12:44
Esger aýdymy
ESGER AÝDYMY

Her bagşy aýdypdyr öz ýoly bilen,
Mukamdan hersi öz ýolun salypdyr.
Ýöne esgerleriñ hatarlarynda,
Heñ, aýdym-saz şol durşuna galypdyr.

Esgerleriñ sap-sap nyzamlarynda,
Ýogyn, güñleç sesde ýañlanýar aýdym.
Esgeriñ özi dek mert, gödegräk,
Ýöne süññi sada, sözleri aýdyñ.

Onda gyz owaznyñ şirinligi ýok,
Doññara daşlary eredip bilýän.
Düşünip bilenok gökden durnany,
Emma ajala dik seredip bilýär.

Gör, näçe jeñ şonuñ bilen geçildi,
Şol aýdymy ýeñşe äkidip esger.
Ýolda galsa, öñe aýdymy gitdi,
Hiç zat bakylyga etmedi päsgel.

Ajal hökmi ýetmän, ok kär etmedik,
Şol aýdymy synmaz nyzamy bilen
Alyp barýar, alyp barýar esgerler,
Şatlygy, ýeñişi, yzasy bilen.

Amanmyrat ATDEKOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 29 | Добавил: Haweran | Теги: Amanmyrat Atdekow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Стриптиз / Goşgular - 04.02.2022
Снег идет / Goşgular - 02.02.2022
Debýut / Goşgular - 21.01.2022
Финская мелодия / Goşgular - 24.01.2022
К портрету Лермонтова / Goşgular - 18.01.2022
Забытый секс / Goşgular - 03.02.2022
Düşnüksizlik / Goşgular - 30.01.2022
Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Hal / Goşgular - 02.01.2022
Senem gidäýdiň / Goşgular - 13.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]