17:52
Fransuz teatry / dowamy
XIX asyryň birinji on ýyllygynda fransuz sungatynda daşky görnüş baý sahna bezegi, baý egin-eşik höküm sürüpdir. Bu boluş Napoleon imperiýasynyň estetik garaýyşlaryndan ugur alypdyr. Şeýle görnüş kompozitor G.Spontiniň ýazýan uly operalarynda öz täsirini ýeterlik tapypdyr. G.Spontiniň "Westalka” (Gadymy Rimde öý-içeriniň, öý-maşgalanyň hudaýy Westanyň gyzy -1807ý.), "Gerdinand Kortes” (1809) operalarynyň ikisem sazly Akademiýa teatrynda goýlupdyr. Bu operalaryň ikisem düýpliligi, umumylygy, ägirtligi we sahnanyň bezegi, aktýorlaryň baý geýnüwliigi bilen tapawutlanypdyr.
Pariž "Dikeldiş” (1814-1830), "Iýul monarhiýasy” (1830-1848) döwürlerini öz içine alýan wagty Ýewropanyň çeperçilik durmuşynyň merkezine öwrülipdir. Şol döwürde Parižde "Pariž operalary” (öňki saz Akademiýasy), 1875-nji ýylldan "Grand-Opera” we "Opera komik” ýaly opera teatrlary işläpdir. Bu opera teatrlarynda arzuwçyllyk eýýamy öz hökümini ýöredipdir. Komiki operalar ertekileriň-fantastikanyň /hyýalbentligiň/ hasabyna döredilipdir. N.Izuaranyň "Zoluşka” (1810), F.A.Bualdýeniň orta asyrlara degişli "Ak zenan” (1825) D.F.Oberiň "Gündogar täsinliklerine” degişli "Mis at” (1835) operalaryň sýužetleri ertekilere we hyýalbentlige degişli bolmagynda galýar. Bu operalaryň sazynyň gurmuşynda lokal kolarit we dürli halklaryň, milletleriň folklory ulanylypdyr. Şol döwrüň Fransuz operalarynyň köpüsiniň librettosy E.Skiba tarapyndan ýazy-lypdyr. XIX asyr Fransuz operasynyň taryhynda görnükli ýer D.F.Obera degişli bolmagynda galýar. Ol uly operasy "Gustaw III", ýa-da "Balmaskaraddan” (1833) başga-da "Fraiblis” (1830), "Gara domino” (1837) komiki operalary ýazypdyr. Onuň bu operalarynyň sazy özüniň ýakymlylygy, göwün göterijiligi, joşgunlylygy, tansa golaý sazlaşyklygy, owadanlylygy, ýeňilligi, aýdyňlygy, meşhur aýdymlara golaýlygy bilen Pariž ýaşaýşyny ýada salyp durupdyr. D.F.Oberaň döredijiliginde iň esasy ýeri "Portiçiden bolan lal gyz” (1828) operasy eýeleýär. Bu opera uly görnüşli eser hökmünde ýazylypdyr. Operanyň esasy mazmuny Fransiýada 1830-njy ýylyň "Iýul rewolýysiýasynyň” öň ýanyndaky jemgyýetçiligiň ýagdaýyny açyp görkezmekden ybarat bolupdyr.
Fransuz teatrlary "Opera komik”, "Italýan operalary” teatrlarda yzygiderli italýan kompozitorlary W.Bellininiň, G.Donisettiniň operalry goýlupdyr. Parižde J.Rossiniň "Graf Ori” (1828) operasynyň "Opera komik” teatrynda sahna çykarylmagy Fransiýanyň sazly teatr durmuşynda iň uly waka hasaplanypdyr. Fransuz komiki operalarynyň milli halk adatlaryndan täsirlenip ýazylan "Wilgelim Tell” (1829) "Pariž operalary” teatrynda sahna çykarylmagy kompozitor J.Meýerberiň döredijiligininiň uly opera-da we Fransuz sazly teatrynda dürli žanrlarynda gülläp ösmegine alyp barypdyr. J.Meýerber librettoçy E.Skriba (ol Meýerber bilen elmydama bile işläpdir) tarapynda ýazylan "Robert-Iblis” (1831) operasyny "Pariž operasy” teatrynda sahnada goýupdyr. Bu opera özüniň arzuwçyllyk hyýalbentlige golaý häsiýetleri bilen uly opera hökmünde "Grant-Opera” teatrynda hem sahna çykarylýar. Uly operalarda bolup geçýän wakalaryň J.Meýerberiň "Gugenoty” (1836) operasynda has-da ösdürilipdir. Opera-da bolup geçýän sosial gapma-garşylyklar ösüp şahsy drama öwrülýär. Operanyň 5-nji bölümindäki sahna gurluşy gapma-garşylyklaryň esasynda ýüze çykarylyp, sahnada uly ansambl we hor, uly balet topary peýda bolýar. Bu ýagdaý operanyň jemlemesinde güýjäp ýetjek derejesine ýeririlýär. J.Meýerberiň opera dramaturgiýasynyň esasy aýratynlygy fransuz operasynyň geljekgi ösüşine uly ýol açypdyr. J.Meýerberiň beýleki operalarynam Parižiň dürli teatrlarynda görkezmeklik dowam etdirilipdir. Onuň "Pygamber”, "Ioann Leýdenskiý” (ikisem- 1849) "Pariž operasy” teatrynda sahnada goýulýar. Bu operalardan soň, uly opera žanrynda pese gaçmalar duýulypdyr. J.Meýerberiň "Afrikaly gyz” (1865) operasynyň "Pariž operasynda” goýulmagy bilen, onuň uly operadan liriki opera geçmekçi bolýandygy dogrusynda kesgitlemelerem az bolmandyr.
Parižiň "Pariž operasy” teatrynda Dž.Meýerberiň operalary bilen bir hatarda uly operanyň wekili, tanymal kompozitor F.Galewiniň "Jöhit gyzy", "Kardinalyň gyzy” (ikisem 1835), "Karl VI” (1843) operalaran goýlupdyr.
Opera teatrlary üçin arzuwçyl-kompozitor G.Berliozyň "Benwenuto
Çellini” (1838) operasy "Pariž operasy”, Wergiliniň "Eneida” eseriniň sýužeti esasynda döreden "Troýalylar” (1863) opera gepleşigi hökmünde "Lirika teatrynda” goýlupdyr.
XIX asyryň ortalarynda uly we komiki operalar juda pese gaçmalara gabat gelipdir. Bu žanrlarda dürli kompozitorlar tarapyndan köp operalar ýazylsa-da, olaryň hiç biri J.Meýerberiň uly operalarynyň, D.F.Oberiň oňat komiki operalarynyň deňine ýetip bilmändir.
Sazly komediýa operalaryna kybapdaş häsiýetli bolan operetto žanrynyň döremegi we ösmegi başlanýar. Bu žanr Parižde Ikinji imperiýanyň häsiýetli kafe-konsertleriniň, teatrlaşdyrylan rewýularynyň, şanson sungatynyň häsiýetlerinde ösüpdir. Operettoçy Ž.Offenbahyň operalary gündelik durmuşy özüne jemlemek arkaly Pariždäki bolup geçýän buržuaz gylyk-häsiýerleri satiranyň üsti bilen aýdyň suratlandyrmagyň hötdesinden gelipdir. Onuň "Dowzahdaky Orfeý” (1858) operettosy "Buff-Parizýen” teatrynda goýulýar. Onuň "Owadan Ýelenasy” (1864), "Pariž durmuşy” (1864), "Hanym Fawary” (1878) operettalary tomaşaçylar ta-rapyndan oňat garşylanypdyr. Ž.Offenbah öz güýjini liriki-hyýalbentlik žanrynda-da synap görüpdir. Onuň şeýle žanrda ýazan "Gofmanyň ertekileri” (1881) operasy "Opera komik” teatrynda goýulýar.
Fransuz operettosynyň uly wekilleriniň biri Ş.Lekok "Hanyň Agonyň gyzy” (1872), "Žirofle-Žiroflýa” (1874) operettolarynyň ikisem Brýusseliň "Fantezi parizýenn” teatrynda sahna çykarylypdyr. Beýleki bir fransuz operettoçysy R.Planketiň "Kornewal jaňlary” (1877) operettosy "Foli dramatik” teatrynda goýlupdyr.
XIX asyryň 2-nji ýarymynda opera sungaty baý bezegli, köp ugurlylyga ýykgyn etmek bilen uly we komiki operalaryň iň gowy taraplaryny özün-de jemlän liriki operalar Fransuz teatrlarynda öňdäki ýere geçipdir. Sahna-da liriki operalaryň merkezinde gizlin söýgi dramalary bolup esasy mazmyn öý-durmuşy bilen baglanyşykly häsiýetler, çaknyşyklar arkaly tomaşaça ýetirilipdir. Operanyň dowamynda ariýalar, ariozalar, kawatinalar, romanslar, söýgi duetleri, durmuşy aýdymlar, tanslar sahna çykarylypdyr. Parižde 1851-nji ýylda liriki operalar üçin ýörite "Lirika teatry” açylypdyr.
Liriki operalaryň ilkinji nesline degişli kompozitor Ş.Guno iň meşhur kompozitoplaryň biri bolmak bilen "Faust" (1859) "Romeo we Džulletta” (1867) operalaryny Lirika teatrynyň” sahnasyna çykarypdyr. Liriki operalaryň ýenede bir meşhur kompozitory A.Toma "Minon” (1866) operasyny ýazýar. Ol operada "Lirika teatrynda” goýlupdyr. A.Tomanyň "Gamleti” (1868) bolsa, "Pariž operasy” teatrynda sahna çykarylýar. Kompozitorlar L.Delibanyň "Lakme” (1883), Ž.Massneniň "Manon” (1884) liriki opera-lary "Opera komik” teatrynda tomaşaçylara hödürlenipdir. Ž.Massneniň "Werter” (1892) operasy bolsa Wena şäherinde tomaşaça ýetirilipdir. Kompozitor K.Sen-Sansyň iň oňat hasaplanan "Samson we Dalila” (1877) liriki operasy Weýmar şäherinde sahnada goýlupdyr.
XIX asyryň ortalarynda fransuz opera medeniýetinde kompozitor Ž.Bi-zeniň döredijiligi uly bir hadysa hökmünde kabul edilipdir.Ol özüniň döredijilik ýoluna "Don Prokopio” (1853) komiki operadan başlaýar. Bu opera özüne italýan opera-bufflarynyň häsiýetli taraplarynyň siňdirilmegine garamazdan Fransuz tomaşaçysy tarapyndan şowly garşylanypdyr. Şu operadan soň, Ž.Bize "Dürleriň gözleginde” (1863) atly liriki-täsinlik operasyny ýazypdyr. Bu opera "Lirika teatrynda” goýulýar. Ol uly opera baş urmak bilen "Iwan Grozny” (1863) operasyny döredipdir. Bu opera hem "Lirika teatrynda” sahna çykarylýar. Onuň "Pert gözeli” (1867) operasam "Lirika teatrynda” tomaşaça hödürlenipdir. Ž.Bize ýokary realizme we demokratiýa ýol çekmek bilen "Jemile” (1872) operasyny komiki adatlara ýüzlenmek arkaly ýazypdyr. Bu öpän inçelik bilen ýazylan poema bolup Gündogar arap sazlarynyň hasabyna ýüze çykarylypdyr. Onuň döredijiliginiň çürbaşy A.Dodanyň dramasy esasynda ýazan "Arlezianly gyz” (1872) hem-de "Karmen” (1875) operalary hasaplanýar. Operalaryň ikisem "Opera komik” teatrynda tomaşaçylara hödürlenipdir.
XIX asyryň ahyrlarynda fransuz opera sungaty naturalzm, simwolizm diýen iki ugra bölünipdir. Kompozitor Ž.Masseniň Safo” (1897), "Opera komik” teatrynda goýlupdyr. Bu opera naturalizmiň çäklerinden çykyp bilmändir. A.Brýunanyň (Gabawdaky haraz” (haraz-degirmen 1893) operasynda naturalizmiň çäkleri duýlupdyr. Sebäbi, "Gabawdaky harazyň” sýužetem, librettosam E.Zolýaňky. E.Zolýa öz naturalistik garaýyşlary bi-len dünýä belli dramaturg hasaplanýar. Bu operada "Opera komik” teatrynda sahna goýlupdyr. Kompozitor G.Şarpantýe naturalizm häsiýetli "Luiza” (1800) operasyny ýazyp "Opera komik” teatrynda tomaşaça hödürläpdir. Ýokarda bellän operalarymyz naturalzm çäklerinde bolsa-da, olarda simwolizmiňem elementleri açyk duýlupdyr. Simwolizmiň adatlary W.d,Endiniň "Fewral” (1897), "Gaýry ýurtly” (1903) operalarynda simwolizm adatlary ýokary bolup olaryň ikisem Brýussel şäherinde goýlupdyr. Bu opelaryň ikisem soň kompozitor R.Wagneriň täsiri bilen täzeden işlenilipdir. Simwolizmiň elementlerinde impressionizme täsirlenmek bilen kompozitor K.Deýussi Meterlinkanyň ýazgylary esasynda "Peleas we Melisanda” (1902) döredipdir. Opera "Opera komik” teatrynda sahnada goýlan. Bu operanyň täsiri astynda kompozitor P.Dýuka "Ariana we Gök sakgal” (1907) operasyny döredýär. "Ariana we Gök sakgalyň” ýazgysy hem Meterlinka degişli bolupdyr. Opera "Opera komik” teatrynda tomaşaça ýetirilipdir. Kompozitor M.Raweýanyň "Ispan wagty” (1911), "Opera komik” teatrynda, "Çagalar we göreçler” (1925) Mone-Karlo şäherinde tomaşaça ýetirilýär. Şu ýerde bellemeli zat XX asyrda sazly teatrlaryň öňünde kamera ope-ra spektakllaram öz meseleriniň çözgüdini tapypdyr.
XIX asyrda we XX asyryň 1-nji ýarymynda A.Nurri, Ž.Dýupe, M. Malibran, P.Wiardo-Garsia, M.Ž.D.Arto, S.Galli-Marýe, M.Žurne, Ž.Til, W. de Los Anheles, D.Dýuwal döwrüň iň meşhur aýdymçylary hasaplanypdyrlar. Ş.La-murýo, E.Kolonn, K.Şewiýar, P.Montýo, R.Dezormer, Ş.Mýunş, A.Klýuitens dagylar bolsa ýokary derejeli drižýorlary hökmünde tanalypdyr.
XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda operalar "Grant Opera”, "Opera komik”, "Ýeliseý meýdançasy”, "Wýo kolombe" teatrlaryň sahnasynda goýlupdyr. Şol döwürde kompozitorlar M.Rawel, A.Russel, Ro-že-Dýukas, G.Ropars döredijiliklerini dowam etdiripdirler. Şol kompozitorlara A.Onegger, D.Miýo, Ž.Orik, F.Pulenk ýaly kompozitorlaram deňleşmäge çalşypdyrlar. Olaryň döwürdeşleri bolan M.Delannuýa, Ž.Iber, A.Goge ýaly ýaş kompozitorlaram opera žanrynda güýçlerini synapdyrlar.Şolaryň içinde, librettoçy dramaturglar Ž.Kokto, P.Klodel fransuz opera sungatynyň ösmegin-de öz täsirlerini geregiçe ýetiripdir.
Ýokarda belläp geçen döwrümizde sazly teatrlarda, umuman aýdylan-da fransuz saz sungatynda dürli akymlar, adatlar bolan neoklassisizme, konsturktizme, abstraksiýa, tehnizme, ekspressionizme ýüz urmalar peýda bolupdyr. Konstruktizm esasan spektaklyň sahna bezegini çözmekde emele gelipdir. "Neoklassisizm” opera sungatynda kompozitorlar öz eserlerini antik we klassisizm döwründen bolan "ömürlik” sýužetlerden susup alyp, ony "ekspressionizmiň” garşysyna goýupdyrlar. Operadaky "neoklassisizmde” antik sýužetlerine we Injildäki aýdylanlara ýüzlenmek bilen kompozitorlar Saty "Sokrat” (1918), D.Miýo üç bölümli "Oresteýa” ("Agamenon”, 1915), "Hoefory” (1919), "Ewmenidi” (1949), "Betbagt Orfeý” (1927), "Poteý" (1929) satiriki opera, "Medeýa” (1939), A.Onerrer "Dawut şa” (1924), "Ýudif” (1925), "Antigona” (1927), "Amfion” (1931), I.F.Stawinskiý "Edip şa” (1927) "Persofon” (1933), Ž.Iber "Parsiýa we Andromed” (1929), A.Russel "Liranyň döremegi” (1925) atly operalary döredipdirler. Ýokarda atlaryny bellän operalarymyzyň hemmesem "Grand-Opera” teatrynyň sahnasynda tomaşaça hödürlenipdir.
Şol döwürlerde taryhy geçmişe degişli ýazylan A.Onerreriň "Žanna d'Ark” (1938), "Nikolaý de Flýy” (1941), D.Miýonyň "Hristofor Kolumb” (1930), A.Onerrer bilen Ž.Iberiň bilelikde ýazan "Orlýonok” (1937, döwrüň durmuşyny açyp görkezýän žanryna degişli A.Miýonyň "Garyp motros” (1927) loperalary "Opera komik” teatrynda goýlupdyr.
Fransuz uly operalarynyň adatlaryny özünde saklan Bondewiliň sazly dramasy "Bowary hanymy”, P.Kandewýeliň liriki tragrdiýa degişli bolan "Şazada Gamleti”, şeýle hem milli adatlaryny özünde saklan Ž.Iberiň "Parsiýa we Andromed” (1929), "Anželika” (1927) komiki operalary "Femin” teatrynda goýlupdyr. Onuň "Korol Iweto” (1930) komiki operasy ,,Opera komik” teatrynyň sahnasyna çykarylypdyr. Kompozitor A.Gogeniň "Soltan polkownik” (1924) opera buffy "Ýeliseý meýdançasy” teatrynda, M.Delannuanyň "Armyt agajy” (1927) operasy "Opera komik” teatrynda, Rollan bilen Manýueliň "Izabella we Pantolon” (1922) "Trianon lirik” teatrynda tomaşaçylara hödürlenipdir.
Kompozitorlar Ž.Offenbahyň we Ş.Lekokanyň operettolarynda galkynyş döwri başlanýar. Bu ugurdan diňe bir kompozitorlar işlemän, eýsem şol ugurdan ýörüteleşdirilen hünärmenler R.An, M.Iwen, M.Fure işläpdirler. Operetto ýüz urmak bilen kompozitor A.Onerrer "Korol Pozolýanyň başdan geçirmeleri” (1930), "Buff Parizýen” teatrynda, operetto golaý opera-buff žanrynda ýazan A.Gogeniň "Kontrabas” (1931) "Madlen” teatrynda, Delwenkuryň "Sakgally aýal (1938) "Montasýe” teatrynda, M.Delannuanyň "Filippinler” (1937), "Ýeliseý meýdançasy” teatrynda, şol teatrda Ž.Fransyň "Bet niýetli agsak” (1938) operettosam sahna çykarylypdyr.
XX asyryň 20-nji ýyllarynda sazly spektakllaryň täze bir näçe görnüşi peýda bolupdyr. A.Onerreriň "Dawut şa”, D.Miýonyň "Hoefory” antik tragediýasy opera-oratoriýa degişli eser hasaplanýar. A.Onerreriň "Žanna d'Arkyň otda ýakylmagy” opera-misteriýa, D.Miýonyň "Ýewropanyň ogurlanmagy” "Taşlanan Ariadna”, "Tezeýadan dynylmagy” (1927) üçlügi lakoniçnaýa miniatura atlandyrylypdyr. Bulardan başga-da opera-feýeriýa, sahna kontatasy, melodrama, opera-balet, opera-farsy, opera-buff, pantomima ýaly žanrlar Fransuz sahnasyny bezäpdir.
XX asyryň 30-njy ýyllarynda Halk frontynyň faşizme garşy aýaga galmagy bilen teatrlar Beýik fransuz rewolýusiýasy döwründäki adatlara dolanmaly bolupdyrlar. Gahrymançylykly halk köpçüligi üçin arassa howada, açyk asmanyň astynda kompozitorlar A.Onerrer, Ž.Iber, Ž.Orik, Ş.Kýoklen, D.Miýo, A.Russel tomaşaçylara öz eserlerini hödürläpdirler. Olar şeýle etmek bilen halky aýaga galdyrýan, halky agzybirlige çagyrýan Megýulýanyň "Marselýeza” "Meýdan marşy” ýaly aýdymlaryny öz operalaryna goşupdyrlar. A.Onerreriň halk adatlary bilen bagly bolan "Žanna d'Arkyň otda ýakylmagy”, "Nikolýa de Flýu” opera-misterilerini açyk asmanyň astynda tomaşaçylara hödürläpdirler. "Grand-Opera” teatrynda bolsa, kompozitor A.Manýaryň "Harby edermenlik” tragediýasynyň premýerasy bolup geçipdir. Bu eseriň düýp mazmuny nemesler tarapyndan 1914-nji ýyldaky harbylaryryň gynalyp öldürilmegi bilen baglanyşykly.
Nemes faşizmi tarapyndan daşy gabalan Fransiýada sazly teatrlar syýasy watançylyk arenasyna öwrülipdir. Sahnalara A.Onerreriň "Antigona”, "Žanna d'Arkyň otda ýakylmagy” ýaly watanperwerçilikli we zalymçylykly operalary görkezilipdir.
XX asyryň 40-50-nji ýyllarynyň aýaklarynda Fransuz saz sungaty güýçli depginde ösmegini döwam etdiripdir. Şol ýyllarda kompozitor Pulenkonyň döredijiligi operanyň dürli žanrlarynda ösüp ýokary depginlere ýetipdir. Onuň "Sossy Tiresiýa” (1947) satiriki operasy "Opera komik” teatrynda, "Kamelitok gepleşigi” (1957) atly filosofik dramasy we bir bölümli "Adam sesi” (1959) monadramasy (ikisem) "Opera komik” teatrynda tomaşaça ýetirilipdir. D.Mionyň "Boliwar" (1950) "Grand-Operasy” teatrynda sahna çykarylypdyr. Kompozitor Delwenruryň "Fiýesta” (1958) kamerniý-operasy, "Dawut” (1955) Injilden alnan dramasy, onuň şol döwürde drama ýykgyn eden "Lýusifer” (1948) opera-miesteriýasy "Grand-Opera” teatrynda (üçüsem) goýlupdyr. Kompozitor A.Barronyň "Numansiýa” (1950) Serwantesyň eseri boýunça gahrymançylykly tragediýasy, "Günäsiz keramatlylaryň syry” (1944) opera-misteriýasy "Grand-Opera” teatrynda (ikisem) sahna çykarylypdyr. Kompozitor Bordonyň "Şöhratly eller” (1950) (Fransyň eseri boýunça) operalaram "Grand-Opera” teatrynda tomaşaçylara görkezilipdir. Fransuz operasynyň uly wekilleriniň biri A.Onerreriň "Žanna d'Arkyň otda ýakylmagy” operasy esasynda kompozitor A.Žoliwe "Žanna hakyndaky hakykat” (1956) operasyny Žannanyň watany Domremide açyk asmanyň astynda goýupdyr. Bu opera soň, Parižiň "Ýeliseý meýdançasynda” (1957) teatrynda sahnada goýulýar. Täze "awangardlyk” ("Awangardizm”- realizmi ret edip, sungatda beýan etmekligiň täze serişdelerini agtarmaga synanyşýan XX asyrdaky akymlaryň biri. Sözlüge seret.) ugruň fransuz saz sungatyna hiç hili gatnaşygy bolmandyr. Muňa garamazdan M.Legranyň "Şerbur saýawany” kino-operasynda täze žanr gözlegleri dowam etdirilipdir. Operettolarda Amerikan jazynyň käbir elementleri hem girizilipdir. Şeýle elemetler kompozi-tor L.Beýdtiň döredijiliginde bolup, ol milli adatlar bilen garyşdyrylypdyr.
Soňky wagtlarda operalar esasan Parižiň "Grand-Opera”, "Opera komik”, "Ýeliseý meýdançasy”, azam bolsa, kähalatlarda "Gawo”, "Şaýo” teatrlarynda görkezilmeklerini dowam etdirip gidip otyr. Operalar, umuman saz sungatyna degişli çykyşlar Fransiýanyň Bordo, Nansi, Lion, Marsel şäherleriniň teatrlarynda-da yzygiderli dowam etdirilýär.
Fransuz opera we saz sungatynda aýdymçylardan E.Blan, R.Krespen, A.Lans, R.Gor, D.Dýuwal, N.Gedda, Ž.Žirado, R.Býanko, drižýorlardan L.Forýeste, Ş.Mýunş, A.Klýuitens, Ž.Pretr, režissýorlardan-Ž.Doat meşhurlyga eýe bolupdyrlar.

• Fransuz baleti

Fransiýada-da beýleki Ýewropa ýurtlarynda bolşy ýaly (XIII-XIV asyrlarda) folklýorlaryň, halk tanslarynyň, žunglýorçylygyň ösmegi bilen köklerini şol döwürlerden alyp gaýdýar.
Tans sungatynyň ösmeginde baýramçylyklarda feodallaryň gapylaryndaky çykyşlaram az täsir etmändir. Tansçylar öz çykyşlarynda drama spektakllaryny we intermediýalary hem ulanypdyrlar. Tanslaryň şeýle görnüşleri irki Galkynyş eýýamynda ýaýramagyny dowam etdiripdir. Bu ýagdaý esasan Italiýada bolup geçipdir. Fransuz balet spektakllarynda XVI asyryň aýaklarynda dramaturgiýa eserleri ýaly sahna bezegleri ýerine ýetirilip başlanypdyr. Şol döwürlerde "Şa aýaly üçin balet komediýasy” (1581) goýlupdyr. Bu pýesa aýdymlardan, gepleşiklerden, tanslardan düzülenem bolsa, tanslar elmydama şeýle bir üstünlikler getirip durmandyr. XVII asyryň 1-nji ýarymynyň dowamynda tans spektakllary ösüp böleklenen çykyşlar saz, aýdym, tans tutuş bir bütewilige öwrülipdir. Ilki-ilkiler gapy teatrlarynda çykyş edýänler höwesjeňler bolsada, halkdan çykan professional tansçylar peýda bolup ugrapdyr. XVII-XVIII asyrda balet tansçylary klassisizmiň täsirine düşenem bolsa, balet sahna sungaty bolmak bilen ösüşüni dowam etdiripdir. Balet sungaty klassisizmiň estetikasyndan daşlaşyp täze ösüşe başlandygyna garamazdan edebiýatyň we dramanyň ösüşinden yzda bolupdyr. Balet sungaty uzak wagtlap özüniň süňňüne siňen adatlary saklamak bilen belli bir düzüne düzülmekden daşda bolupdyr. XVII asyryň aýaklarynda balet sungatynyň belli bir kadalary, düzgünleri, görnüşleri emele getirilip, opera-balet spektakllarynda nusgawy tans düzgünleri kabul edilipdir. 1671-nji ýylda tans sungatyny öwrenmek maksady bilen korollygyň tans Akademiýasy döredilipdir. 1671-nji ýylda bolsa korollygyň opera-balet sazly Akademiýasy açylypdyr. Bu Akademiýa 1871-nji ýylda Milli opera teatry-na öwrülýär. 1875-nji ýyldan soň bolsa, häzirki "Grand-Opera”teatry atlandyrylýar. Korollygyň tans akademiýasynda taýýarlanylan balet truppasy tansçy L.Perkuryň ýolbaşçylygynda proffesional tansçylar bolup ýetişipdirler. Şol tansçylar XVII asyryň 80-nji ýyllarynda professionallyk derejesine ýeten fransuz tansçylary hökmünde özbaşdak çykyşlar gurapdyrlar. Şondan soňky fransuz baletiniň ösüşi operadan dramalaşdyrylan görnüşe eýe bolup başlaýar. XVII asyryň 70-nji ýyllarynda dramaturg Ž.B.Molýer öz komediýa-baletlerinde sahnadaky hereketlere tans žanryny goşup, dramaturgiýada tans hereketleriniň düýp esaslaryny tapmakçy bolupdyr. XVIII asyryň başlarynda balet spektakllarynyň häsiýetleri üýtgäp, ondaky düýplilik, monumentallyk, apofeoza” ("Apofeoza”- teatr we konsert çykyşlarynda dabaranyň iň soňky köpçülik sahnasy. Sözlüge seret.) ortadan aýrylyp, onuň deregini pastorallarda bolşy ýaly hudožnikler A.Battonyň, N.Lankeriň eserlerindäki ruhy näziklik eýeläpdir. Şeýle spektakllarda çykyş edýän Fransuz tansçylary M.Kamargo, L.Lany, L.Dýupra balet egin-eşiklerinde düýpli reforma geçiripdirler. Tansyň tehnikasyny baýlaşdyrypdyrlar. XVIII asyryň 30-njy ýyllarynda tansçy gyz M.Salle ilkinji gezek Antik eýýa-myna ýüzlenmek arkaly tansyň täsirligini artdyrmakda "drama hereketlerini” goşmaga synanyşyk edipdir. Şol döwürde balet sungaty özüniň gurluşyny dolylygyna saklap, klassizm häsiýetlerine eýe bolupdyr.
XVIII asyryň ikinji ýarymynda fransuz balet sungaty Magaryflaşmak eýýamynyň täsiri astynda özbaşdak sungat hökmünde gutarnykly galyba salnypdyr. Magaryflaşma eýýamynyň estetikasy boýunça balet sungaty hem beýleki sungatlar ýaly "tebigata öýkünmekden” ugur alyp, tomaşaçylara terbiýeçilik äheňde gulluk etmeli. Şol sebäplem gapy baletiniň ýerine tomaşaçyny psihologik taýdan çuňňur pikirlendirip, mazmun taýdan bütewüligi saklap, sýužetleri logiki taýdan ösdürip, gahrymanlaryň içki dünýäsini daşyna çykaryp bilýän tans bolmalydygy talap edilipdir. Şu özgerişikleri sahna çykarmakda esasy ýer horeograf, balet teoretigi Ž.Ž.Nowere degişli bolmagynda galýar. Bu awtoryň "Tans we balet hakyndaky hat” (1760) atly ylmy işi köp sanly tans we balet ugrundan işleýänleri özüne çekipdir. Mifleri we Antik sýužetleri içine alýan, gahrymançylykly tragediýalary özünde birleşdiýän kompozitor Rodolfyň "Medeýa we Ýazon” (1765), kompozitor Ştarseriň "Gorasi we Kuriasi” (1774) baletleri Ž.Ž.Noweriň ylmy işleriniň täsiri astynda döredilen eserler. Ž.Ž.Noweriň esasy wezipeleriniň biri pantomima žanrynda çykyş edýän aktýoryň tomaşaçylar üçin düşnükli bolmaklygyny, aktýoryň hereketini tomaşaçynyň okap bilmekligini gazanmakdan ybarat bolupdyr. Onuň yzyny dowam etdirijiler halypalarynyň öňe sürmelerini gorap, tans sungatyny ösdüripdirler. Balet sungatyny ösdürmek bilen baletmeýstr Ž.Doberwal "Peýdasyz serasapsyzlyk” (1789), "Gaçgak” (1784), "Figoranyň öýlenişi” sýužetiň esasynda döredilen "Şemala yrgyn atýan wezipe” (1788) tanslary aristokratik düzgünlerden, kadalardan daşlaşdyrypdyr. Olara derek tans tehnikasyny, täze tans böküş hereketlerini ilki erkeklerde, soň gyzlarda uýgunlaşdyrmaga başlapdyr. Ž.Doberwalyň ýetişdiren tansçylary G.we O.Westrisler, M. we P.Gardeller, tansçy gyzlar M.Gimar, Teoder meşhurlyk gazanypdyr.
XVIII asyryň aýaklarynda balat sungatynyň ösmegi XIX asyryň 30-njy ýyllaryndaky balet sungatynyň arzuwçyllyk eýýamyndaky ösmegine gözbaş bolup hyzmat edipdir. Fransuz balet sungatynyň ýokary göterilmegini şol döwür bilen baglanyşdyrylýar. Şol döwürlerde Arzuwçyllyk spektakllary bilen nusgawy tanslaryň arasyndaky ösüş mazmuny boýunça tebigy we kanuna laýyk ýagdaýda bolupdyr. Baletmeýstr F.Talonynyň Şneýsgofferiň eseri esasyna goýan "Silfida” (1832), Adanyň eseri boýunça sahna çykaran "Dunaýyň gyzy” (1836) sahnada goýupdyr. Baletde esasy hereket edýän hyýaly jandar (adam) ol juda gowşajyk bolup dünýädäki bolup geçýän ähli zatlaryň ösýändigini, real hakykatyň kaklyşmagy bilen köp zatlaryň çüýreýändigini tans hereketleriniň üsti bilen beýan edipdir. Şeýle keşbi sahna-da döreden baletmeýstr F.Talonynyň gyzy M.Talony bolupdyr. Bu spektakllarda balet tanslary özüniň stilistik görnüşi boýunça dramalaşdyrylan pantomima baletlerinden tapawutlanypdyr. Baletmeýstr F.Talony tansda bökmek tehnikasyny ösdüripdir, aýal tanslarynda barmaklarynyň ujunda gezmek, tans etmek usullaryny salypdyr. Bu ýagdaý tomaşaçyda tansçy howada gezip ýör diýen duýgyny döredipdir. Şol döwürde peýda bolan Adanyň meşhur "Žizel” (1841) baletiniň peýda bolmagy bilen baletmeýstrler Ž.Perro, Ž.Koralli bu eseri F.Talonyň tejribesini, onuň öňe sürmelerini ulanmak ar-kaly sahna çykarypdyrlar.
XIX asyryň 40-50-nji ýyllarynda baletmeýstr Ž.Perro rewolýusion ýokary göteriliş döwründe arzuwçyllyk poeziýasyna golaý birnäçe balet tanslaryny döredipdir. Bu baletleriň bar güýji gahrymanlary ýokary götermekden ybarat bolupdyr. Ol Baýronyň sýužetine "Korsar”, Gýugonyň sýužetine "Esmeralda” baletleri ýokarda bellän ýagdaýlarymyzda tomaşaça ýetirilipdir. Ž.Perronyň baletlerini ýerine ýetirijiler F.Elsler, K.Grizi ussatlyklary bilen ta-pawutlanypdyr.
XIX asyryň 2-nji ýarymynda Fransuz baletinde ýuwaş-ýuwaşdan pese gaçmalar başlanýar. Bu pese gaçmalary saklamak üçin kompozitorlar L.Delibanyň, E.Lalonyň, Ž.Massneniň, K.Sen-Sansyň balat sungatyny goldamak baradaky ýüzlenmeleri hiç-hili peýda bermändir. XX asyryň başlarynda balet spektakllary bir görnüşli (aktly) diwertismente (Diwertisment”- spektakla ýa-da konserte goşmaça hökmünde berilýän saz ýa-da drama oýnuna öwrülipdir. Sözlüge seret.) ýa-da opera spektakly üçin pridatka ("Pridatka”- goşmaça berilýän zat) öwrülipdir.
Fransuz baletiniň Galkynyş eýýamy rus baletiniň täsiri bilen baglanyşykly bolupdyr. Baletmeýstr S.P.Degilýewiň "Rus möwsüminiň” (1908) Parižde gastrolda bolmagy, "S.P.Degliýewiň rus baleti” truppasynyň 1913-1929-njy ýyllar aralygynda Fransiýada gastrollarda bolmagy, meşhur artistleriň, baletmeýstleiň, köp sanly balet ugrundan işleýänleriň fransuz balet teatrynyň ykbalyna uly ýardam edendigini teatr öwreniji alymlar öwran-öwran ýazypdylar. L.F.Mýasin, B.F.Nižinskaýa, J.Balançin, S.Lifar ýaly meşhur balet aktýorlary öz ykballaryny Fransuz baleti bilen baglapdylar. Bu balet truppasy Fransiýada balet sungatyna bolan höwesi ýokarladyrmakda köp işler edipdir. Fransuz hudožnikleri, kompozitorlary, nakgaçlary, edebiýatçylary P.Pikasso, A.Matiss, F.Leže, A.Dren ýokarda adyny agzan balet truppamyz üçin ýörüte balet spektakllaryny ýazypdyrlar. Fransiýada K.Debýussiniň, M.Rawelýaň, E.Sitiniň, D.Mionyň, Ž.Orikaniň, F.Pulenkanyň sazlaryna balet spektakllary goýulypdyr.
1-nji Jahan urşundan soň, rus balerinalary - O.I.Preobraženskaýa, M.Kşenskaýa, W.A.Terefilowa, L.N.Ýegorowa Parižde balet mekdebini açyp köp sanly balet artistlaryny taýýarlapdyrlar. S.P.Degliýew aradan çykandan soň, onuň hususy teatrynyň (antreprizasynyň) hasabyna Fransiýada işlän artistlerden täze topar döredilip, oňa "Monte-Karlo Rus baleti” (1932) at goýlup, R.Blýum bilen de Bazilýa bilelikde ýolbaşçylyk edipdirler. 1936-njy ýyldan bu balet toparyna "de Bazzilýanyň Rus baleti” ady berlipdir. 1938-1951-nji ýyllar aralygynda bu balet topary "Nusgawy rus baleti” atlandyrylypdyr. 1938-nji ýylda de Blýum täze balet toparyny döredip oňa "Monte-Karlo Rus baleti” at goýupdyr. Bu balet truppasy Fransiýany nemes-faşizmi basyp alandan soň, bialaç Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göçüp şol ýerde ýerleşipdir. Fransiýada "de Kuewas markiza truppasy” balet spektakllary bilen köp çykyş edipdir.
Rus balet sungaty XX asyryň başlaryndan durgunlyga düşen "Grand Opera” teatrynynyň aýaga galmagynada öz uly täsirini ýetiripdir. Teatryň işine kompozitorlar - I.F.Strawinskiý, A.Russel, Ž.Iber, P.Dýuka, G.Perne, hudožnikler R.Dýufi, M.Brianşon, I.Breýe, L.S.Bakst, M.Detoma çekilipdir.
Baletleri täzeden işläp goýmaklyk işlerem dowam etdirilipdir. Baletmeýstr L.Stats I.F.Strawinskiniň sazyna "Arylar” (1917), kompozitor G.Perneniň "Sidaliz we geçiaýak” (1923) balet tanslaryny sahna çykarypdyr. Şu baletlerde çykyş etmek bilen tansçylar K.Zambelli, A.Awelin, G.Riko, 29-nji ýyllardan soň bolsa, S.Lorsia, S.Şwars, S.Peretti meşhurlyk gazanypdyr. 1929-1958-nji ýyllar aralygynda (1944-1947 ý. arakesme bilen) balet truppasyna S.Lifar ýolbaşçylyk edipdir. Ol ýolbaşçylykdan başga-da ussat tansçy bolupdyr. Ş.Lifar öz goýýan baletlerinde Antik eýýamynyň, Injiliň sýužetlerinden, gadymy rowaýatlardan peýdalanypdyr. Ol Şiferiň sazlamagy (ritm) bilen "Ikar” (1935), kompozitorlar Debýyssin bilen Musorgskiniň sazy esasynda kompozitor Riýetiniň gaýtadan işlemeginde "Dawudyň şöhratlandyrylmagy”, (1936) d, Endiniň "Istar” (1941) Erkanyň "Sarissydan bolan Žoan” (1942), Orikanyň "Fedra” (1950) baletlerini teatr sahnasyna çykarypdyr. Ş.Lifaryň baletlerine mahsus bolan rasionalizm, wysokoparnost, ýalan joşgunlylyk, ruhy belentlik ulanylypdyr. Bu zatlara garamazdan onuň "Grand Operadaky” döredijiligi hakyky fransuz baletiniň dünýä inmegini gazanmak bilen köp sanly balet tansçylaryny ýetişdiripdir. XX asyryň 30-50-nji ýylarynda tansçy gyzlardan L.Darsonwal, I.Şowire, K.Bessi, M.Lafon, K.Bossar, L.Deýde, Ž.Amýel, tansçylardan (erkek kişilerden) M.Reno, M.Bezzoni uly ussatlar hasaplanypdyr. Ş.Lifaryň öňe tarap ýykgyn etmeleri "Grand Opera” teatrynyň repertuarynyň çäklendirilmegine alyp barypdyr. Onuň baletlerindäki toslap tapmalar, durmuşdan üzňelikler uruşdan soňky nesiliň köp balet artistleridir baletmeýstlerniň "Grand Opera“ teatryndan gitmeklerine alyp barypdyr.
XX asyryň 50-nji ýyllarynda şol teatrda işlän baletmeýstrler Ž.Skibin Seretanyň "Idilliýa” (1954), H.Lanmer kompozitor Çerniniň sazyna "Etýudlary” (1952) sahnada goýupdyr. Teatryň balet truppasyna 1963-nji ýyldan M.Dekombe ýolbaşçylyk edipdir. Ol Kasteredanyň "Gol” (1963) baletini sahna çykarandan soň, dürli ugurlardan işleýän baletmeýstrleri işe çagyrypdyr. 1964-1965-nji ýyllarda M.Bažer balet-tejrimeçi hökmünde işlemek bilen teatryň sahnasyna kompozitor I.F.Strawinskiniň "Toýjagazyny”, "Tilki baradaky ertekisini” (1965) çykarypdyr. Şol döwürde R.Pti Žerranyň "Hudaýyň enesiniň Pariždäki sobory (1965) baletini sahnada goýupdyr. 60-njy ýyllarda teatryň ýaş artist gyzlarlardan K.Motni, Ž.Reýeni, M.Wlassimi, N.Tibonni, artistlerden A.Labisi, Ž.P.Andreani, S.Atanasowi tanymallyga ýetişipdirler.
Uruşdan soňky ýyllarda Parižde birnäçe balet truppalary döredilipdir. "Ýeliseý meýdançasyndaky balet” (1944-1950) truppasynda baletmeýstr R.Pti ilkinji gezek kompozitorlar A.Gýugonyň "Ykmanda aktýorlarynda” (1945), Bahyň sazyna "Ýaş ýigit we ölüm” (1946), Ž.Şarranyň I.F.Stawin-skiniň sazyna döreden "Kart oýnuna” (1945) ýüzlenipdir. Bu baletleriň üs-ti bilen ussat tansçy gyzlar R.Žanmer, E.Pagawa, N.Filippar, W.Werdi, N.Wybubowa, I.Skorik, artistlardan Ž.Babile, Ý.Algarow ýüze çykypdyr. XX asyryň 48-nji ýylynda R.Pti "Pariž baleti” truppasyny döredipdir. Bu truppa işlän döwründe bir näçe arakesmelere sezewar edilipdir. R.Pti truppa we onuň esasy artistkasy P.Žanmer üçin özüniň iň oňat baletleri bolan Dwazanyň "Göwherleri ýuwdyjy” (1950), Anuýanyň librettosy, Dýutiýeýonyň sazy esasynda "Möjek” (1953), Bizäniň sazy boýunça "Karmen” balet spektakllaryny tomaşaça ýetiripdir.
1951-nji ýylda baletmeýstr Ž.Şarra "Žanin Şarra balet” truppasyny dö-redipdir. Baletmeýstr öz spektakllarynda "Atom asyrynyň”adamlaryna mahsus bolan gapma-garşylyklary, gorkyny,
ynamsyzlygy açyp görkezmekligi maksat edinipdir. Ol Bernaryň "Suw ösümlikleri” (1953) baletinde ýokar-da bellänlerimizi görkezmäge çalşypdyr. Ž.Şarraryň täsiri bilen M.Bežaranyň özbaşdak döredijiligi emele gelipdir. M.Bežar "Balet ýyldyzlary” (1954) truppasyny döredipdir. Bu truppa 1957-nji ýylda "Moris Bežaryň balet teatry” diýlip atlandyrylypdyr. Onuň sahna çykarýan spektakllarynda häzirki za-man adamsynyň şahsy ykbaly yzarlanypdyr. Ol sahna çykaran zamandaşlarynyň her biriniň şahsyýeti üçin aýratyn saz ulanypdyr. M.Bežar Anri bilen Şefferiň "Bir adam üçin simfoniýa” (1955) saz eserini ulanyp şahsy ykballary açyp görkezmekçi bolupdyr.
XX asyryň başlarynda balat spektakllary Ftansuz teatrlarynda az goýlanam bolsa, 60-njy ýyllarda "Opera komik” teatrynda balet tanslaryny Goýmaklygyň repertuary artdyrylypdyr. 2-nji Jahan urşundan soň, bu teatrda Ž.Ž.Eçweri, Ž.Şarra, P. wan Deýk, M.Dekombe, F.Flindt we başgalar işläpdir.
Fransiýanyň merkezden daşda bolan Borda, Lion ýaly uly şäherleriniň köpüsinde balet truppalary XVIII asyrda we XIX asyryň 1-nji ýarymynda işläpdir. Soň-soňlar opera truppalarynyň ýanynda uly bolmadyk tans toparlary bolup, olar opera spektaklynyň gerek ýerindäki tanslary ýerine ýetiripdirler. 60-njy ýyllarda balet sungaty merkezden uzakdaky Bordo, Lion, Strasburg, Marselýa, Ruana, Nissy şäherlerinde täzeden aýaga galyş möwrütine başlapdyr.
Umuman 1713-nji ýylda döredilen saz Akademiýasynda balet mekdebi bolmak bilen Fransuz balet sungatynyň gözbaşy hasaplanýar. Şol ýerde döwrüň meşhur tans mugallymlary Ž.B.Lani, P.Gardel, G.Westris, L.Merant, M.Talýony, K.Zambelli ýaşlara sapak beripdirler.
20-nji ýyllarda şahsy tans studiýalarynada ünsi artdyrypdyrlar. Şahsy tans studiýalaryna esasan rus tansçylary Preobženskaýa, Kşesinskaýa, Wolinin ýolbaşçylyk edipdirler. Tansdan H.Lanner, W.Gzowskiý, B.Knýazýew, R.Haýtauýer sapak beripdirler. Klassyky tansyň merkezi Kann şäheri bolupdyr.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 40 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 2.5/2
Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 1
-1
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Sungat - neresse çagañ kalby mysalydyr". Bu aýtgy teatr sungatyna hem degişli.
Islendik çaga goraga,hossara mätäç.Fransuz teatram hossarly bolan döwri (m.ü.Lýudowik -14 korol wagty) güllän...gazaply bir patyşa wagty hem (Napoleon 1) düýrügen.. Diñe Molyeriñ özi hem fransuz teatrynyñ dünýädäki agramynyñ ölçegini berip biler...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]