08:05
Eýýamlaryñ nalasy
EÝÝAMLARYŇ NALASY

Teýmirleň diýýärler, Çingiz diýýärler,
Napoleon diýýärler, Gitler diýýärler,
Zülkarnaýyn, Dari, Gaznawy, Nedir...
Şu güne çen olar gargyş iýýärler.

Milliard, milliard... janlar ýatyr toprakda,
Ganhorlaryň gylyjyndan, zarbyndan.
Hudaý saýyp özlerini ýerdäki
Jyda boldy olar adam gabryndan.

Ganhorlara adam diýip bolmaýar,
Dahyly ýok olaň hiç bir hudaýa.
Ýöne emir etdiler niçeme eýýam
Magrupdan Maşryga – Rim, Şam, Hytaýa...

Ýurt basyp, il gyryp, bagtly bolan ýok,
Sütemkäriň işi mydam telekdir.
Jellatlara derek bir Ibn Sina
Adamlaryň ählisine gerekdir.

Ibn Sina bolmak, Pyragy bolmak,
Hudaýyň çyn ogly bolmak diýmekdir.
Jenjel isläp, gan küýseýän arwahlar
Siziň bolup ýörşüňiz poh iýmekdir...

14.05.2016.





Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Goşgular / Goşgular - 16.03.2021
Nyşan / Goşgular - 08.02.2021
Watan hakda aýdymym / Goşgular - 07.02.2021
Dünýä / Goşgular - 24.02.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Tymsal / Goşgular - 14.01.2021
Bahara hat / Goşgular - 20.02.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Revo   [Материал]
"Teýmirleň diýýärler, Çingiz diýýärler,
Napoleon diýýärler, Gitler diýýärler,
Zülkarnaýyn, Dari, Gaznawy, Nedir...
Şu güne çen olar gargyş iýýärler."

Bu sanawdaky adamlaryň atlaryny Seljuk, Osman hökümdarlary, Arap emir, halyflary bilenem dowam etdirse boljak eken. Ýada gündogaryň taryhy, gündogaryň ýörelgesi bilen ýöreljek bolsa, onda dünýäni basyp alan iki şahly Zülkarnaýny adam dälleriň hasabyndan aýryp, adamlaryň, has dogrusy haktagallaň ýalkan adamlarynyň sanawyna goşmaly boljak.

"Ibn Sina bolmak, Pyragy bolmak,
Hudaýyň çyn ogly bolmak diýmekdir."

"Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,"
Magtymguly Pyragy

Äheň urşundan çen tutsaňa, bulama bi çem däl. ))
Birem hudaýy bar adamdan hudaý ýasajak bolmaklyk, ýada, hudaýlaşdyrmaklyk hökman dälmikä diýýärin (ýagny, özüni hudaýyň guly hasaplaýan adamy, hudaýyň ogly ýaly beýik derejä galdyrmaklyk).

0
1 mango   [Материал]
Ibn Sina bolmak, Pyragy bolmak,
Hudaýyň çyn ogly bolmak diýmekdir.

Hudaýyň ogullary ýa-da çagalary ýaly düşünje hristianlykda bar zat:

Бытие 6:2, “Тогда сыны Божии увидели дочерей человеческих…”

Бытие 6:4, “В то время были на земле исполины, особенно же с того времени, как сыны Божии стали входить к дочерям человеческим…”

Второзаконие 14:1, “Вы сыны Господа Бога вашего.”

Иов 1:6, “И был день, когда пришли сыны Божии предстать перед ГОСПОДА…”

Иов 2:1, “Был день, когда пришли сыны Божии предстать пред ГОСПОДА…”

Иов 38:7, “При общем ликовании утренних звёзд, когда все сыны Божии восклицали от радости?”

Филиппийцам 2:15, “Чтобы быть вам неукоризненными и чистыми, чадами Божьими непорочными среди строптивого и развращённого народа…”

1 Посл. Иоанна 3:1-2, “Смотрите, какую любовь дал нам Отец, чтобы нам называться и быть детьми Божиими... Возлюбленные! Мы теперь дети Божии…”

Hudaýyň ogly - bu metafora bolsa-da muny ulanmasaň gowy ýaly.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]