15:22
Ezizim

EZIZIM

Baharmy sen, sähermi sen, gülmi sen?!
Şekermi sen, nabatmy sen balmy sen?!
Perimi sen peýkermi sen, aýmy sen?!
Bilmen ne gudratyň baryn ezizim!

Söýgimi sen, mähirmi sen ýazmy sen?
Aýdymy sen, gazalmy sen sazmy sen?!
Laçynmy sen, sülgünmi sen gazmy sen?!
Bilmen ne gudratyň baryn ezizim!

Hurmamy sen, enarmy sen, narmy sen
Şatlykmy sen, gülkimi sen, tarmy sen,
Aklykmy sen, päklik, namys-army sen,
Bilmen ne gudratyň baryn ezizim!

Baýdak boýly, uz basyşly näzleriň,
Daglara deňelýär gyzlyk mertebäň,
Seni ähli zatdan gözel görkezýän,
Seniň utanç-haýaň, edep-terbiýäň.

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 3.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Içgepletme / Goşgular - 02.06.2021
Söýgi perisiniñ haty / Goşgular - 09.02.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Melegiñ aýdymy / Goşgular - 10.02.2021
Diýýärler / Goşgular - 30.05.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
A mende kine ýok.. / Goşgular - 09.04.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]