06:17
Eý, Gün, sen henizem dogulmadyňmy?!

EÝ, GÜN, SEN HENIZEM DOGULMADYŇMY?!

Eý, Gün, sen henizem dogulmadyňmy?!
Kän garaşdym.
Tutuş ömür!
Içime bir sered-ä!
Kömür.
Harplyk geçdi
Pelegmi enter öwürip
Otyryn bir burçda
Öz etim özüm gemirip
Gyrgylar uçdy
depämden
gum sowuryp
Arwahlar
Jynlar
Şeytanlar
Egele bolýar daşymda
Uçradym bu emsiz derde
Yaş başymdan
Töhmetde ýeňim däl
Hyrçym dişledim...
Yaşadym men
Aňsat düşse-düşmese...
Goý, tün meni bagyşlasyn!

E-e-eý , Gün, ho-ow!
Sen henizem dogulmadyňmy?..

Suraý BABANYÝAZOWA.






Категория: Goşgular | Просмотров: 87 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Huşsuz nazarym / Goşgular - 12.02.2021
Men seniñ ýanyña barýan / Goşgular - 09.02.2021
Kirşenowdan goşgular / Goşgular - 15.03.2021
Arman, göwün bolýaň... / Goşgular - 20.03.2021
Gizlin / Goşgular - 19.03.2021
Психея / Goşgular - 03.06.2021
Gaýrat gerekdir / Goşgular - 22.02.2021
Kösendim / Goşgular - 09.02.2021
Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021



Всего комментариев: 4
1
4 Bagabat   [Материал]
Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň 2 tomunda 50 müň söz bar. Ondan başga-da gadymy türkmen sözleriniň düşündirişli sözlüginde-de, anyk bilemok welin, takmynan 25-30 müň söz bardyr. Diýmek jemi 80 müň söz bolýar.
Bar, bilmeýänimiz, undulanam ýene-de 10 müň diýeli. Jemlesek 90-100 müň söz bolýar. Şolardan işjeň ulanylýanam takmynan 5 müňe golaý sözdür. Gündelik (köçe) dil-ä ondanam dar. Indi, şu uzyn "moh-moh" bilen diýjek bolýan "juk-jukym", dildäki şol sözleň köpüsini (ýa-da az bölegini) köpümiz eşidýäs, bilýäs. Ýazýanlar, düzýänler mümkin boldugyndan gör-ä şol sözleri sepläp, gelşirip, olary has aňa, ýürege ýetiji, duýgy gyjyklap, pikir oýaryjy edýärler. Ýöne birdenkä, haýsydyr bir düşnüksiz sebäbe görä, ýazýanlaň-düzýänleň arasynda täze bir zehin döreýär-de, ol şol köpe mälim sözleri öňki köpe aýan usullaň kömegi bilen däl-de, täzeçe, başgaça seplemäge, gelişdirmäge başlaýar. Ine şolam, söz seplemek sungatynda öň eşidilmedik täze heňi, täze owazy, täze täsiri döredýär duruberýär.
Ýene-de diýenimi düşündirsem, Magtymgulydan öňem ýazýan kändi. Hatda onuň kakasy Döwletmämmet Azady hem ýazýardy. Ýöne, Magtymguly söz sepläp başlady - şygryň ruham, kaddy-kamatam üýtgedi oturyberdi. Elbetde: "şygryň kaddy-kamaty" diýenimde, ölçegi ýa-da topbagyň gurluşyny (murapbag, muhammes, museddes, gazal, rubagy, kasyda, mersiýe we ş.m.) göz öňünde tutmaýaryn.
Soň Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji, Gaýyby, Magrupy...üýtgeşik ýazýan şahyrlar kän boldy. Emma, şygryň tebigaty bilen ruhy öňküligine durdy. Elbetde, ýigriminji asyrda türkmen edebiýaty Günbatar edebiýatyny özleşdirip başlanda, başgaça ýazylmaga başlady. Ýöne, meň pikirimçe, ol özgäňkini özüňkä adaptasiýa etmekdi, täzelik däldi.
Emma, Gurbannazar geldi. Ýene-de şygryň zanny, mukamy, tebigaty üýtgedi.
Ondan soň Nobatguly Rejep, Atamyrat Atabaý, Annaberdi Agabaý, Orazguly Anna bar. Soň Çary Ýegenmyrat. Häzir, ömürleri uzak bolsun, Seýitmyrat Geldi, Kakamyrat Rejep, Aşyr Han, Laçyn Pürjäýewa bar. Ýöne, şu saýtda okanlarymdan Suraý Babanyýazowanyň öňki ýazanlarynda-da bildirýär welin, şu şygrynda-ha hasam şol duýulýar. Göwnüme bolmasa, söz seplemek sungatynda ýene-de nobatdaky bir gezek şygryň tebigaty, äheňi üýtgejek bolýan ýalymy? Ýa men ýalňyşýarmykam?!

Şu sowal bilen bagly Puşkinde "Ädikçi" atly bir hekaýat-goşgy bar. Mazmuny şeýle:

Suratçy örboýuna galyp duran adamyň suratyny çekýär-de, şol suratdaky ädigiň şekili barada maslahatlaşmak üçin, ädikçini çagyrýar. Ädikçä suratyň ädigini görkezýär. Senetkär ädik barada degerli pikirlerini aýdýar. Nakgaş onuň aýdanlary bilen ylalaşyp, suratdaky ädigiň şekilini üýtgetjekdigini aýdýar. Şonda "ýüz berilse iki ýüz soraýan" ädikçi, suratyň ýüz-keşbi, sypaty barada-da pikirlerini aýtmaga girişýär. Onsoň nakgaş oňa diýýär: "Dostjugym, ädikden ýokara baha kesmesene!".

Meňem diýjek bolýanym, belki menem: "ädikden ýokaryk baha kesjek" bolýandyryn?!
Ýöne, şonda-da şygyr täsirli bolandygy üçin, pikirlerimi paýlaşaýyn diýdim. Zyýany bolmaz-la.

0
3 mango   [Материал]
gowy goşgy.
başlaşyň has güýçli...

Eý, Gün, sen henizem dogulmadyňmy?!
Kän garaşdym.
Tutuş ömür!
Içime bir sered-ä!
Kömür.

jemlemede: näme üçin "tün seni bagyşlamaly?"
içiň kömür bolup tutuş ömür geçirmeli hemem tüme bagyşla diýmelimi?
---
Güni bu ýerde asmanyň Güni diýip düşünmeli däl ýaly.
gün - seniň günüň, seniň isleýän pursatlaryň, ömrüň, isleýän ýaşaýyşyň....

diýmek bu gün
bu günden
näräzyda
suraý hanym

isleýän günüň dogawersin. bizem göreli o günleri.
bu Günüň bolsa dogmakdan we ýaşmakdan başga işi ýok ýaly....
Gün diňe şoňa ýaramalymyka?
---
ady barada: "...dogulmadyňmy" bolmalymy ýa "...dogmadyňmy"?

0
2 Myhman0430   [Материал]
menem haladym.

goşgyň ady (degişmedir)
hä' dogman geçen :-)

0
1 menliasyrowa91   [Материал]
Enter-pelegiñi çöwürmek" adalagasyny ediberşiñ gowja bolgan.

"Töhmetde ýeňim däl
Hyrçym dişledim... "
ýeñ bir zatdan uýalañda dişlenilýänligi üçin töhmetde ýeñem dişläp bolaýjak ýaly görkezip,emma oña derek hyrçyñy dişlemegiñ bn ylalaşmadym,ýöntem gelýä.

Umumy alamda haladym.
Üstünlikler!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]