14:53
Eýranyñ milli ruhuny bina eden Ferdöwsi türk duşmanymy?
EÝRANYÑ MILLI RUHUNY BINA EDEN FERDÖWSI TÜRK DUŞMANYMY?

Eserini beýik türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyñ buýurmasy bilen ýazan Ferdöwsiniñ soltandan eden tamasynyñ çykmandygy aýdylýar, aslynda düýp çekişme Ferdöwsiniñ Soltan Mahmyda bolan duşmançylygynyñ üstünde barýar.

Jemgyýetleriñ hakydasynda ýer edinen käbir eserler bar. Bu eserler ýüzlerçe ýyl geçse-de könelmeýär we gadyr-gymmatyny saklap gelýär.
Ferdöwsiniñ ýazan "Şanama" eseri-de eýran milli edebiýatynyñ deñsiz-taýsyz nusgalarynyñ biridir.
Maşatda doglan we "Şalaryñ şasy" adyny alan Muhammet Taki Ferdöwsiniñ eýranlylaryñ gözündäki gymmatyny düşündirende, oña şu derejäni mynasyp görýär:
"Ferdöwsi ýüzlerçe görnüşli sungatdan baş çykarypdyr. Uly söze toba tagsyr welin, ol hudaý däl bolsa, pygamberdir.
Bir artisti göz öñüne getiriñ: eger sahnada iki dürli oýun görkezip başarsa, bu onuñ ussatlygyndan habar berýär.
"Şanamadaky" sahna serediñ: Ferdöwsi ýüzlerçe dürli eşikli kem-kössüz oýun oýnapdyr.
Ýurtlary eýeleýji soltan, ordalara taý gelýän gahryman, progressiw wezir we aşyk şahyr.
Hökümdarlaryñ dialoglary, begzadalaryñ gepleşikleri - bularyñ hemmesi söz ussady Ferdöwsiniñ çeper fantaziýasynyñ önümidir.
Hekim Abulkasym Mansur ibn Hasan Ferdöwsi Tusynyñ gözüniñ açan dünýäsi türk(men) we arap gegemoniýasynyñ astyndady.
Öz halkynyñ medeniýetiniñ güýjüni görkezmegi makul bilen Ferdöwsi eýranlylaryñ yslamdan öñki siwilizasiýalary we gahrymançylyklaru hakda gürrüñ berýän hekaýatlary yslamy röwüşlere çaýyp "Şanama" eserini ýazmaga durdy.
Eserini beýik türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyñ buýurmasy bilen ýazan Ferdöwsiniñ soltandan eden tamasynyñ çykmandygy aýdylýar, aslynda düýp çekişme Ferdöwsiniñ Soltan Mahmyda bolan duşmançylygynyñ üstünde barýar.
Hamala Soltan Mahmydyñ türk dünýäsindäki agramyny halamadyk Ferdöwsi soltana garşy agyr tankydy bellikleri öz içine alan kasydalary ýazanmyş we türk duşmanlygyny edenmiş.
Wagtyñ geçmegi bilen bu pikire güwä geçýän beýitler "Şanamanyñ" käbir nusgalarynda ýer alypdyr. Bu bolsa köp sanly giñ düşünjeli adamlaryñ beýik eýran şahyry Ferdöwsini türk duşmany hökmünde görmegine sebäp bolupdyr.

• "Şanamanyñ" näçerägi Ferdöwsä degişli?

Mundan müñ ýyla golaý wagt öñ ýazylan "Şanama" doly alanda mukaddes kitap däl bolşy ýaly, dini mazmunly kitap hem däldir.
Gurhandan, Töwratdan, Awestadan alnan baý many-mazmunlara eýe eser häli-häzirlerem Nowruz baýramynyñ bellenýän günlerinde dini kitapdan parçalar okalýan ýaly okalýar.
Bu däbe umuman alanda esere bildirilýän gyzyklanma diýip baha berse bolar. Bizde-de Süleýman Çelebiniñ "Wesîletü'n Nejât" eseri mukaddes kitap däldigine garamazdan käbir dini günlerde zikir edilýän ýaly okalmagy bu eseriñ mukaddeslige dalaş edýändigini añlatmaýar.
Şeýle-de Ferdöwsiniñ "Şanamasyna" "şaýy kitaby" diýýän ýa-da onuñ mukaddesleşdirilýän taraplarynyñ bardygyny aýdýan jahyl-juhela topbagyñ bu ajaýyp eser hakda hiç zat bilmeýändigini görkezýär.
Bu çekişme bir gapdala goýlanda, eseriñ we awtoryñ türk duşmançylygyny edýändigi hakdaky pikir diýseñ wehim jedeldir, çünki bu jahyllardan zyýada köpbilmişsireýän toparlaryñ öñe sürýän pikirini konsentirleýär.
Bu meselede getirilen delilleriñ bolsa "Şanamadan" bolmagy çekişmeleri çykgynsyz hala sokýar.
A "Şanama" eserine ýöñkelýän her beýdiñ düýbünde näçerägi Ferdöwsä degişlikä?
Galyberse-de eseriñ ýazylan wagty-da käbir nusgalarda ýüzlerçe ýyllap ýalñyş berlip gelindi. Şeýle-de birnäçe çeşme eseriñ 994-nji ýylda ýazylyp başlanyp, 1004-nji ýylda gutarylandygyny öñe sürýär.
Bize mälim çeşmeler Ferdöwsiniñ eseri gutaranda takmynan 81 ýaşyndadygyny aýdýar, emma eseriñ bir ýerinde Soltan Mahmydyñ öwülýän beýdinde Ferdöwsiniñ ýaşynyñ 61-digi ýazylan.
Eger Soltan Mahmyt 997-nji ýylda tagta çykan bolsa, aýdylan senelerde bir düşnüksizligiñ bardygy belli bolýar.
Soltan Mahmydyñ tagta çykan ýylyny müñlerçe çeşmäniñ ýalñyş ýazmajakdygy görnüp duran hakykatdygyna görä, "Şanamadaky" çaprazlyklar birnäçe ýyllaryñ dowamynda esere girizilen ýoýulmalaryñ bardygyny görkezýän iñ bärkije mysaldyr.
Ferdöwsiniñ Soltan Mahmydy ýigrenendigi hakdaky pikiri çüýredip taşlaýan iñ gowy jogaby eseriñ girişinde hut Ferdöwsiniñ özi şu sözler bilen berýär:

"Biri diýdi: —"Bu Rum ile Hindiñ şasydyr,
Kannuždan Sind deñizine çenli Eýran ile Turanda hemmeler oña guldur,
Onuñ düşünjesi we buýrugy bilen ýaşaýar.
Kaşmirden Çyn deñizine çenli hökümdarlar oña tagzym ederler..."

Soltan Mahmyt bilen Ferdöwsiniñ arasynda düşünişmezligiñ bolandygyny öñe sürýänler muny iki sebäp bilen tasa getirjek bolýarlar: birinjisi Soltan Mahmydyñ esere garaşylandan az hak tölemegi, ikinjisi-de Ferdöwsiniñ pars milletçiligi.
Munuñam üstesine öñe sürülýän pikirler esaslandyrylanda Soltan Mahmydyñ eser bilen gyzyklanmandygyny Ferdöwsiniñ şaýy bolandygy bilen düşündirilip, şonuñ üçinem awtora bermelisinden has az hak töländigi aýdylyp gelinýär.
A Ferdöwsi bolsa eserinde Hezreti Ebu Bekire, Hezreti Omara, hatda Hezreti Osmana-da mahabatly öwgüleri öz içine alýan beýitleri ulanypdyr, şonuñ üçin meselä mezhepçilik ýöñkemek gara niýetliligiñ alamatydyr.
Şahyryñ pars bolandygy sebäpli Soltan Mahmydyñ onuñ bilen gyzyklanmandygy baradaky pikirem ýene-de eseri okap görmedikleriñ öñe sürýän pikiridir, çünki Ferdöwsi türklere we eýranlylara Feridunyñ ogullary Tur bilen Irden ýaýran doganlyk halklar hökmünde garaýar. Başga bir tarapdan türkler her daýym eýran medeniýetiniñ we eýranlylaryñ goragçysy, arkadagy bolup geldiler.
Soñ-soñlar Haje Ymam Zahiruddin Nişapuriniñ "Seljuknamasynda" türkleriñ eýran medeniýetine goşan ummasyz goşandyny şeýle sözler bilen beýan edýär:
"Isgenderiñ orta çykmagyndan soñ Egeý deñiziniñ gündogar kenarlaryndan we Çanakkaleden başlap Anadolydan zyñylan eýran medeniýeti birnäçe asyr soñ seljukly hanedanlygyñ saýasynda gaýtadan sagdyn formada kök ýaýratdy.
Mongol basybalyşlary döwründe Anadoly seljuk-türkmen döwleti alymlaryñ howpsuz gaçybatalgasyna öwrüldi. Möwlana Jelaleddin Rumy, Ibn Bibi, Kanji Tusy, Şadruddin Konewi we başga-da birnäçeleri ýaly pars dilinde ýazan alymlaryñ, ýazyjy-şahyrlaryñ eserleri öz ugurlary boýunça nusgalyk eserler hasaplanýar.
Anadoly seljukly sungatynda-da eýran sungatynyñ täsirini hiç kim inkär edip bilmez. Seljukly patyşalarynyñ köpüsi pars şygyryna uly gyzyklanma bildirip geldiler.
Beýik Seljukly döwletiniñ iñ soñky patyşalarynyñ, Anadoly seljuklylary patyşalaryndan Keý-Kubadyñ we başgalarynyñ pars dilinde aýdan şygyrlary ussat şahyrlaryñ ýazan şygyrlaryndan birjigem kem däl.
Beýik Seljuklylaryñ we olardan ýaýran şahalarynyñ taryhy boýunça geçiriljek barlaglaryñ Eýran we beýleki Günbatar Aziýa ýurtlarynyñ taryhlary babatda-da diýseñ ähmiýetli boljagy görnüp duran zat.
Seljukly döwrüniñ bu tutumy Mahmyt Gaznawynyñ döwri üçinem şeýle bolmagynda galýar. Gelip çykyşy boýunça pars bolanlardan häkim, wezir ýaly döwletiñ möhüm wezipelerinde işlänler barmak büküp sanardan köpdür.
Diýmek, Soltan Mahmydyñ sünni bolandygy üçin şaýylara ala göz bilen seretmeýşi ýaly, türkmen bolandygy üçinem parslara gyýa seredendigini hiç kim aýdyp bilmez.
Elbetde, Soltan Mahmydyñ Ferdöwsi ýaly genial şahyra we "Şanama" ýaly esere nämüçin sahylyk bilen çemeleşmändigi jedelli mesele bolmagynda galýar.
Ferdöwsiniñ Soltan Mahmydy hökümdar hökmünde görmändigi, halamandygy-da aýdylýar. Ýogsam bolmasa bu dereksiz pikire iñ gowy jogaby Ferdöwsiniñ özi jogap berýär:
"Soltan Mahmyt şa patyşanyñ ogly patyşadyr. Günüñ we Aýyñ gümmezi onuñ bilen şereplenýär."
Bolup geçen waka barada aýdylanda bolsa, Ferdöwsi eseri Soltan Mahmydyñ dykgatyna hödürläpdir, ýöne ýaşy ötüşen şahyryñ soltanyñ huzuryna çykar ýaly güýç-kuwwaty bolmandyr.
Soltan Mahmyt hernäme-de bolsa, bir düýäni mas ýükläp şahyra sowgat-salam ugradypdyr, emma kerwen şähere gelip ýetende, Ferdöwsi eýýäm aradan çykan eken.
Galyberse-de, Ferdöwsiniñ soltana minnetdarlygyny bildirip ýazan beýdi elimizde ýok, emma elden-ele geçen we Soltan Mahmyda sögünip ýazylan beýitleriñem hiç hili tutarygy ýokdur.
Ferdöwsi türklere duşman däldi, Soltan Mahmyda-da garşydaşlygy ýokdy.
Soltan Mahmyt bolsa mezhepçi-de däldi, türkçi-de däldi.

Mehmet MAZLUM ÇELIK.

celikmehmedmazlum@gmail.com

22.10.2021 ý.





Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 102 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Mazlum Çelik | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 3
0
3 Jeksparro   [Материал]
Bir wagtlar meňem kellämi ''Mahmyt Gaznawy bilen Ferdöwsiniň arasynda duşmançylyk bardy'' diýilip ýazylan makalalar zäherlejek bolupdy. Ýöne Mehmet Mazlum Çeligiň bu makalasyny okap başgaça pikirler etmäge başladym. Makala göwnüme ýarady...

0
Mundan beyläk ölmerin men, diri men
Ajaýyp söz yayradanlañ biri men
Firdowsi

0
" sebäp adamzada bolmayar ynam " Firdöwsi

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]