýew bilen Oraz Garaýew

1
4 mango   [Материал]
surat analizi.
Orazyň ýüzüne gün öz çepinden düşüpdir.
Baýty agaň ýüzüne sagyndan düşüpdir.
suratlar hersi bir ýerden "gyrkylyp" getirilipdir.
şeýtseň bolýamy?
bolýa. bolmajak zat ýok.
ýöne nämä gerek? - diýen ikinji sorag emele gleýär... :-)
jogap: saňa näme?
- (jogapsyz dymyşlyk)...

0
5 Revo   [Материал]
Her kim öz idolyna, idealyna, fiziki we ruhy taýdan ýakyn bolmak isleýändir-dä.

0
1 mango   [Материал]
surat fotoşopda montaž edilipdir.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]