17:48
Fransuz teatry
FRANSUZ TEATRY

Fransuz teatry öz köklerini irki orta asyrlar eýýamyndaky oba oýunlaryndan, adatlaryndan we şol oýunlarda çykyş edýän gezende aktýorlardan, sazandalardan alyp gaýdýar. XI asyrdan başlap gezende aktýorlar-žunglýorlar şäherlere süýşüp ugraýarlar. Olar şäherlerde erteki aýdyjylar, aýdymçylar, sazandalar, gözbagçylar, sahnajyklarda toslamaçylar bolup çykyş edip başlaýarlar. Žunglýorlar öz çykyşlary bilen halky şadyýan, azat ýaşaýşa çagyrypdyrlar. Ýiti satiriki häsiýetler bilen gezende talyplar (aktýorlar) çykyş edipdirler. Olar öz çykyşlaryny, aýdymlaryny latyn dilinde alyp barmak bilen Ýerdäki ýaşaýşyň ajaýypdygyny aýdypdyrlar, dini wekilleriň ýetmezçilikleriniň üstünden bolsa gülüpdirler. Fransuz halk teatrlarynyň ilkinji görnüşleri şäher karnawallardan alyp gaýtmak bilen köp Hudaýlylygyň dünýäni duýşyny täze mazmun bilen ýe-rine ýetirmekleri halk köpçüligine durmuşy söýmekligi tomaşaçyda topalaň turyzypdyr. Hristian buthanalary şeýle çykyşlary yzarlap, olary jezalandyrypdyr. Dindarlaryň özleriniň şeýle çykyşlara gatnaşmaklary gadagan edilipdirler.
IX-X asyrlarda dini wagyz-nesihaty güýçlendirmek maksady buthana-larda özboluşly inssirowkalar gurap onda ewangelden (dini ýazgylardan) rowaýatlar, bölekler alnyp, dini (liturgiýa) dramajyklar döredipdirler. Şeýle dramalar gysgajyk gepleşiklerden (dialoglardan) bolup onda sahna bezeginiň başlangyçlary (elemetleri) we wakalaryň geçýän döwrüniň egin-eşikleri geýlipdir. Sahnada Mariýanyň (Merýemiň) Isus Hristosyň (Isa pygamberiň) tabydynyň başynda X asyr suratladyrylypdyr. Şeýle sahna elementleri ýuwaş-ýuwaşdan sazly tomaşany emele getiripdir. XII asyrda dini dramalaryň buthanadan çykarylandan soň, sahna sýužetleri üýtgäp olaryň ýerini Injilden bolan taryhy sýužetler eýeläpdir. Sahna çykarylan sýužetleri diňe bir dini wekiller ýerine ýetirmän buthana zyýarata gelenlerem ýerine ýetiripdirler. Käbir keşpleri döretmek üçin žonglýorlaram çagyrylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen dini dramalar özleriniň berk tertibini ýitirip bazar oýunlarydaky aç-açanlyga geçip ugrapdyr.
Buthana teatrynyň ösmegi bilen halk karnawallary bilen bagly halk tomaşalaram ösüp ugrapdyr. Fransuz teatrlarynyň irki ojaklarynyň biri şäher kružoklary bolup onda öwrenje aktýorlar çykyş edipdirler. Şeýle gurnaklarda şahyrlaryň, aýdymçylaryň ýaryşlary geçirilipdir. Şeýle hem gysgajyk drama sahnajyklary oýnalypdyr. Şolar ýaly tomaşalar erkinlikde bolup şäher baýramçylyklarynda geçirilipdir. Bu tomaşalar Ýüz ýyllyk uruş (1337-1453) sebäpli erkin ösüp bilmändir.
Realistik adatlaryň basylmagyna garamazdan fransuz teatrlaty ösmegini togtatmandyr. Halkyň realistik başlangyçlary şäher meýdançalarynda bolýan tomaşalar bilen aragatnaşykda bolup, demokratik häsiýetli we dini (misteriýalar) dramalar ösdürilipdir. Dini žanrlar orta asyrlara mahsus fransuz teatrlaryndaky demokratik žanrlardan has tiz ösmegini dowam etdiripdir. Dini häsiýetli we dünýewi teatrlaryň arasyndaky dartgynlylyk gitdigiçe güýjäp ýiti häsiýete eýe bolupdyr. Dini žanrlardaky oýunlar şäher häkimleri tarapyndan gurnalyp, açyk asmanyň astynda geçilipdir. Şeýle oýunlar hepdeläp dowam etdirilipdir. Dini pýesalaryň sahna bezegi üçin simultannyý ("Simultannyý”- fransuz dilinde bir wagtda diýen manyny aňladýar. Şeýle bezegler sahnada göni ýerleşdirilip gerek wagty hereketiň manysyna görä ulanylypdyr. Sözlüge seret.) ulanylypdyr. Spektakylda köp sanly ýerine ýetirijiler gatnaşypdyr. Olar şäher bölümlerinden, öwreniji aktýorlardan, te-atrlaryň tomaşaçylaryndan, guramalardan bolupdyrlar. 1402-nji ýylda "Taňrynyň joşgunly doganlary” guramasyna dini dramalary görkezmeklige ygtyýar berlipdir. Dini dramalary görkezmäge ygtyýar edilen gurama öz teatrlaryna "Doganlar” diýen at goýupdyrlar. "Doganlar” öz dramalaryny üsti ýapyk jaýlarda görkezip başlapdyr. 1548-nji ýylda bolsa, "Burgund oteli" teatr üçin ýörüte enjamlaşdyrylypdyr.
Dini we dünýewi dramalaryň ösmegi, hakykaty açyp bilýän komediýa žanryndaky peýda bolan elementler dini ugurlaryň aşak düşmegine getirip- dir. Bu ýagdaý buthana wekillerini we dünýewi häkimýetleri gorka salypdyr. 1548-nji ýylda "Doganlar” teatry ýapylyp, ýurtda diňe moralite, fars, soti žanrlaryny goýmaklyga ygryýar berlipdir. "Doganlar” öz teatrlaryny Parižiň teatr guramasyna geçiripdir. Şol döwürde kazyýet birleşiginiň teatr sungatyny söýüjiler toparynyň "Bazoşi” teatry (XIV asyr) has tapawutlanan teatr hasaplanypdyr. Bu teatr şäher demokratiýasyny goldap, şäher meýdançalarynda çykyş edýän karnawallaryndaky özlerine golaý adatlaram kabul edipdir. Teatr döwlet we buthana wekilleriniň üstünde ajy gülmänem başarypdyr. Olar gülküli kazyýetçilik jedellerem sahnada gurapdyrlar. Fars we soti žanrlary boýunça gülküli sahnajyklaram özleriçe gurnapdyrlar. Satiriki bölejikleri we aýdymlary sahnada ýerine ýetirenleri üçin "Bazoşi” teatry korol häkimýetleri tarapyndan yzarlanmalara sezewar edilipdir. Bu teatr guramasyndan başga-da Parižde we beýleki oba ýerlerinde köp sanly drama teatr birleşikleri bolupdyr. Teatr birleşikleri Pontale ýaly professional fars aktýorlaryny ýetişdirmek ugrunda-da belli bir işler edipdir. XVI asyryň aýaklarynda şäher teatrlarynyň erkin hereketleri sebäpli komediýa žanrlaryny görkezmek gadagan edilipdir. Komediýa žanrynyň gadagan edilmegi bilen komediýaçy aktýorlar Sen-Loran we Sen-Žermen iş gözläp ýarmarkalara siňipdirler. Ýarmarkalarda geçmeýän harytlaryny satmak üçin aktýorlary hakyna tutup şol ýerlerde öz gerekmejek harytlaryny öwdüripdirler. Wagtyň geçmegi bilen ýarmarkada hyzmat edişip ýören köp sanly professionl komediýaçy aktýorlar "Burgund otelindäki” teatr truppalaryna işe geçip, fars repertuarlarynda çykyş edipdirler. Şol aktýorlardan Gotýe-Gargil, Gro-Gilom we Týurlýupen "ýokary görnüşli” spektakllarda-da çykyş edipdir-ler.
XVII asyryň başlarynda "Taňrynyň joşgunly doganlarynyň” Parižde şäherinde uzak wagtlap öz monopoiýasyny saklamagy ýeňiliş bilen tamamlanyp, ähli ygtyýar "Burgund otelindäki” teatr truppasyna geçýär. W.Lekonta öz teatr truppasy bilen şol ýerde ýerleşýär. Bu truppa Fransiýada ilkinji professional teatr truppasy bolmak bilen teatr ýurdyň ähli dramaturglaryna bilelikde işleşmek dogrusynda ýüzlenipdir. Truppa dramaturg A.Ardiniň tragikomediýalaryny, tragediýalaryny, pastorallaryny we häzirki zaman awtorlarynyň pýesalaryny öz sahnasyna çykaryp başlaýar. Köp sanly aristokratik tomaşaçylaryň isleglerini göz öňünde tutmak bilen "Burgund oteli” öz iş usulyny, oýunlaryň görnüşini ýokarlandyrypdyr. Şeýle ýokar-landyrylan oýunlary ýerine ýetiriji wekilleriniň biri aktýor Belroz bolupdyr. Demokratik akyma gulluk edýän tomaşaçylaryň göwünlerini awlamak maksady bilen sahna elmydama fars oýunlary we soňy gowulyk bilen tamamlanýan spektakllar çykarylypdyr. Bu teatryň sahnasynda dini häsiýetli "simultannyý” (birwagtlyk) sahna bezeglerem saklanyp galypdyr. Ýöne, ol sahna bezegleri spektakllaryň täze görnüşli gurluşyna tabyn edilipdir.
Klassisizmiň estetiki düzgünlrini kabul eden täze dramaturgiýa sahna sungatyndan düýpli özgerişligi talap edipdir. Täze çeperçilik ugur "Burgund oteli” teatry tarapyndan uly garşylyga sezewar edilýär. "Burgund oteli” teatry bolsa öňki adaty tragikomediýalaryny we ýönekeýje halk farslaryny sahnasyna çykarmaklygyny dowam etdiripdir. Klassisizmiň talaplaryny kabul eden dramaturglaryň pýesalaryny goýmak üçin 1634-nji ýylda Parižde Kardinal Rişelýonyň howandarlygynda "Mare” teatry açylýar. Teatra döwrüň meşhur aktýory G.Mondori ýolbaşçylyk edipdir. Ol öz tebigylygy boýunça dramaturg Korneliýanyň gaýduwsuz gahrymanlary ýaly gazaply bolupdyr. Şeýle gazaply ýagdaý bilen XVII asyryň beýleki bir tragik aktýory Floridor hem razylaşypdyr. Teatrda sahna çykarylýan dramaturg Rassiniň goşgylaryna, deklomasiýalaryna ýazylýan sazlar baý we ýumşak häsiýetli bolup, aktrisa M.Şanmeläň ýerine ýetiriş ussatlygyna ýol açylypdyr.
XVII-XVIII asyrlardaky klassisizmde dörän sahna mekdebi fransuz aktýorçylyk sungatyna belli bir derejede täsirini ýetirmek arkaly Ýewropa ýurtlarynyň teatrlarynyň ösüş derejesine golaýlaşmaga täsir edipdir. Teatrlarda berk düzgünli çeperçilik kadalar emele gelmek bilen aktýorlar öz hereketlerinde, seslerinde, ýüz-gözi üýtgetmek meselesinde belli bir ussatlyga ýetipdirler. Klassisizm tragediýalarynyň gahrymanlary özleriniň owadan, näzik endikleri bilen dünýewi adamlardan kän bir tapawut etmändirler. Şol bir wagtyň özünde-de olar özleriniň düýpliligi, ägirtliligi bilen tapawutlanypdyrlar. Sahna mekdebiniň uçurymlary özleriniň şahyranalygy, joşgunlylygy, oýun hereketindäki endiganlygy bilen tapawutlanypdyrlar. Klassisizm endiklerinde ýerine ýetiriliş usullarynyň realistik çäkleri komediýa aktýory R.Puassonyň we beýlekileriň ýerine ýerirjiliginde has-da duýulypdyr. Klassisizm sahna mekdebi aktýorçylyk sungatynda dörän başarjaňlyk (amplua) tomaşanyň yzygiderligini guramakda, saklamakda uly mümkinçilik döredipdir. Klassisizmiň çäkliligi aktýorlaryň pýesadaky döwre we personažlaryň egin-eşiklerinde, goý, fransuz aristokratiýasy bolsun, goý, Rim imperiýasy bolsun, taryhy tapawut bildiripdir. Bu ýagdaý milli häsiýetlerde duýulupdyr. Klassisizm aktýorlarynda tebigy dällik, gereginden artyk joşgunlylyk, artykmaç hereket etmek ýaly gerekmejek endiklerem bolupdyr.
Ž.Molýeriň režissýorçylyk we aktýorçylyk işlerinde realistik adatlaryň fransuz dramaturgiýasynda we teatrynda çözüji güýç hökmünde orta çykandygy Ýewropa ýurtlarynda onuň heniz diri wagtynda aýdylypdy. Paižde "Pale-Roýal” teatrynda Ž.Molýer pikirdeşleri bilen täze görnüşli teatr truppasynyň döremegini gazandy. Ž.Molýeriň ilkinji öňe sürmeleri real häsiýetleri suratlandyrmak, keşplerde mahsus çäkleri tapmak, keşpleriň içki dünýäsini öwrenmek we olary daşyna çykarmak komediýalarda mahsus hasaplanypdyr. Bu ýagdaý tragik aktýorlaryň döredýän keşplerinde-de öz ornuny tapypdyr.
Ž.Molýer aradan çykandan soň, "Fransez komediýalary” (1680) teatrynda Ž.Molýer tarapyndan klassisizmiň köne mekdebiniň garşysyna täze esaslaryň salynmagy sebäpli barlyşyksyz göreşler başlanýar. Bu göreşde Ž.Molýeriň şägirdi M.Barona we meşhur tragik aktrisa A.Lekuwrýor teatra täzeligi salmakda aýgytlaýjy zarbany urmagy başarypdyrlar.
Fransuz teatryny magaryflaşdyryjylar teatr sungatynyň halk köpçüligini terbiýelemekde, jemgyýeti ösdürmekde uly güýçdigini tassyklamak bilen feodal gurluşa garşy üçünji bir ideologik gatlagy taýýarlamagyň zerurdygy-ny öňe sürüpdirler. Şol sebäpli XIX asyryň başlarynda "Fransez komediýalary” atly ýurdyň baş teatrynda magaryflaşdyryş dramaturgiýany sahna çykarmak ugrunda göreş yglan edilipdir. Bu ýeňişe olar ýeňillik bilen ýetmändirler. Sebäbi korollyk teatrynyň aktýorlary köne düzgüni özlerine golaý hasaplap dramaturg P.Krebiýonyň "epigon tragediýalaryny” sahna çykarmak bilen teatra bolan monopoliýany (hukuklaryny) saklajak bolupdyrlar. Teatryň ösüşe, täzelige bolan garaýyşlary goldaýan truppanyň bir bölegi magaryflaşma-dramaturglara ýykgyn edipdirler. Şol döwürde "Fransez komediýalary” teatrynyň repertuarynda esasy ýeri dramaturg Wolteriň we onuň yzyny dowam etdirijileriň tragediýalary tutupdyr. XVIII asyryň 2-nji ýarymyndan dramaturg Bomarşeniň "meşşan” dramalary, "gözýaşlar komediýalary”, satiriki pýesalary teatryň repertuarynyň belli bir bölegini tutupdyr. XVIII asyrda magaryflaşdyrmaklygyň täze ugurlarynyň meselelerini çözmäge iň meşhur aktýorlary döredijilikleri gönükdirilipdir. Şol döwürde magaryflaşdyryş klassizmiň iň görnükli aktýorlarynyň biri A.Leken bolupdyr. Ol aktýorlar Baron we Lekuwrýor tarapyndan başlanan ýoly dowam etdirmek bilen kaşaň usullardan, klassisizmiň sowuk gapy teatrlarynyň ýerliksiz dilewarlygyndan el çekipdir. Leken güýçli, gujurly häsiýetleri, klassisizmdäki hakyky ägirtliligiň, düýpliligiň çäklerini, ýönekeýlik we psihologik dogruçyllyk bilen suratlandyrypdyr. Şol döwrüň iň oňat aktrisalarynyň biri M.Dýumeniliň keşplerdäki çyn ýürekden edýän gynançlary, duýgynyň güýji bilen tomaşaçyny özüne çekip bilipdir. Aktýor I.Kleron sahna keşbiniň içki dünýäsini açmakda öz pikrini dogry ugrukdyryp bilmegi başarypdyr.
Klassisizm usullarynyň golaýlaşmagy bilen "Meşan” drama žanrlarynyň ýerine ýetirilişiniň üýtgäp olary ýerine ýetirmekde aktýorlar Ž.B.Brizarom, F.R.Mole, Ž.Ofrenom belli bir keşpler döredipdirler. Rewolýusiýanyň öň ýanynda teatr sungatynda satiriki elementleriň şöhratlandyrylmagy oýunda Molýeriň mekdebiniň döredijiligi aýdyň ýüze çykypdyr. Şeýle keşpleri aktýor-komikler P.L.Prewil, Ž.Dazenkur, Ž.B.Dýugazon döredipdirler.Şol ýyllarda komiki-opera žanrynda aktrisa M.Ž.Fawar üstünlikli çykyş edipdir.
XVIII asyryň aýaklarynda Fransuz rewolýusiýasynyň bolup geçmegi teatrlaryň durmuşynda düýpli özgerişliklere alyp barypdyr. 1791-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda "Teatrlaryň azatlygy hakyndaky Dekretiň” Uçreditel ýygnak tarapyndan kabul edilmegi Korollygyň teatrlara bolan artykmaçlyklaryny ýok edip, ýokary gatlagyň gapylarynda, köşklerde gulluk edýän teatrlary azatlyga çykarypdyr. Şahsy we telekeçilik teatrlara doly rug-sat edilip, awtorlary goramak hukuklary döredilipdir. Şeýle Dekretden soň Pariž şäheriniň özünde 19 sany täze teatr peýda bolupdyr.
Rewolýusiýanyň ilkinji günlerinden başlap, aktýorlaryň syýasy çäklendirme ösüşi ýola düşüpdir. Teatrlaryň işinde täze rewolýusion tomaşaçynyň işeňňir gatnaşygy hem ýola goýlupdyr. Şeýle gatnaşygyň ýokarky nokady "söweşi” dramaturg Şenýeniň "Karl IX” tragediýasynyň üstünde turupdyr. Netijede "Milli teatryň” truppasynyň arasynda bölünşik bolup geçýär. Bölünşikde rewolýusiýany kabul eden aktýorlar "Milli teatrdan” bölünip aýrylypdyrlar. Olardan syýasy satiranyň ussady Ž.B.Dýugazon, gahrymançylykly keşpleri döredýänler Ž.M.Monwel,F.Ž.Talma özleriniň rewolýusion täzeliklerini dowam etdirmek üçin täze "Respublika teatryny” döredipdirler. Täze döredilen teatrda rewolýusion äheňli dramaturgiýa sahna çykarylypdyr.
"Ýakobin diktaturasy” (1793-nji ýylyň 31-nji maýyndan 2-nji iýun aralygynda dowam edipdir. Sözlüge seret.) döwründe ilkinji gezek rewolýusiýanyň ideýalaryny halk köpçüligine ýaýradýan teatry döretmek üçin synanşyklar edilipdir. Parižde we beýleki şäherlerde halk baýramçylyklary gurnalyp, köpçülikleýin halk oýunlary görkezilipdir. Şeýle oýunlar allegorik spektakllardan, pantomimlerden, oratoriýalardan, rewolýusiýanyň ýeňişlerini, respublikanyň gahrymanlaryny suratlandyrýan dramalardan, syýasy farslardan, rewolýusiýanyň duşmanlary paş ediji çykyşlardan ybarat bolupdyr. Tomaşanyň bezeg lişleri döwrüň uly hudožnigi L.Dawidyň baştutanlygynda ýerine ýetirilipdir. Sazy kompozitorlar F.Ž.Gossek we F.A.Filidor tara-pyndan ýazylypdyr.
Bu zatlara garamazdan Hapolion I-iň Birinji imperiýasy (1804-1814) döwründe teatrlaryň ösüşleri çäklendirilipdir. Teatrlaryň ählisini bir teatryň tabynlygyna berip, olar polisiýanyň, döwlet syrlaryny goraýan edaranyň gözegçiliginde bolmaly edilipdir. Şeýlelikde Fransuz teatrlarynda ýene-de monopoliýa döräp häkimýetler tarapyndan bellenen bir teatra tabyn edilipdir. Teatr syýasaty ýurduň häkimýetlerindäki ýokary gatlak tarapyndan ugrukdyrylypdyr. Bu ýagdaý halk köpçüligini sosial-syýasy göreşden daşlaşdyrmak üçin niýetlenen göçüm bolup hyzmat edipdir. Teatrlarda adamy terbiýeleýji spektakllaryň deregine diňe wagt geçirip bolaýjak maksatsyz, bimany oýunlar görkezilipdir.
XIX asyrda teatrlar buržuaz jemgyýetini goldaýan şahsy adamlaryň ellerine geçýär. Teatrlaryň şahsy eýeleri buržuaz jemgyýetiniň göwnünden turaýjak spektakllary sahna çykarypdyrlar. Olar buržuaz tomaşaçysynyň üsti bilen teatrlary gazanç çeşmesine öwrüpdirler. Buržuaz jemgyýetiniň islegini kanagatlandyryp bilýän, daş görnüşinden owadan görünýän spektakllar teatry uly edebiýatdan daşlaşdyrypdyr. Teatrlaryň ýagdaýlaryny demokratyýalaşdyrmak şol döwürde hiç kime başartmandyr.
XIX asyryň 1-nji ýarymynda güýçler deňleşipdir. Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän "Fransuz komediýalary” teatry klassik klassyky repertuaryň özlerinde ýokarydygyna,özünde Talma Mars, K.Dýuşenuýa, Ž.Lafon, Firmen, Monroz ýaly ýokary hilli aktýorlardan düzülen truppanyň bardygyna garamazdan, çeperçilik taýdan öňdebaryjy ideýadan daşda bolup, buržuaz konserwatiw akyma ýykgyn edipdir. XIX asyryň 20-30-njy ýyllaryndaky Arzuwçyllyk we realistik dramaturgiýa, hat-da O.Balzagyň dramaturgiýasam bu teatryň aktýorlary üçin ýat bolupdyr. Kähalatlarda "Fransez komediýalarynda” W.Gýugonyň, A.Winiň, A.Dýumanyň (atasy) pýesalary goýulypdyr. W.Gýugonyň "Ernany” (1830) dramasynyň goýulyşy (premýerasy) Fransuz teatyryň taryhynda bir üýtgeşiklik hökmünde kabul dilipdir. Komediýa aktýorlary Ž.Sansonyň, L.P.Allan-Depreonyň, Ž.Arnu-Plessiniň we F.Ranýeniň çykyşlary sosial ähmiýetli meseleleri açyp görkezmändir.
XIX asyryň 1-nji ýarymynda teatrlaryň öňdeligi ugrundaky göreşe esasan bulwar teatrlary bolan "Port-Sen-Marten”, "Ambi-gýu komik”, "Gýote”, "Fýunambýul” we beýleki teatrlar dalaş edipdirler. Bu açyk dalaşlar Parižde Fransuz teatrlarynyň sanynyň artmagyna alyp gelipdir. Şol döwürde Parižde 20-teatr peýda bolýar. "Iýul monarhiýasy” (monarhiýa ýeke-täk hökümdarlyk) döwründe olaryň sany 40-dan geçipdir. Oba teatrlarynyňam sany güngeldikçe köpelipdir. "Bulwar” teatrlary öz repertu-arlary boýunça hiç hili ideýasyz, goragçy (ohranitelniý) dramaturgiýa ha-saplansada ol teatrlaryň sahnasynda-da "klerikal” (Klerikal”- buthananyň syýsatyny we medeniýetini ýökarladyrmaga çalyşýan akym. Sözlüge seret.) we feodal jemgyýete garşy çykyşlar edip, demokratiýany gorap, sosial deňsizligi açyp bilýän baý we hyjuwly eserleri sahna çykarypdyr. Ynsanperwerçilikli ugra gönükdirlen W.Gýugonyň, A.Dýumanyň (atasy) dramalaryny, F.Piýanyň, F.Sulýeniň sosial melodrammalaryny,O.Balzagyň we beýleki dramaturglaryň pýesalaryny sana çykarypdyrlar. Bu ýerde milli joşgunly hakyky wodewel aktýolary W.Dežaze, Ş.G.Potýe, P.Lewassýor, Ž.Ş.Odri arzuwçyllyk äheňli wodewellerdäki keşpleri döredenlerinde XIX asyryň 20-40-njy ýyllarynyň demokratik we rewolýusion ideýalaryndan ugur alypdyrlar. Bu teatrda ýurdyň meşhur aktýorlary Frederik-Lemetr, M.Dowral, P.Bokaž, Ž.B.Debýuro we beýlekilerem ösüp ýetişipdirler. Ösüp ýetişen bu aktýorlar klassizm mekdebiniň umumylaşdyrylan häsiýetlerinden daşda durup döredýän keşplerindäki içki duýguny, häsiýetleri ynandyryjylykly edip tomaşaça ýetirmrgi başarypdyrlar. Olar ýönekeý adamlaryň içki ruhy baýlygyny sosial we durmuşy häsiýetlerini ussatlyk bilen teatr sahnasyndan berip bilipdirler. Teatrda sahna sungaty tankydy realizm ugur boýunça ösüşe tarap ýol çekipdir. Dramaturglar Lemetriň, Sent-Amanyň, Owerniň, Antýeniň, Aluýanyň bilelikde ýazan "Rober Maker” (1834) pýesasynda baş keşbi döreden aktýor Frederik-Lemetr fransuz teatrynda ilkinji bolup tankydy realizmiň düýbüni tutupdyr. Aktýor şahsy häsiýetleri we sosial durmuşy suratlandyrmakda zamandaşlarynyň "Iýul monarhiýasyny” nähili kabul edýändiklerini, meýilleriňi açmagy başarypdyr.
1948-nji ýylyň "Fewral rewolýusiýasy” döwründe E.Raşeliň döredijiligi "Fransuz komediýalary” teatrynyň sahnasyna klassiszm tragediýalaryndaky bolup geçen wakalary döwrüň zalymlylygy bilen utgaşdyryp bermegi uly üstünlik bolup hyzmat edipdir. Bu ýagdaý Fransuz proletarýatynda ýene-de buržuaziýa dolanyp gelner gorkusyny döredipdir. 1848-nji ýylyň iýun aýynda fransuz proletarýaty teatrlaryň repertuarlaryny gorag astyna alypdyr. Şeýle goraga A.Dýumanyň (atasy), E.Ožýeniň, W.Sardunyň pýesalaram düşüpdir.
1871-nji ýylyň Pariž Kommunasy döwründe Fransuz teatrlary ýene-de
ösüş adatlaryna dolanypdyr. Kommunanyň häkimýetleri teatrlarda täzeden guramak işlerine ünsi güýçlendiripdirler. Täze häkimýetler şeýle etmek bilen teatry-aktýory jemgyýetiň terbiýeçisi hökmünde görüpdir. 1871-nji ýyldan soň ýurtda emele gelen syýasy reaksiýa buržuaz teatrlaryny uly pese gaçmalara alyp barypdyr. "Fransuz komediýalary” teatrynyň meşhur tragik aktýorlary Sary Bernaryň, Ž.Mune-Sýulliniň döredijiligi öňde baryjy jemgyýetçilik pikiri bilen baglanyşykly bolmandyr. Olaryň döredijiliginde "akademizmiň” (Bu ugur ylmy işlerde we okuw işlerindäki tejribelerden, durmuşyň edýän talaplaryndan üzňe bolan ugur. Sözlüge seret.) çäklerinde "stilizasasiýadan” (Gadymy zatlara öýkünmek, olary tertibe salmak, çeper edebiýatdan we sungatdan täsirlenmek) ugur almak ýokary bolupdyr. Realistik adatlar komediýalarda we dramalarda saklanypdyr. XIX asyryň 2-nji ýarymynda "Fransuz komediýalary” teatrynyň görnükli komediýa we drama aktýorlary F.E.Gonyň, B.K.Kokleniň döredijilikleri gepleşik žanrynda, hereketde, sahnada logika gabat gelýän, sosial häsiýetleri döretmekde üstünlikden peýdalanypdyrlar. Bu zatlara garamazdan fransuz sahna sungatyda görnükli hasaplanýan aktýorlaryň realizmi çäklije bolmak bilen olaryň döredijiligi döwrüň wajyp meselelerini çözmege kömek etmekden has bärden gaýdypdyr. Şol döwrüň "Fransuz mekdebiniň” aktýorçylyk sungaty daşky görnüşi ussatlarça suratlandyrmaga häsiýetli bolupdyr. XIX asyryň 2-nji ýarymynda manysyz, bimany (bulwar) teatrlaram özleriniň demokratik häsiýetlerini ýitirip, buržuaz tomaşaçysyny güýmeýän merkeze öwrülipdir.
Fransuz teatrlaryny düşen kerebinden boşatmakda fransuz režissurasynyň düýbüni tutujy akrtýor, "Azat teatr” (1887-1896) atly teatry gur-naýjy A.Antuan belli bir wajyp işleri edipdir. "Azat teatr” 1897-1906-njy ýyllar aralygynda "Antuan teatry” atlandyrylypdyr. Soň A.Antuan "Odeon” (1906-1914) teatryna ýolbaşçylyk edipdir. A.Antuanyň döredijiligi Fransuz teatr sungatynyň ösmeginde belli bir derejä ýetenem bolsa, ol naturalizmiň” uly täsirinden saplanyp bilmändir. Ol öz döredijiligini döwrüň realistik dramaturgiýasy bilen baglaşdyrmagy niýet edinip, E.Zolýanyň, L.N.Tolstoýyň, G.Ibseniň, G.Gaupmanyň eserlerine ýüzlenmek arkaly mazmunyň we hakykatyň ahlak garaýyşlaryny sahnada tassyklamak isläpdir. A.Antuan teatr sahnasynda sahna ansamblyny, psihologik çuňlugy, aktýorlaryň oýnun-daky tebigylygy döretmekçi bolupdyr. A.Antuan spektaklyň täzeçe režissýorçylyk çözgütlerini gözläp, sahna çykarylýan eserlerde pikir birligini gazan-maklygy we durmuş hakykatyny açmaklygy öňe sürüpdir. Beýleki teatrlarda işlän görnükli aktýorlar L.Gitri we G.Režan milli realistik adatlary ösdürmek-de bir näçe işleri edipdirler. Bu aktýorlar XX asyryň teatr sungatyna ýol çekmek bilen sahnada heniz görülmedik ýönekeýligi, hakykaty, ýaşaýşyň ruhy kynçylyklaryny açyp bilipdirler. G.Režan Fransuz sahnasyna çykarylýan dramaturglar G.Ibseniň, A.Dodeniň, A.Bekiň, A.Fransyň eserlerinde sungatyň iň inçe psihologik häsiýetlerinden ugur alypdyr.
Ýurtda syýasy göreşleriň ýitileşmegi Fransuz halk teatrlarynyň mesele-lerine bolan gyzyklanmany ýüze çykarypdyr. XX asyryň ilkinji ýyllarynda Parižde we ondan çetki ýerlerde halk teatrlaryny döretmek dogrusynda köp sanly synanşyklar edilipdir. Bu ýagdaýlar sosialistik hereketler bilen bagly bolup, režissýor-simwolistleriň (Simwolizm - XIX asyyň ahyrlarynda XX asyryň başlarynda buržuaz edebiýatynda we sungatynda imperializme garşy akym) täsirinde bolup, stilizasiýa (Stilizasiýa - gadymy zatlara öýkünmek, olary tertibe salmak, çeper edebiýatdan we sungatdan täsirlenmek) ýüz urup dini eserlerden peýdalanmaklyga ge-tiripdir. Fransuz teatrlarynda halk teatrlary baradaky öňe sürmeler köp sanly görnükli teatr işgärleriniň irginsiz gözlegleri neijesinde tassyk bolupdyr. XX asyryň başlarynda halk teatrlarynyň teoretigi, baýdak göterijisi R.Rollanyň "Şatlyk, göwnihoşlyk, bilim” diýen şygary amala aşylypdyr.
XIX asyryň soňky on ýyllygyndaky imperialistik syýasata garşy tolkun atýan nägilelik Fransiýanyň çeperçilik intelligensiýasynyň arasynda ösüpdir. Hat-da realizmiň pese gaçmalary simwolizmiň ("Simwolizm”- XIX asyryň aýaklarynda XX asyryň başlarynda buržuaz edebiýatynda we sungatynda imperializme garşy akym) joşgunly akymynyň täsiri ösýän režissýorçylyk sungatyna-da tutalga bolypdyr. XIX asyryň 90-njy ýyllarynda dörän teatrlar topary kommersiýa teatrlarynyň naturalizm akymyna garşy çykyş edip, öz güýçlerini kyssadaky kapitalistik hakykata garşy goýup teatrlary dürli serişdeler arkaly ösdürmäge çalşypdyrlar. Bu öňe sürmelere garamazdan, belli bir oňaýly teatr maksatnamasynyň bolmazlygy döwrüň jemgyýetçiligi bilen teatr durmuşynyň arasynda böwşeňlik döredipdir. P.Foruň ýolbaşçylyk edýän "D'ar teatrynda” (Bu "del arte” teatryny aňlatmaýar, 1890-1892) teatrynda, O.M.Lunýe-Ponyň ýolbaşçylyk edýän "Ewr” (düýbi tutulan wagty 1893) teatrynda tejribeçilik garaýyşly sussupeslige ýol açypdyrlar. Ýurduň tanymal režissýorlary beýle tejribäniň hakykatdan üzňedigine tiz düşünipdirler. Sahna çykarýan eserleriniň hakykatdan daşdadygyna göz ýetiren režissýor O.M.Lunýe-Po öz spektakllarynda şahy-rana umumylaşdyrmaga ýüz urmak bilen klassyklsr U.Şekspire, J.Baýrona, A.Mýussä ýüzlenipdir. Ol döwrüň dramaturgiýasynda jem-gyýetiň wajyp meselelerini gozgap bilýän G.Ibseniň, B.Býornsoyň, Ý.A.Strin-dbergiň, R.Rollanyň, M.Gorkiniň eserlerinem sahna çykarypdyr. "Dez Ar" teatrynyň” (1910) düýbüni tutan Ž.Ruşe simwolist gözleglerini goýup, dünýä belli režissýorlar bolan G.Kregiň, M.Reýnhardtyň, G.Fuksiň, A.Appianyň W.E.Meýerholdyň režissýorçylyk tejribelerine ýüzlenipdir. Bu teatra çeperçilik garaýyşlaryň (eklektika), täzeçe gözleýişleriň (modern), gadymy zatlara öýkünmek,olary tertibe salmak, täsirlenmek (stilizasiýa) mahsus bolupdyr. Ž.Ruşa görnükli fransuz režissýorlary we aktýorlary bolan Ş.Dýullen, L.Žuwe ýalylary daşyna ýygnap teatr truppasyny döretmek başardypdyr.
1913-nji ýylyň aýaklarynda 1-nji Jahan urşunuň öň ýanynda "Wýo kolombýe” ("Kepderi ketegi") teatry açylýar. Teatry guramaçysy görnükli Fran-suz režissýory Kopo teatr sahnasyna şahyrana filosofiýany we psihologik inçeligi çykarmak bilen naturalistik äheňli, simwoliki gözlegli eserlerden daşlaşypdyr. Kopo üçin iň esasy zat spektaklda aktýoryň pikirlenip bilişi we duýuşy bolupdyr. "Wýo kolombýe” teatrynda ýurduň belli režissýorlary we aktýorlary Ş.Dýullen, L.Žuwe, W.Tessýe, M.Sen-Deni, M.E.Daste işläpdir. Şeýle ýokary hünärli sahna sungatyna berlen adamlar bilen işlemegine garamazdan Koponyň döredijiligi laboratoriýa häsiýetden aňry geçmändir. "Wýo kolomýe” teatry döwrüň ýiti häsiýetli meselelerini köp sanly tomaşaçylaryň öňünde çözmekden daşda bolupdyr.
1-nji Jahan urşundan soň, fransuz teatr işgärleriniň arasynda töleg meselesinde käbir oňuşmazlyklar bolup geçipdir. 20-nji ýyllarda bulwar teatrlarynda wagt geçirmek üçin goýulýan oýunlar gülläp ösüpdir. Muňa garamazdan kähalatlarda demokratiýa garşy reaksion pýesalaram sahna çykarylypdyr. Buržuaz teatrlaryndan göwünleri suw içmedik köp sanly görnükli teatr wekilleri özleriniň närazylyklaryny bildirip ugrapdyr. "Awangard” teatryna degişli bolan 20-40-nji ýyllaryň meşhur režissýorlary öz döredijiliklerini hususy teatrlaryň garşysyna goýupdyrlar. "Awangard” teatrynyň ýaşuly nesline degişli režissýorlary O.M.Lýunýä-Po, Kopo, "Kartelýa” (1926-njy ýylda döredilen) teatrynyň režissýorlary L.Žuwe, Ş.Dýullen, Ž. Pitoýew, G.Bati öz aralarynda döredijilik birleşigini guramak arkaly birleşip, umumy adamzada mahsus filosofiki gylyk-häsiýetlere degişli döwrüň meselelerini açyp bilýän teatr repertuaryny döretmegi ýola goýupdyrlar. Bu re-žissýorlar birleşigi A.P.Çehowyň, B.Şouwyň ýokary ynsanperwerçilikli, sosial meseleri düýpli açyp bilýän pýesalaryny, özleriniň satiriki dramalaryny belli bir ugra ýykgyn edip döwrüň düýpli meseleleri gozgap bilýän dramaturglar Ş.Wildrakyň, Ž.Dýuameliň, Ž.Rumeniň, Ž.Romeniň, A.Sakakrunyň eserlerini, liriki-arzuwçyllyk eserler ýazýan dramaturglar M.Aşaryň, Ž.Anuýyň, teatryň klassikleri U.Şekspiriň, Ž.B.Molýeriň, göçme manyly eserleriň awtory P.Koledelýanyň, ukyply,edenli adamlar dogrusynda ýazýan dramaturglar Ž.Žirodynyň, L.Pirandellonyň eserlerini Fransuz tearlarynyň sahnasyna çykarypdyrlar. Režissýorlaryň bu birleşiginiň alyp barýan işleriniň düýp manysy Günbatar Ýewropa ýurtlarynda intelligensiýa 2-nji Jahan urşunyň öň ýanyndaky howpy duýdurmak, abanýan howpa garşy baş götermäge çagyryş bolup hyzmat edýän pýesalar bolupdyr. Olar abanýan howpy ýiti tankyt, ynsan-perwerçilikli filosofiýa ýugrulan garaýyşlaryň esasynda beripdirler. Režissýorlaryň ýolbaşçylygynda "Kartelýa” teatrynyň K.S.Stanislawskiý bilen Ko-podan soň, aktýorçylyk sungatynda keşpleriň içki duýgysyny, öz döredýän, suratlandyrýan keşplerine öňi bilen özleriniň ynanmaklaryny talap edipdir-ler.Teatryň režissýorlary şeýle talaplary netijede "Kartelýanyň” sahnasynda L.Pitoýewa, M.Žamuýa, M.Simon, E.Dekru ýaly keşplere inçelik bilen girip bilýän aktýorlar döräpdir.
Görnükli režissýorlaryň gözlegleri bulwar teatrlarynada öz uly täsirini ýetiripdir. Bulwar teatrlarynyň dramaturglardan edýän talaby güýçlenipdir. Teatrlaryň aktýorlary inçe psihologiýany, tebigylygy ýerine ýetirýän keşplerine siňdirip, öz ussatlyklaryny geregiçe artdyryp ugrapdyrlar. Aktýorlar W.Buş, G.Morle, I.Prentan has-da tapawutlanypdyr.
30-njy ýyllaryň 2-nji ýarymynda "Fransuz komediýalary” teatry özünde M.Reno, Ž.Ýonnel, F.Ledu, Berten, B.Bretti, B.Bowy, M.Bel ýaly zehinli aktýorlar truppasyny özünde birleşdirmek bilen ösüş ýoluna düşüpdir. "Fransuz komediýalary" teatry teatryň döredijilik işine Kopo, Žuwe, Duýllen, Bati ýaly zehinleri çekmek bilen birnäçe ajaýyp spektakllary sahnasyna çykarypdyr.
Fransuz demokratik teatrlary 20-nji ýyllarda uly realist pikirli aktýor we režissýor F.Žemýe tarapyndan öňe gidişlikler gaznypdyr. F.Žemýe, R.Rolla-nyň ideýasyny dowam etdirmek bilen "Milli halk teatryny” (1920) gurnapdyr. Bu teatr baýramçylyk-spektakllaryny sahna çykarypdyr. Ol "Halkara sahna birleşigini” teatryny döretmegiňem öňüni başlaýjysy bolupdyr. Şeýle teatry döretmekligiň esasy maksady dünýä teatrlaryň ösüşini kesgitlemekden ybarat bolupdyr. Şol ýyllarda işçi höwesjeň teatrlaram döräp ugrapdyr. 30-njy ýyllarda esasanam, Halk frontynyň ýeňişinden soň, Ýewropada faşizme garşy demokratik häsiýetli teatrlarda ösüş uly häsiýete eýe bolupdyr.
1932-nji ýylda "Fransiýanyň işçiler federasiýasy”, onuň yz ýanyndan "Fransiýanyň garaşsyz teatr birleşigi” döredilýär. Bu döredilen teatrlaryň esasy maksady proletarýatyň syýasatyny buržuaz sahnasyna garşy goýmakdan ybarat bolupdyr. Şol ýyl "Halkara hereketi teatrynda” režissýor L.Mussinak, Ž.R.Blok bilen bilelikde Ws.Iwanowyň "Bronepoýezd-14-69” spektaklyny sahna çykarypdyr.
1935-nji ýylda Parižiň Medeniýet öýünde görnükli režissýor A.Lesýuer tarapyndan "Halk teatry” döredilipdir. Teatryň işine sahna ussatlary L.Mussinak, Ž.R.Blok, A.Lenorman, Ş.Wildrak, A.Onerger gatnaşyp, "Halk teatry-nyň” sahnasyna Lope de Weganyň "Goýun çeşmesi”, M.Gorkiniň "Ene” ro-manynyň inssenirowkasy, A.Blogyň "Şäheriň dogluşy” eserleri çykarylypdyr.
1939-1945-nji ýyllarda dowam eden 2-nji Jahan urşy döwründe Fransuz teatrlary ösüşini togtadypdyr. Köp teatrlar ýapylypdyr. "Fransez komediýalary” kynlyk bile işlemegini dowam etdirip, Ž.L.Barronyň ýolbaşçylygynda birnäçe spektakl sahna çykarylypdyr. "Atekýe” teatryna 1940-njy ýylda A.Barsak, "Teatr de Pari” teatryna bolsa Ş.Dýullen ýolbaşçylyk edip-dir. Bu režissýora gorkuly hem bolsa, kähalatlarda faşizme garşy, halky göreşe çagyrýan spektakllary sahna çykartmak başardypdyr. Režissýor Ş.Dýullen dramaturg Sartraň "Siňekler” (1943), režissýor A.Barsak dramaturg Anuýanyň "Antigona” (1943), režissýor Ž.L.Barro dramaturg Klodelýanyň "Atlas başmajygyny” (1943) pýesalaryny sahna çykarylypdyr. Bu pýesalaryň üçüsinde-de faşizme garşy çagyryşlar inçelik bilen ýaňlanypdyr.
Nemes basybalyjylaryndan azat bolan fransuz teatr sungatynda joşgunly Galkynyş eýýamy başlanýar. Fransuz teatr sungaty ýurdyň daşyndan gelip terjime edilen gandökişikli spektakllara garşy durup, öz milli adatlaryny saklamaga göreş yglan edipdir. Ýurduň öňde baryjy jemgyýetçiligi köne teatrlarynyň biri "Fransez komediýalarynyň” daşyna fransuz teatrlarynyň iň öňdebaryjy Ž.L.Barro, M.Reno, P.Dýuks, Ž.Ruriýson, Ž.Meýer, L.Senýe, A.Dýuko, Ž.Berto ýaly režissýorlarydyr, aktýorlary jebisleşdiripdir. Bu teatryň repertuarynda fransuz dramaturgiýasynyň nusgawy eserleri giň gerime eýe bolupdyr. Bu edilýän aladalara garamazdan teatrda girizilýän täzelik başlangyçlary edil öňküleri ýaly çäkli bolupdyr. Köp spektakllarda aktýor us-satlygynyň ýokarylygyna garamazdan "Muzeý” goragynyň başlangyçlary ýaly artykmaçlyk edipdir.
Fransiýada hem beýleki kapitalistlik ýurtlarda bolşy ýaly hemme teatrlarda durnukly aktýor truppalary bolmandyr. Durnukly aktýor truppalary diňe döwlet teatrlary hasaplanýan "Fransez komediýalary”, "Milli Halk teatry” ýaly uly teatrlarda saklanypdyr. Şeýle hem, Ž.L.Barro, M.Reno, A.Barsak ýaly görnükli teatr wekilleriniň ýolbaşçylyk edýän teatrlarynda durnukly aktýor truppalary işläpdir. Ýurduň galan teatrlarynda her teatr möwsümi üçin aktýor truppalaryny ýygnapdyrlar. Bulwar teatrlarynda şol bir gaýtalanýan pýesalar höküm sürensoň olarda-da durnukly aktýor truppalary bolman her spektaklda üýtgäp gurupdyr. Bu teatrlarda köplenç ýeňil komediýalar, farslar oýnalypdyr. Bulwar teatrlarynda-da kähalatlarda ýiti sosial syýasy meseleleri öz içine alýan pýesalara-da ýüz urlupdyr. Şeýle pýesalaryň sakasynda görnükli režissýorlar A.Salakru, Ž.Soriýa, A.Miller durupdyrlar. Bulwar teatrlarynda-da görnükli aktýorlar P.Brassýor, M.Kazares, I.Montan, S.Sinorýe, S.Flon, D.Iwernel, Ž.Fabry, R.Kodža keşpler döredipdirler.
20-30-njy ýyllardaky "Awangard” teatrynyň yzyny dowam etdirijiler "awangardçy” režissýorlardyr, aktýorlar Ž.L.Barro, M.Reno, A.Barsak, R.Rulo, S.Pitoýew we beýleki görnükli teatr wekilleri öz halypalarynyň çekip giden ýollaryny dowam etdirmek arkaly Fransuz adatlarynyň üsti bilen ynsan-perwerçilikli şahyrana ideala ýugrulan teatry döretmek meselelerinem orta atypdyrlar. Bu teatr wekilleri öz öňlerinde goýan wezipelerini ýola goýmak üçin Eshiliň, Şekspiriň, Molýeriň, Mariwonyň, rus dramaturglary Çehowyň, Gorkiniň, Turgenýewiň, Maýakowskiniň eserlerini sahna çykarmaga başlapdyrlar. Şeýle özgerişliklere garamazdan fransuz dramaturgiýasynyň milli çeperçilik meselelerini tejribede çözmek maksady bilen dramaturglar A.Kamýunyň, Ž.Anuýyň, A.Salakrunyň, A.Gattiniň eserlerine has köp üns berlipdir. Olaryň eserlerindäki ýokary göterilýän syýasy, sosial, filosofiki, psihologik, ahlak meseleleriň fransuz durmuşyna has golaýlygy bilen düşündirilipdir.
Halk adatlaryny ösdürmekde pantomimoçy M.Marsonyň sungaty özboluşlylygy, ynsanperwerligi, demokratik häsiýetleri bilen köp ýurtlaryň tomaşaçylarynyň ünsüni çekmek bilen olaryň ynamyny gazanypdyr.
Fransuz teatr wekilleri özleriniň halkara aragatnaşygyny giňden ýaýbaňlandyrmak bilen Parižde "Milletiň teatryny” döretmekligi gazanypdyrlar. Bu teatr öňki "Sary Berhar” teatrynda ýerleşmek bilen dünýäniň köp ýurtlaryndan bolan teatr truppalaryň gatnaşmagynda Halkara teatr festiwallaryny gurnapdyrlar.
Fransuz uruşundan soňky döwürde teatr truppalaryň joşgunly ösüşiniň şertlerinde demokratiýa ýugrylan realizm adatlarynda halk teatrlarynyň ideýalary uly güýç bilen ýaýbaňlaşdyrylypdyr. Netijede režessýorlar K.Arariniň ýolbaşçylygynda "Garaşsyz teatr”, K.Marteniň ýolbaşçylygynda "Parižiň köpri sütünleri”, Ž.Satruniniň ýolbaşçylygynda "Halk teatry” we başga-da köp sanly ýaş teatrlar peýda bolupdyrlar. Parižden uzak ýerlerdäki şäherler-de, etraplarda-da teatrlararyň sany artypdyr. Ol ýerlerde faşizme garşy dramaturgiýa degişli Kruçkowskiniň "Nemesleri”, rewolýusiýany suratlandyrýan W.Wişnewskiniň "Optimistik tragediýasy” (ikisem-1950 ý) režissýory K.Arary, Petrowyň "Parahatlyk adasy” (1950), sowyk urşa garşy dünýäde alnyp barylýan çagyryşy suratlandyrýan Marteniň "Anri Marteni” (1951) režissýory Ž.Satru, Sorianyň "Howpy” (1954) režissýory A.Selýe sahna çykarylypdyr. Şol döwürde ýurdyň iň uly teaty "Milli Halk teatry” (MHT) bolmak bilen 1951-nji ýyldan başlap bu teatra görnükli aktýor we režissýor Ž.Wilar ýolbaşçylyk edipdir. Ol teatra zehinli aktýorlar Ž.Filipi, M.Kazaresi, D.Soranony çekmek bilen teatrda Korneliň, Molýeriň, Gýugonyň, Mosseniň, Şekspiriň, Mariwonyň, Balzagyň, Bomarşeniň, Lesažyň nusgawy eserlerine ýüz urupdyr. MHT öz döwrüniň meselelerine ýüz urmak bilen ilki magaryfçylyk ugra ýüzlenipdir. Soňra MHT faşizme garşy Bütindünýä göreşine goşulyp sahna çykarylan dramaturg Brehtiň "Kuraž eje we onuň çagalary” (1951), Artur Uiň derejesi” (1960) pýesalaryny tomaşaçylar tarapyndan iň oňat garşylanan eserleriň biri bolupdyr. Ž.Wilar teatr sungatyny halka has golaý ýetirmek maksady bilen işçileriň arasyna gastrollara köp çykypdyr. Ol her ýyl tomus aýlary teatr festiwallaryny gurnamak bilen Awinon, Arras, Arle şäherlerinde açyk asmanyň astynda tamaşaçylara spektakllar görkezipdir. Umuman MHT halk teatrlary barada, olaryň öňlerinde durýan meselelere dünýä jemgyýetçiligini özüne çekmegi başarypdyr. 1963-nji ýyl-da Ž.Wilar MHT-dan gidenden soň, teatra görnükli aktýor Ž.Wilson ýolbaş-çylyk edipdir. Onuň ýolbaşçylygynda ýiti syýasy ýagdaýlary açýan häzirki zaman dramaturgiýasyna baş urmak bilen dramaturg Werkoryň "Zoo” (1964), Osbornyň "Lýuter” (1964) pýesalaryny sahna çykarypdyr. Ol nusgawy eserlere ýüzlenip M.Gorkiniň "Günüň çagalaryny” MHT-nyň sahnasyna çykarandan soň, öz raýatlyk borjuny ýerine ýetirmek üçin täzeden syýasy dramaturgiýa degişli "Oppengeýmeriň işi” (1965) atly pýesany beýleki bir "Anteý” teatrynyň sahnasyna çykarypdyr.
50-nji ýyllaryň aýaklarynda işçi teatrlary döredilip gaşlanýar. Işçiler säherjiginde "Gündogar etraby” teatry çeper ýolbaşçysy G.Retore, Sen-Dendi şäherinde ,"Žerara Filip” adyndaky teatry çeper ýolbçysy Ž.Rusiýon, Wilžýuif şäherinde "Romen Rollan”adyndaky teatry çeper ýolbaşçysy R.Žebral, Wensenne şäherinde "Danilýa Sorano” teatry çeper ýolbaşçysy P.Deboş işe başlapdyr. Bu täze açylan teatrlar M.Gorkiniň, B.Brehtanyň, Ş.O.Keýsiň, A.Adamowyň, Aristofanyň, U.Şekspiriň, fransuz nusgawy dramaturglarynyň pýesalary sahna çykarypdyrlar. Bu teatrlaryň işläp başlamagy Fransuz teatr sungatynda uly hadysa bolupdyr.
Fransuz teatrlarynda 2-nji Jahan urşundan soň, ýurdyň çetki künjeklerinde ýerli teatrlaryň açylmagy medeniýetiň ösmegine getiripdir. Uruşdan öň ähli teatrlar diýen ýaly Parižde we Pariže degip duran ýerlerde bolupdyr. Bu ýerde öň režissýorlar Žemýenň, Koponyň teatr medeniýetini ýurdyň ähli ýerlerine ýetirmek ugrundaky aladalary kän bir ýerine düşmändir.
1945-nji ýylda Strasburde, Rennede, Sent-Etýennede, Eksan-Prowansda, Tuluzda jemi bäş sany teatr açylypdyr. Ýurduň daş künjeginde işçiler şäherçesi Lionada açylan "De la site” teatry çeper ýolbaşçysy R.Planşon tiz wagtyň içinde Molýeriň, Gogolyň, Brehtiň pýesalaryny we faşizme garşy göreşe çagyrýan, demokratiýany goraýan eserleri sahna çykarypdyr.

• Fransuz sazly teatry (operasy)

Heniz fransuz milli operalary döremänkä, Parižde italýan kompozitorlarynyň operalary goýlupdyr. 1647-nji ýylda Parižiň "Pale-Roýal” teatrynda Rossiniň "Orfeý” operasy goýlupdyr. Şol teatrda "wenesian mekdebinden” bolan kompozitor Kawalli "Kserks” (1661), "Söýgä sataşan Gerkules” (1662) operalaryny goýupdyr. Kompo-zitor Ž.B.Lýulli ,,Kserks” operasynyň balet sahnasyny ýazypdyr.
Fransuz operasynyň döremegi Parižde saz Akademiýasynyň 1671-nji ýylda bina edilmegi bilen baglanyşykly. 1875-nji ýylda bu saz Akademiýasy "Grant-Opera” teatryna öwrülipdir. Bu teatra goşmaça jaý salmak üçin Korol Lýudiwik XIV şahyr P.Perrene pul harajadyny goýberipdir. P.Perren kompozitor P.Kambero bilen teatryň köp ýerlerini dikeldenlerinden soň, şol ýerde "Pomona” (1671), "Söýgüniň jebri we şatlygy” (1672) operalaryny goýupdyrlar. Soň teatryň ýolbaşçylygy Lýulliniň eline geçipdir. Lýulli tanymal kompozitor bolmak bilen XVII asyrda fransuz milli nusgawy opera sun-gatynyň düýbüni tutan hasaplanýar. Ol Fransyz operasynda liriki tragediýa-laryň ussady bolmagynda galýar. Lýulli 15-sany liriki tragediýanyň awtory bolmak bilen, ol Grek-Rim mifologiýasynyň Antik eýýamynyň sýužetlerine ýüzlenipdir. "Amura we Wakha baýramçylygy” (1672), "Alsesta” (1674) operalaryny we "Ajaýyp söýgi” (1681) opera-baletini, "Ýylyň pasly” baletini ýazypdyr. Lýulliniň eserleriniň librettosini fransuz klassisizminiň uly wekili F.Kino döredipdir.
Lýulliniň operalarynyň häsiýetli tarapy gahrmançylyga ýugrylan gapma-garşylyklaryň, garşyma-garşy bähbitleriň çaknyşyklaryň ýokary dramatizmini (kollizim) açmaklykdan ybarat. Lýulliniň ýolbaşçylyk edýän sazly teatry Fransuz ruhynyň Lýudiwik XIV şalyk eden döwründäki absolýutizmden habar beripdir. Lýulliniň antik eýýamyndan alan liriki tragediýa sýužetleri şertleýin häsiýetlere eýe bolupdyr. Görkezilýän spektakllar özleriniň düýpliligi, ululygy, ägirtligi we sahna bezeginiň, aktýorlaryň egin-eşikleriniň juda baýlygy bilen gurply adamlaryň gapy teatrlaryna çalym edipdir. Lýulliniň opera dramaturgiýasy öz mazmuny boýunça rasionallygy bilen has tapawutlanypdyr. Spektaklyň balet bölümindäki ulanylýan saz we dramaturgiýa operanyň esasy hasaplanypdyr. Wokal aýdymlary (partiýalary) reçitatiw ("Reçitatiw”- sözleri we sözlemleri sokduryp aýdym ýaly aýtmak. Sözlüge seret.) häsiýete eýe bolupdyr. Operalaryň başynda allegorik girişler bolupdyr. XVII asyryň 60-njy ýyllarynda Lýulli dramaturg Molýer bilen golaý döre-dijilik aragatnaşykda bolup onuň "Bialaç nika” (1664), "Dworýançylykdaky meşşançylyk”, "Jenap de Pursonýak” (ikisem 1670) komediýalaryna saz ýazyp opera görnüşinde sahna çykarypdyr.
Lýulli aradan çykandan soň, fransuz liriki tragediýalarynyň pese gaçma möwrüti başlanýar. Opera režissýorlary A.Kampranyň, A.Detuşyň, Moren-Maranyň sahna çykarýan spertakllarynda köp halatlarda sýužet bütewüligi saklanmandyr.
Fransuz operaladyndaky täzeden galkynyş kompozitor Ž.F.Ramonyň döredijiligi bilen baglanyşykly. Ž.F.Ramo saz Akademiýasynda "Ippolit we Arisiýa” (1733), "Kastor we Polkus” (1737), liriki tragediýalaryny sahna çykaryp, Lýulliniň döredijilik adatlaryny ösdüripdir. "Mylaýym Indiýa” (1735) opera-baletini sahna çykaranda ol režissýor A.Kampranyň döredijilik adatlaryndan ugur alypdyr. Ž.F.Ramonyň sazlary XVIII asyrda inçe psihologiýasy, baý owazlylygy, dartgynlylygy, açyk adatlary bilen Fransiýada iň ýokary derejeleri eýeläpdir. Bu zatlara garamazdan Ž.F.Ramonyň operalary gapy sungatynyň şertleýin çäklerinden çykyp bilmändir. Ýurtda buržuaz rewolýusiýasynyň golaýlaşmagy bile sazly teatrlaryň öňünde täze talaplar öňe sürlüpdir. Şeýle talaplaryň ilkinjisi komiki opera žanrynyň üsti bilen durmuşy açyp bilmeklik hasaplanypdyr.
Komiki fransuz operalarynyň geçmişi Parižiň ýarmarkalarynda, bazarlarynda görkezilýan spektakllar bilen bagly bolupdyr. Şeýle spektakllar özleriniň halkylygy, sazyň dili bilen berilýän demokratiýasy, keşplerdäki realistik mazmunlylygy, romanslaryň-aýdymlaryň, gepleşik žanrynyň sazsyz özara sazlaşykly berilmegi komiki operalaryň häsiýetli çäklerini kesgitläpdir. Fransuz komiki operalarynyň taryhynda italýan opera-bufflary bilen gatnaşygynyň bolandygynam bellemek gerek. 1752-nji ýylda Parižiň sazly Akademiýasynda Italiýan aktýorlar truppasy birnäçe spektakl goýupdyr. Şol sanda Pergoleziniň "Öýüň hojaýyny-hyzmatkär zenan” operasynam Fransuz sahnasyna çykarypdyr. Italýan aktýorlar truppasynyň sahna çykaran spektakllarynyň üstünde köp çekişmeler, jedeller bolansoň "buffonlar söweşi” diýen adam berlipdir. Italýan opera-bufflarynyň täsiri astynda Ž.Ž.Russo "Oba jadygöýi” (1752, sazam, sözlerem Russoňky) ýazypdyr. Opera-spektakl sazly Akademiýada sahna çykarylypdyr. Bu oba durmuşyny beýan edýän komiki opera-Fransuz opera sungatynyň başlangyjy bolupdyr.
Opera-buffyň tasiri astynda Ž.Ž.Russonyň operalarynda sazyň arasyna operadaky sözleriň aýdym ýaly edilip aýdylmagy (reçitatiw), yzyndan bolsa, fransuz komiki operalaryndaky ýaly ýerini gepleşik žanryna beripdir. Opera sazlary sazlaşygy boýunça Frasuz romanslarynyň-aýdymlarynyň şol döwürdäki medeniýeti bilen baglanyşykly bolupdyr. Paižde "Komik operalary” atly teatryny açylmagy hem Ž.Ž.Rosso bilen baglanyşykly. Şeýle hem Ž.Ž.Russo Fransuz melodrammalaryny döredijileriň biri hasaplanýar. Onuň "Pigmalion” (1765) melodrammasy Lion şäherinde sahna çykarylypdyr.
XVIII asyryň 2-nji ýarymynda oba daýhanlarynyň, senetçileriň durmuşyny beýan edýän sýužetli operalar peýda bolup başlaýar. Şol döwürde şeýle žanryň ussady hasplanýan E.Duninyň "Öz nusgalaryna aşyk hudožnuk” (1757), F.A.Filidoranyň "Ädikçi Blez” (1759), "Demir ussasy” (1761) peýda bolupdyr. F.A.Filidoryň operasy daş görnüşi boýunça ösen bolup, bu ýagdaýda esasy ussatlyk sahna ansamblyna degişli bolupdyr. Operada saz bilen romansdyr-aýdymlar, saz bilen gepleşik žanry garyşdyrlyp berlipdir.
XVIII asyryň 2-nji ýarymynda fransuz komiki operalaryna sentimentalizm aralaşypdyr. Meşşan dramalarynyň ilkinji nusgalaryny döreden D.Didro özüniň "Drama poeziýalary hakynda”, "Derejeli ogul”, "Ramonyň ýegeni” atly makalarynda sazly dramaturgiýada saz meselesine degip geçmek bilen: "Saz gahrymanlaryň içki dünýäsini suratlandyrmalydyr”- diýip, tassyklaýar. Şeýle ugur kompozitor P.A.Monsiniň döredujiliginde giň gerime eýe bolupdyr. Onuň operalary patriarhal-krestýan durmuşyna degişli sýužetlerden emele gelipdir. P.A.Monsiniň "Gaçgak” (1769) operasy "Italýan komediýalary” teatrynda sahna çykarylypdyr. Bu opera öz sýužet birligi boýunça "operany halas ediş” ugrundanam öňe geçipdir. Şeýlelik-de, Beýik fransuz rewolýusiýasy ýyllarynda opera sungatynda öňdäki ýerleri eýeläpdir.
Fransuz komiki operalarynyň rewolýusiýanyň öň ýanyndaky ýyllarda ösüşi A.Gretriniň döredijiliginde suratlandyrylypdyr. Awtor XVIII asyryň sentimentalizminden XIX asyryň Arzuw-çyllygy aralykdaky ýoly geçenem bolsa, ol öz döredijiliginde opera-bufflara ýykgyn edipdir. A.Gretri ýykgyn edýän opera-buff žanryna degişli "Gürleýän surat” (1768), liriki suwjuklyk, öwüt beriji "Guron” (1768) operalaryny ýazypdyr. Onuň gahrymançylykly lirika degişli "Şir ýürekli Riçard” (1784) operasy has kämil hasaplanypdyr. Bu operasynda hem ol öz döredijiligine mahsus sazdan gepleşik žanryna, gepleşik žanryndan romansdyr aýdymlara geçmek häsiýetini ulanypdyr. Umuman A.Gretriniň köp operalary ,,Italýenn komediýalary” sahnasynda goýlupdyr,
Fransuz operasynyň ýenede bir ösüşi kompozitor H.W.Glýukanyň döre-dijiligine bagly hasaplanýar. Ol Parižiň saz Akademiýasynda "Infigeniýa Awlide-de” (1774), "Orfeý we Ewridika” (1774), "Alsesta” (1776 ý. täze redaksiýada) sahna çykarypdyr. H.W.Glýukanyň döredijiligi XVIII asyryň 70-nji ýyllarynda Parižiň sazly teatrlarynda özbaşdak ugruň emele gelmegi ugrundaky göreşe baglanypdyr. Onuň spektakyllarynda gazaply gahrymançylygy, güýçli joşgunlylygy, çuňňur kollizmi (kollizm - güýçleriň, bähbitleriň çaknyşygy) açyp bilmekligi H.W.Glýukanyň tragediýalarynyň fransuz jemgyýetçiligi tarapyndan uly gudrat hökmünde kabul edilmegine alyp gelipdir. H.W.Glýukanyň reformasy sazly teatrda rewolýusiýa hökmünde kabul edilipdir. Onuň opera getiren reformasynyň garşydaşlary H.W.Glýukanyň garşysyna italýan kompozitory H.Piççininiň sazly Akademiýada sahna çykaran adaty operasy "Rolandy” (1778) goýupdyrlar. Şondan soň, opera sungatynda "glýukistler” bilen "piççinistleriň” ("glýukistler” we "riççinistler”döwrüň beýik kompozitorlary H.W.Glýuka bilen H.Riççiniň arasyndaky bäsdeşligi aňladýar) arasynda öňdelik barada dartgynly göreş başlanypdyr.
XVIII asyryň aýaklarynda fransuz buržuaz rewolýusiýasy netijesinde ýurtda uly baýramçylyklaryň, aýdymlardyr we gimnleriň peýda bolmaklary fransuz opera sungatynyň taryhynda täze meýilleriň (tendensiýalaryň) giň demokratik köpçüligiň aňynyň ösmeginde çagyryş hökmünde kabul edilipdir. Parižiň opera sahnalarynda saza bolan şagalaňly "apofeoza” (Apofeoza - teatr oýunlarynyň, konsertleriniň halky, gahrymany ýa-da jemgyýetçilik bir wakany şöhratlandyrýan iň soňky dabaraly köpçülikleýin sahnasy. Sözlüge seret.) dürli meşhur aýdymlar bilen sahnany ugrukdyrmak opera sungatyna täzelik bolup hyzmat edipdir. Şeýle täzelikden ugur alan kompozitor F.Ž.Gossekanyň "Marselezi” ("Azatlyk üçin gurban bermek", 1792 ý.) saz Akademiýasynyň sahnasyna çykarylypdyr.A.Gretriniň şol ýerde görkezilen "Respublikanyň saýlan zenany ýa-da akylyň dabaralanmagy” (1794) operasy wagyz-nesihat beýän mazmunly bolup soňy "Çaira” we "Karmanoly” aýdymlary bilen tamamlanypdyr. A.Gretriniň halk-gahrymançylykly "Wilgelm Tell” (1791) operasy "Italýan komediýalary” teatrynda sahna çykarlypdyr. Şol döwürlerde kompozitor E.N.Megýulýa komiki we "liriki-idilliçeskiý ("idilliçeskiý”- žanr bolup, bu žanrda dawa-jenjelsiz, uruş-sögüşsiz, asuda durmuş beýan edilýär. Sözlüge seret.) "Stratonika” (1792) operasyny "Farwara” teatrynyň sahnasyna çykarypdyr. Buržuaz rewolýusiýasynyň ilkinji ýyllary "opery spaseniýa” ("halas ediş operasy”) žanry peýda bolýar. Şol žanra degişli kompozitor A.Berton "Buthananyň elhençlikleri” (1790) operasyny ýazypdyr. Opera "Italýan komediýalary” teatrynda sahnada goý-lupdyr. Bu žanr soň "Ýakobin diktaturasy” (1793-1794) döwründe-de, onuň yz ýanyndaky "Direktoriýa we konsullyk” döwründe-de dowam etdirilipdir. Şeýle žanryň iň ýokary derejeli hasaplaýan operalary L.Kerubiniň "Lodoiska” (1791), "Wodowoz” ("Suw daşaýjy"- 1800 ý.) hasaplanypdyr. Rewolýusiýa eýýamynyň beýik operalarynyň hatarynda hasaplanýan Ž.F.Lesýueranyň "Gowak” (1793), "Pol we Wirginiýa, ýa-da päk ahlakly dabara” (1794) operalarynyň ikisem "Feýdo” teatrynda goýlupdyr. Kompozitor E.N.Megýulýanyň "Efrozina” (1790), "Iosif Müsürde” (1807) operalarynyň ikisem "Opera komik” teatrynda sahna çykarylypdyr, kompozitor N.M.Daleýrakanyň "Kiçijik iki sawoýar” (1790) operasy "Italýan komediýalary” teatrynda tomaşaçylara hödürlenipdir. Buržuaz rewolýusiýasy eýýamynda fransuz opera sungatynyň ösüş hereketi özüniň adatlary boýunça arzuwçyllyk eýýamynyň fransuz saz sungatyna bolan taýýarlyk bolup hyzmat edipdir. Fransuz buržuaz rewolýusiýasynyň döwründäki saz sungaty beýik kompozitor Bethoweniňem döredijiliginede uly täsirini ýetiripdir.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 17 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 1.0/1
Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]