18:11
Fakt gerek, fakt... / ýumoreska
FAKT GEREK, FAKT...

Gijäniñ ýarynda bir garanyñ diwardan aşjak bolýanyny gördüm. Demim demime ýetmän milisiýa jañ etdim.
- Alýo, milisiýamy? Öýümize ogry girjek bolýar...
Añyrdan milisioneriñ uky gatyşykly sesi eşidildi:
- Näme, Ezraýyl girip gelýändir öýdýärmiñ. Onsoñam ol heniz öýüñize girmändir. Ilki girsin, onsoñ jañ edersiñ.
Ogry gapynyñ gulpuny döwdi.
- Alýo, ogry gapynyñ gulpuny döwdi, haýyş edýän, kömek...
- Ýuwaşrak gepläberiñ uýam. Bu gykylygyñyza ogry gaçyp gider...
Bir seretsem, ogry içeri girip gelýär. Haýdan-haý telefona ýapyşdym:
- Jan agam, ýetişeweriñ! Ogry içki jaýa - meniñ duran jaýyma girip gelýär.
- Şeýle diýseñiz-le! Asyl içki jaýymyzam bardymy? Entek ýanyñyza barybersin. Häli hiç zat almadyk bolsa, biz ony näme diýip tutaly?
Ogry daşky otagdaky sandyklary dörjeläp başlady.
- Jan milisiýa!..
- Hä!.. Entek hemme zatlaryñyzy alanog-a. Fakt gerek, fakt!
Ogry geregini edinip, çykyp gitdi. Ogry giden badyna milisionerlerem ýetip geldiler-de, göwünlik beren boldular:
- Dogrudan-da, siz köp zadyñyzy ogurladypsyñyz, ýöne onuñ üçin hapa bolup oturmañ. Adam pahyr birini ýitirýär, birini ýyrtýar, birini kirledýär. Şeýdip zatlaryny täzeleýär.
Olar akt ýazdylar-da, bir nusgasyny maña berdiler. Bu faktmyş.

Zülfiýa ŞODIÝEWA.

Özbekçeden terjime eden: D.Ýagşymyradow.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 54 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Zülfiýa Şodiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]