16:56
Gadymy Müsürden Osmanla çenli "ölüm jezasynyñ" gysgaça taryhy
GADYMY MÜSÜRDEN OSMANLA ÇENLI "ÖLÜM JEZASYNYÑ" GYSGAÇA TARYHY

Soñky wagtlarda jemgyýetçiligiñ wyždanyny gozgalaña salýan käbir agyr jenaýatlara garşy "ölüm jezasyny" dikeltmek köp agzalýar.
Bu mesele elbetde, hukukçylaryñ hünärmenlik ugruna degişli bolmak bilen birlikde, onuñ adatdan daşary taryhy meseläni has ýakyndan öwrenmäge iterýär.
Owaly bilen idam sözüniñ "adam" (ölüm) sözünden dörändigini we türkçe işlik bilen birleşip, galyplaşan söz toparyny döredýändigini bilýäris.
Taryhyñ irki döwürlerinden bäri dowam edip gelýän bu jeza çäresiniñ iñ ilkinji mysaly Babylyñ Hammurapi kanunnamasydyr.
Medenileşen jemgyýetlerde adamlaryñ ar almak üçin biri-birlerini öldürmegiñ öñüni almak we günäni aradan aýyrmak üçin berlen bu jeza yslam hukugynda-da ýerini alypdyr.
Had (gamçylama), kysas (haklaşma, ýagny eden etmişiñe görä jogap alma) we emeldarlaryñ buýrugy bilen adam öldürme ýaly çäreler yslam hukugynda ölüm jezasynyñ bolandygyny görkezýär.
Hukukçylaryñ bir topary ölüm jezasyna ýitirilen ýitgä berlen kefarat (öwezine) hökmünde baha berse, başga bie topary gelejekde bolup biläýjek etmişleriñ öñüni almakda täsirli çäre hökmünde baha berýär.
Ölüm jezasyna garşy çykan modern garaýyşda bolsa ölüm jezasynyñ iki bökdençiliginiñ üstünde durulýar.
Bulardan birinjisi - adama ýaşamak hukugyny jemgyýet berenok, şonuñ üçinem jemgyýetiñ ony almaga haky ýok.
Şol sanda ölüm jezasyna barýan ýoldaky psihologik ejir hem adama berip boljak iñ uly ezýetdir.
Ikinji bir çemeleşmede bolsa, aýyplanýan jogapkärçilige çekilende ýalñyşylaýsa, munuñ öwezini dolup bolmaýanlygydyr.
Ölüm jezasynyñ ýerine ýetirilýän we ýatyrylan ýurtlaryndaky jenaýat statistikasy dürli-dürlilik görkezýändigi sebäpli bu jezanyñ täsiri hakynda jedeller häzirem dowam edýär.
Gündelik çekişmeleri bir gapdala goýanymyzda, taryhyñ çañly sahypalarynda ölüm jezasy bilen baglanyşykly birgiden baý maglumatlar öñümizden çykýar.

• Gadymy medeniýetlerde ölüm jezasynyñ görnüşleri we sebäpleri

Gadymy Müsürde ölüm jezasy döwlet tarapyndan institusionallaşdyrylan derejä göterilipdi.
Ölüm jezasyna mynasyp bolmak üçin adamyñ birini öldürmegi, pişik ýaly mukaddes saýylýan haýwana zelel ýetirmegi ýa-da ýalandan şaýatlyk etmegi ýaly etmişleri etmelidi.
Müsürde adamyñ tikenleriñ arasyna zyñylandan soñ oda ýakylmagy iñ belli ölüm jezalarynyñ başyny çekýärdi.
Şeýle-de gadymy Müsürde käbir faraonlaryñ ölüm jezasyny ýatyryp, ömürlik tussagy girizen wagty bolupdyr.
Meşhur Hammurapi kanunlarynda bolsa ölüm jezasynyñ iñ köp ýüzlenilen jeza çäresidigini görmek bolýar.
Mysal üçin bir aýal diñe öý işlerini etmän galan ýagdaýynda-da bu ýowuz jeza uçrap bilýärdi.
Elbetde, hemme medeniýetde ölüm jezasyny hut döwletiñ özi bermeýärdi.
Mysal üçin gadymy Hytaýda gandaryñ ölümi hut gurban bolanyñ maşgalasynyñ eli bilen ýerine ýetirilýärdi, emma bulam gan dawalarynyñ turmagyna sebäp bolýandygy üçin merkezi häkimiýetde oturanlaryñ onçakly makullan usuly bolan däldir diýip çaklaýarys.
Ölüm jezasynyñ syýasy ölçege giren wagty rimlileriñ döwründe bolupdyr. Hökümdara sögünmek, harby gullukdan gaçmak, jemgyýetde bulagaýlyga sebäp bolmak we syýasy intrigalar ýaly etmişler sebäpli iñ köp syýasy ölüm jezalary Rimde bolup geçipdir.
Hususanam syýasy we dini etmişleri eden kişileri arenalarda ýolbarslaryñ öñüne atmak arkaly jezalar berlerdi. Bu bolsa soñ-soñlar köpçülikleýin gozgalañlaryñ turmagyna getiripdi.
Elbetde, ölüm jezasy diñe yslam hukugynda ýa-da gadymy medeniýetlerde bar bolan jeza çäresi däl.
Mesela häzir "rejm" (daşlamak) diýilýän jeza çäresiniñ düýbi jöhitlere baryp direýärdi. Hususanam zyna ýaly etmişler agyr günälerden hasaplanýandygy üçin jöhitlerde muña hiç göz ýumulmazdy.
Hristianlygyñ taryhy bolsa ölüm jezalaryndan doludyr.
Inkwizisiýa atly adamzat taryhynyñ gara tegmili bolan sudlar ýüz müñlerçe bigünä adamyñ ölüm jezasy bilen soñlanypdy.
Yslamdan owalky türklerde-de ölüm jezasy giñden ulanylýan çäreleriñ biridi. Beýleki jemgyýetlerden tapawutlanýan başga bir üns bermeli çäre "jenaýata synanyşmagyñam" ölüm jezasy bilen soñlanýanlygydy.
Köplenç ýagdaýda syýasy etmişlere ölüm jezasyny bermek bilen birlikde jemgyýetiñ asudalygynyñ howp astyna salynmagyna hiç bir ýagdaýda göz ýumulmazdy.

• Osmanlyda ölüm jezasy

Osmanlyda ölüm jezasynyñ köplenç agyr jenaýata, garakçylyk etmege, topalañ turuzmaga we syýasy etmişlere berilendigini aýtmak mümkin.
Otuz üç ýyla golaý tagtda oturandygyna garamazdan iñ az ölüm jezasyny berdiren hökümdar Soltan Abdylhamyt II-dir.
Soltan ölüm jezalyk etmişleri köplenç ömürlik tussag we sürgün ýaly jezalar bilen çalşyrypdyr. Hususanam syýasy etmişlerde günä geçişligi bilen tanalýan Abdylhamyt döwründe ýerine ýetirilen ölüm jezasynyñ sany bäşe ýetýär.
Bu ýagdaý diktatura (istibdat) döwri diýilýän döwür üçin diýseñ geñ galdyryjy statistikany garşymyza çykarýar.
Osmanly döwründãki iñ jedelli ölüm jezasynyñ sebäplerinden biri-de, gürrüñsiz, syýasy etmişlere berilýän jezalardyr.
Bu höküm diñe soltana dahylly bolmak bilen birlikde "sâ'i bi'l-fesâd" hökmünde baha berilýär.
Bu jeza çäresini bir gapdala goýanymyzda ölüm jezasynyñ iñ köp ýerine ýetirilme sebäbi hökmünde "jenaýat" etmişi öñe çykýar.
Osmanlyda ölüm jezasy berlen adatdan daşary etmişlerem bolupdyr. Meselem, ýangyn çykarmak iñ uly etmişleriñ biridi.
Jaýlaryñ agaçdan bolmagy osmanlylaryñ ýangyn meselesine eserdeñ garamagyna sebäp bolýardy.
Ykdysadyýetde bulaşyklyk döredip biljek gallaplyk (galp pul ýasaýanlar) etmişi-de hiç bir ýagdaýda geçirimlilige ýol berilmeýän etmişleriñ başyny çekýärdi.
Hut Fatih Soltan Mämmediñ özi gallaplara ölüm jezasynyñ berilmelidigini şu sözler bilen buýrupdy:

"Ve mezkûr kulum her kimde gümiş sezer ise, araya, bulunduğundan sonra baturmayub alub darbhâneme göndere ve dahi teftiş ede. Her kanda kalbazan bulunursa, ol yerün kadısı ve subaşısı katına iledüp anlar dahi teftîş edüb göreler. Şer' ile kalbazanlığı sâbit olursa hükm edeler, mezkûr kulum boğazından asub rızkını beğlik ede, kimesne mâniʻ olmaya."
(Tekst asyl nusgasynda berildi).

Myrat IV bolsa tütün çekenlere we içgi içenlere syýasy taýdan ölüm bilen jezalandyrmakdan çekinmezligi ýüzlerçe ýyllap ýatlandy.
Bu iki etmişiñ başga döwürlerde mysaly ýok diýerlik derejede seýrek gabat gelendigini görýäris.
Osmanly döwründäki iñ çekişmeli ölüm jezasy şek-şübhesiz Fatih Soltan Mämmediñ döwründe kanunylaşdyrylan "Dogan öldürme" kanunydyr.
Bu çäre hiç hili günäsi bolmasa-da, hatda gundagdaky bäbekdigine garamazdan käbir şazadalaryñ öldürilmegine sebäp bolupdyr.
Fatih kanunnamasyny şu sözler bilen kanunylaşdyrypdy:

"Neberämden kime soltanlyk miýesser etse, nyzamy-älem (ýurduñ we döwletiñ asudalygy) üçin doganlaryny öldürse bolýandyr. Ulamalaryñ hemmesi jem bolup muny makullandyrlar..."

Osmanlyda ölüm jezalary "salb" - ýagny, ýüp (kiriş) bilen bogmak görnüşinde ýerine ýetirilse-de rejm (daşlamak), kelle kesmek, deñize atmak, göwräni çeññele ildirip goýmak (köplenç musulman öldüren gaýry müslimlere garşy amal edilen aýylganç usul), gazyga oturtmak (örän seýrek ýerine ýetirilen we esasan garakçylyk etmişine garşy serhetýaka etraplarda berlen) we soñky döwürde oka düzmek çäreleri ulanylypdyr.
Fatih Soltan Mämmediñ hurufylary we hurufy liderini ýakmak arkaly ölüm jezasyny berendigi hakda maglumatlar baram bolsa, bu çäräniñ yslam hukugynda berk gadagan edilendigi bellidir.
Şeýle-de, Fatihiñ döwründe bir gallabyñ hamynyñ ýüzülip öldürilendigi hakda käbir maglumatlaryñ bardygyna garamazdan, bu maglumat hem gowşak delillere esaslanýar.
Deñize atmak arkaly ölüm jezasynyñ berilmegi osmanlyda duş gelmändir. Bu usul köşkde ýok etmeli biri bar bolsa ýerine ýetirilýän çäre bolupdyr.
Başgaça aýdylanda, muña ölüm jezasyndan zyýat jenaýat hökmünde garalmagy bu hakda elimizdäki bar bolan maglumatlary gowşaklygyna galdyrýar.
Şeýle-de "top okunyñ öñüne tutmak" ýaly ölüm jezasynyñ berlendigi baradaky maglumatlaryñam güýçli delilleri ýok. Bular ýaly pikirler köplenç jahankeşdeleriñ fantaziýasyna esaslanýar.
Munuñ bilen birlikde ýaýdan ok atma türgenleşiklerinde günäkärleriñ janly nyşana hökmünde ulanylandygy baradaky maglumatlara Öwlüýä Çelebiniñ "Syýahatnamasynda" gabat gelýäris.
Öwlüýä Çelebiniñ, Reşat Ekrem Koçyñ we gaýry ýurtly syýahatçylaryñ berýän maglumatlary biri-birinden ünsi çekiji bolsa-da, olara doly bil baglap bolmaýar.
Dogry bolaýanda-da şu we şuña meñzeş maglumatlar çynlakaý çeşmelerde agzalmaýar. Şonuñ üçin olaryñ dowamly ýerine ýetirilendigindigini aýdyp bilmeýäris.
Ölüm jezasyny ýerine ýetirýän jellatlaryñ hekaýaty bolsa başga bir mowzugyñ gürrüñi bolandygy üçin häzir üstünde durup geçmeris, emma bu işi Osmanlyda öñden bäri çingeneleriñ (syganlaryñ) ýerine ýetirendigi bilinýär.
Bu işi ýerine ýetirýänler diñe jellatlar däldi. Hususanam subaşy we asesbaşylar jellatlyk wezipesini ýerine ýetirýärdiler.
Görşüñiz ýaly, ölüm jezasynyñ berjaý ediliş sebäbi, ýerine ýetiriş çägi we formasy bilen diýseñ bulaşyk taryhy bar.
Häzirki döwürde awuly sanjym ulanmak ýa-da toga tutmak ýaly usullar ulanylýar.
"Ölüm jezasy jenaýatyñ öñüni almakda oñyn netijesini berýärmi" sowalyna berip boljak anyk jogap ýok. Bu çäräniñ adalaty berjaý edýändigini-de aýtmak kyn.
Muña garamazdan Başak Jengiz ýa-da Aýşegül Aýdynyñ gandarlary üçin ölüm jezasyndan başga jezanyñ olary sylaglandyrmak ýaly boljagyny öñe sürýän millioanlar bar.

Mehmet MAZLUM ÇELIK.

celikmehmedmazlum@gmail.com

23.11.2021 ý.

* Bu makalada ýer alan pikirler awtoryñ özüne degişli bolup, saýtymyzyñ editorial ugruny şekillendirip bilmez.

© Independentturkish
© kitapcy.com





Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 115 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]