10:36
Şygryýet melekleri/ makalajyklar toplumy - Fürug Ferruhzad
FÜRUG FERRUHZAD

Fürug Ferruhzad, eýranly şahyr, ýazyjy, rejissýor, suratkeş. 
Eýranyñ XX asyrda ýetişen iñ meşhur şahyrlaryndan biri.


• Terjimehaly:

Fürug Ferruhzad 1935-nji ýylyñ 5-nji ýanwarynda Muhammet Ferruhzadyñ maşgalasynda ýedi çaganyñ üçünjisi bolup dünýä inýär. Mekdebiñ 9-njy synpyndan soñ gyzlaryñ sungat mekdebinde okap başlaýar. 16-17 ýaşlarynda Perwiz Şapur bilen nikalaşýar. Okuwyna adamsynyñ ýanynda Ahwazda dowam edýär. Ondan Kamýar atly ogly bolýar. 1954-nji ýylda adamsy bilen aýrylyşýar. Şahyr Tährana dolanyp, goşgy ýazmaga başlaýar we " Ýesir" atly ilkinji kitabyny çap etdirýär. 1958-nji ýylda Ybraýym Gülistan bilen tanyşýar we dokuz aýlap Ýewropada bolýar. Şahyr bu döwürde iñ kämil goşgularyny ýazýar we "Diwar", "Pitne" atly kitaplaryny okyjylara hödürleýär. Eýrandaky lepra keseli bilen kesellänler hakynda Töwrizde "Gara öý" atly film surata düşürýär. Bu film 1962-nji ýylda dünýäniñ dürli ýerlerinde ençeme baýraklara mynasyp bolýar. Film surata düşürilýärkä, lepra bilen kesellän çagalaryñ arasyndan Hüseýin Mansur atly çagany özüne ogullyk edip alýar. Şahyr 1963-nji ýylda "Gaýtadan dogulmak" atly eserini neşir etdirýär. Mundan beýläk onuñ şahyrlygy in kämil derejä ýeten wagtydyr. Bu kitaby bilen şahyr Eýran poetikasynda çuññur ütgeşmelere ýol açýar. 
1967-nji ýylyñ 13-nji fewralynda günortan sagat 14:30-da kinostudiýa gitmek üçin gyssagly öýden çykan şahyr awtoulagynyñ tizligini aşa ýokarlandyryp barýarka garşysyndan çykan okuw ulagyna kakmajak bolup gapdala sowanynda, roly üzülip eline gelýär, awtoulagyndan atylyp giden şahyryñ boýny döwülýär we 32 ýaşynda biwagt aradan çykýar.

• Edebi döredijiligi:


Modernistik Eýran şygryýetine uly goşant goşan şahyr ýogalanyndan soñra onuñ çap edipmedik işleri "Sowuk möwsüm" atly kitapda jemlenildi. 1987-nji ýylda Maýkl Hillman "Ýalñyz zenan" atly kitapda ömür beýanyny we goşgularyny neşir etdi. Onuñ goşgulary we ömri hakynda örãn köp makala we kitap ýazyldy, ol barada kinofilm hem surata düşürildi. 
Fürug Ferruhzadyñ goşgularynda çuññur bir ýalnyzlyk duýgusy özüne çekýär. Munuñ bilen birlikde ol zenanlaryñ problemalaryny, Eýran jemgyýetiniñ aýallara garşy ýöredýän eziji syýasatyny tankyt edýär. Onuñ bu pikirleri wagtal-wagtal çekişmelere alyp barypdyr. Ol Eýranda aýal-gyzlaryñ hak-hukuklarynyñ hasam gowy şertlere getirilmeginiñ tarapdarydy. Döwrüniñ despotik şa rejimine garşy gitmekden çekinmändir. Onuñ goşgulary käwagt Eýran jemgyýeti tarapyndan erotiki äheñli hasap edilipdir. Eýranly rejissýor Abbas Kiýarüsteminiñ 1999-njy ýyldaky "Şemal bizi äkidäýjek ýaly" atly filminiñ ady şahyryñ adybir goşgusyndan alynyp goýulýar.

• Alan baýraklary:

1). 1962-nji ýyldaky bir dokumental filmi bilen Italiýanyñ Film Festiwalynda birinji orny eýeleýär. 
2). 1963-nji ýyldaky "Gara öý" filmi bilen Germaniýanyñ Oberhauzen Film Festiwalynda iñ gowy film baýragy berilýär.

• Kitaplary:

"Ýesir", 
"Diwar", 
"Pitne", 
"Gaýtadan dogulmak", 
"Ynanalyñ sowuk möwsümiñ başlangyjyna" (bu soñky kitabyny ýazyp gutarmanka aradan çykýar).

• Fürug Ferruhzaddan allegoriýalar:

1). "Bir pursatlyk, diñe bir pursatlyk. Soñra, soñra hiç Hiç..." 
2). "Guş ölüp gider, Sen onuñ uçuşyny ýatla..." 
3). "Hiç kim bilmän galdy, biziñ ýüreklerimizden uçup giden ol gamgyn kepderiniñ ynançdygyny..."
4). "Söýgüdendir meniñ hemme ýaralarym..." 
5). "Kalbyña aralaşmany başarýarlar, emma üzüm-üzüm edip..." 
6). "Haýsy ýaşda ölsegem, soñlanmadyk aýdymlarymyz boljakdyr". 
7). "Şeýle bir ölüp barýan welin, indi hiç bir zat meniñ ölümimi subut edip bilmeýär". 

• ÝER ÝÜZÜNIÑ AÝATLARY

Oşol wagt,
Gün sowady, nur gitdi.
Hem bereket uçdy ene toprakdan.
Ýer goýnuna öli kabul etmedi,
Suwsuz galdy deñizlerde balyklar,
Galmady başga zat guran ýaprakdan.
Solgun penjireler gijäñ ýarynda
Depäñde düýrügip pelesañ kakýan,
Bulam-bujar bolan pikirler deýin.
Hem ýollaram alaowarra siñdiler
Ahyrky pellede tümlüge çykýan...
Hiç kim düşünmedi hakyky söýgä
Hiç kim ymtylmady göreşe, ýeñşe,
Paýhas ýok ýerinde orun ýok duýga...
Terslik çykdy gowagynda täkligiñ
Tirýegiñ ysyna eýlenip gana
Göwreli aýallar çygylyp zordan
Başsyz bäbekleri inderdi dünýä.
Gabrystana sary ylgaşyp barýan
Çagajyklar öz bolşundan utanýa...
Ýowuz günler geldi,
garañkylygyñ
Iniñ tisgindirýän gorkuly güýji
Ýeñilensoñ güzeranyñ gamyna.
Tañryñ saýlap-seçen pygamberleri,
Tüwmaýak düşensoñ gaçyp gitdiler,
Taşlap Haka çagyrylan ýerleri.
Öñi-ardy görünmeýän örüde
Halkyñ gaýyp bolan owlaklaryna
Tär etmeýär çopan sesi, haý-küşler.
Göýä aýnalaryñ bäbeneginde
Tersine öwüşgin atýardy reñkler,
Gyrpyldy, ikiýan gaýmalaşmalar...
Depesinden ot ýagdyrdy şatyrlañ
Utanç-haýasy ýok arsyz jelepleñ
Ýyldyrym mysaly zemine inen,
Hudaýyñ mukaddes ýagty halkasy.
Spirtli içgileñ batgalyklary
Serleri sämedip sordy içine.
Tekjeleri, şkaflary dolduran
Kitaplaryñ altyn sahypalarny
Gemrip taşladylar açgöz syçanlar.
Güneşiñ kazasy doldy,
ertesi,
Kiçijik çagalañ hakydasynda
Ýitip giden gümp-samp uçgun mysaly.
Depdere dökülen goýy gap-gara
Syýanyñ ullakan tegmili ýaly
Gür berýärdi many bilmez çagalar
Täsinligni bu könelşen adalgañ.
Biçäre halk
Kem-kem ýüregi ölen,
Daljygan, iñ soñky deminde duran
Maslyk daşap barýan aç eşek kimin
Bir eýlä, bir beýlä yrgyldap barýar
Hem bökdäp bolmajak etmişiñ pygly
Gollarynda pyntyk ýarýar, boý alýar.
Käte ýylpyldaýan kiçijik uçgun
Bu jansyz, sedasyz jemendäñ için
Parran dilip taşlaýardy birdenkä
Adamlar topulşyp bir-birlerine
Biri kütek pyçak alyp eline
Aýalynyñ damagyny çalýardy.
Bir ene öz dogran balalaryny
Lowlap duran tamdyr içre salýardy.
Hatda gorky-ürki gark bolup barýar
Tisgindirji duýgusynda etmişiñ
Öldürýär,
öldürýär kör ruhlaryny
Hem çagalarny.
Haçan-da bir bendi dardan asylsa
Dar agajyñ ýagly ýüpi hallanlap
Gorkudan ýygrylýan göreçlerini
ýumup ýapyşanda kekirtlewükden
Saññyl-saññyl edip şöhwetden ýaña
Olar diñ salardy böwürlerine
Yza serpikdirip ýadawlyklaryn.
Ýöne her wagtam açyk meýdanda
Şu girdenek jellatlary görersiñ.
Seredýärler meñzäp doñan gurşuna,
Fontanlaryñ çürnüginden şillirdäp
Suwuñ şo-ol üznüksiz akyp durşuna.
Hernäme-de bolsa,
Näme-de bolsa,
Sykylşan gözlerniñ çuñluklarynda
Kinniwanja,
buýr-bulaşyk,
düşnüksiz
Ýarym-ýarpy janly bir zat galypdyr.
Mejalsyz çyrpynyp hyýal edýärdi
Ynanmagy suw sesiniñ çyndygna.
Hernäme-de bolsa...
Näme-de bolsa...
Boşlugyñ ne öñi, ne soñudygna...
Güneşiñ kazasy dolupdy,
indi,
Kim aýdyp bilerkä gursagymyzdan
Uçup giden o lapykeç kepderiñ
Ynançdygyny...
Ah, bendiniñ sesi,
Bendiniñ sesi...
Ululygy çäksiz umytsyzlygnyñ
Bu ugursyz gijäñ bir künjeginden,
Ýagtylyga kiçijik yş açmazmy?
Ah, bendiniñ sesi,
Bendiniñ sesi...

Goşgyny terjime eden: Has TÜRKMEN.





Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 344 | Добавил: Нawеran | Теги: Fürug Ferruhzad | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Göktug   [Материал]
Şahyr hem gowy, terjimeçi hem gaýrat edipdir

0
1 Bagabat   [Материал]
Bu şahyra-hanym barada maglumatam ýygynda girizmeli.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]