15:03
"Eser içimizdäki buzy eredip, kalbymyzy ýyladyp bilmelidir"
"ESER IÇIMIZDÄKI BUZY EREDIP, KALBYMYZY ÝYLADYP BILMELIDIR"

Bütin ömrüni we döredijiligini Günorta Afrika bilen badaşdyran meşhur ýazyjy Nadin Gordimer Ýohannesburgdan o diýen uzak bolmadyk Spriňs şäherçesinde dünýä inýär. Zehinli ýazyjy ýazuw-pozuw işine baryp-ha başlangyç synplarda başlaýar. Eýýäm on bäş ýaşynda abraýly günorta-afrikan žurnallarynyň birinde ilkinji hekaýasy bilen çykyş edýär. Amerikan we iňlis döwürleýin metbugatda nowellalaryny yzygiderli çap etdirip, tiz wagtda okyjylaryň söýgüsini gazanmagy başarýar. 1949-njy ýylda dürli gazet-žurnallarda çykan işleri onuň ilkinji kitabynda — «Ýüzbe-ýüz» («Face to Face») atly hekaýalar ýygyndysynda jemlenýär. Köp wagt geçmänkä, onuň «Ýylanyň mahmal owazy» («The Soft Voice of the Serpent) atly ikinji hekaýalar ýygyndysy soňra «Ýalan günler» («The Lying Days») atly ilkinji uly eseri çapdan çykýar. 1991- nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan zehinli ýazyjynyň ýiti galamyndan “Ýat ýerli adamlaryň dünýäsi” (“A World of Strangers”), “Julaýyň halky” (“July’s Family”), “Towsuş we beýleki hekaýalar” (“Jump: And Other Stories”), “Söýmäge delil” (“Occasion for Loving”), “Hormatly myhman” (“A Guest of Honour”), “Liwiňstonyň hemralary” (“Livingstone’s Companions”) ýaly onlarça eserlerdir hekaýalar çykdy.
Žurnalymyzyň şu sanynda “Paris Review» edebi žurnalynyň bu zehinli ýazyjy bilen eden täsirli söhbetdeşligini okamak gyzykly bolar diýip umyt edýäris...


— Günorta Afrikada pasyllar çalyşýarmy ýa-da ýylyň on iki aýynda-da howa howurlymy?

— Elbetde, çalyşýar. Ekwatoryň ýakynynda pasyllaryň arasyndaky tapawut örän ujypsyz, ýöne biziň ýerleşýän ýerimizde, yklymyň aýagujunda, deňiz derejesinden alty müň fut beýiklikde bolan Ýohannesburgda bir­birinden düýpli tapawutlanýan pasyllara gözli şaýat bolýan. Gyşymyz sowuk hem kesgin şemally bolýar. Elbetde, gar ýaganok, howa güýzüň aýagyndaky we baharyň başlaryndaky ýaly güneşli, salkyn bolýar, agşamlaryna welin howa sowaýar. Biziň ýagmyrly möwsümimizem bar. Emma oňa çenli welin, tas ýarym ýyl ýeke damja­da ýagyş ýaganok. Ýagmyr diýlen zady unudyp gidersiň. Onsoň bir gün säher bilen oýanyp, howada ýagyş ysyny almak diýseň tapylgysyz duýgy.

— O ýeriniň mekdepleri barada näme aýdarsyňyz?

— Az­owlagam bolsa orta bilim alypdym. Çagalygym welin juda özboluşly geçdi. Maşgalada iki çagadyk — uly gyz doganym hem­de men. Men aşa söýlen, öte eljiredilen çagadym. Çepiksije bolsamam gopbamjadym. Edil aýagym bişen ýaly bir ýerde tutdurmazdym. Çagakam iň uly arzuwym tansçy bolmakdy, dört ýaşymdan on ýaşyma çenli şonuň arzuwynda bolupdym. Ýöne onuň hasyl bolmak nesibesi ýok eken. On ýaşa ýetemde, galkan görnüşli mäzimiň aşa uludygy anyklandy. Şeýle dertli adamlaryň ýüregi çalt urup, hetden aşa hereketli bolýan eken. Soň­soňlar munuň düýpli kesel däldigini öwrendimem welin, şol döwürler ejemiň halys ynjalygy gaçypdy. Ol hasyr­husur mekdebe eňip, mugallymlaryma fiziki maşklar bilen meşgullanmaly däldigimi, tennis oýnamaly, iň bärkisi ýüzmeli hem däldigimi aýdypdyr. On ýaşyňdakaňam, näme, özüňiz bilýäňiz, ejeňki hemişe dogry hasaplanýar. Ejeň ýarawsyzrakdygyňy aýtdymy, oňa güp ynanýaň. Her gezek basgançaga ylgap münüp­düşemde, ejemiň: «Ýuwaşrak bol! Ýüregiň!» diýen sesini eşiderdim.
On bir ýaşyma aýak basamsoň öýden çykarylmadym diýen ýaly. Bir ýyla golaý wagt mekdebe gidip bilmedim. Ýöne aşa köp okadym. Soň ejemiň tagallasy bilen günde üç­dört sagat ýörite mugallyma gatnap sapak aldym. Ejem meni onuň ýanyna irden sagat onda äkiderdi, sagat birde­de alyp gaýdardy. O wagtlar göz öňüňe­de getirip bolmaýan ýalňyzdym, bu bolsa çaganyň çydajak zadyndan çökderdi. Içimi hümledip öz işlerime gümra bolar ýörerdim. Mugallymym örän mähirli zenandy, emma beýleki çagalar bilen gatnaşygym düýpden kesilipdi. Gepiň tümmek ýeri, ömrümiň bäş ýylyny, has dogrusy, on alty ýaşyma çenli uly adamlaryň, ýagny ejemiň ýaşytdaşlarynyň arasynda geçirdim. Ejem bilen kakamyň yzyna düşüp, myhmançylyklara, çaý içişliklere giderdim. Hä diýmän men kiçijik «uly aýala» dönüşiberdim.

— Belkem, çagalyk ýyllaryňyzy beýlekilerden üzňelikde geçirmegiňiz ýazyjy bolup ýetişmegiňize itergi berendir. Çünki wagtyňyzyň aglaba bölegini kitap okamaga sarp edipsiňiz.

— Hawa, o diýýäniňizem dogry... ýöne şonsuzam ýazyjy bolardymmykam diýýän. «Kesellemänkämem» az­owlak çyrşan bolýardym. Tansçylykdan daşgary žurnalist bolmagyňam arzuwyny ederdim. Mende beýle isleg nädip dörändir öýdýäňiz? On bir ýaşymda Iwlin Wonuň «Gopgunly habaryny» («Scoop») okapdym. O mende uly täsir galdyrypdy. Aslynda, o islendik kişide žurnalist bolmaga höwes döredip biljek derejede güýçli ýazylan eser. Onuň hakyky muşdagy bolupdym. Men eýýäm şol ýaşymdan köp okaýardym, özümem saýlap­seçmän öňümden çykan zady okaýardym. Kitaphana gidip o ýerde kitaplaryň arasynda köw­söw eder ýörerdim. Bir kitap başga bir kitaba gyzyklanma dörederdi. Bu kitap okamagyň iň oňat usulymyka diýýän.

— Heniz ilkinji kitabyňyz çapdan çykmanka, hekaýalaryňyz «The New Yorker» žurnalynda okyjylara ýetirilýärmidi?

— Ýok. Hekaýalar ýygyndym 1949­njy ýylda Günorta Afrikada çapdan çykypdy. «The New Yorker» žurnalynda bolsa hekaýalarymy ýigrimi alty ýaşymdakam neşir etdiripdim öýdýän. «The New Yorker»­de bir hekaýam, «Virginia Quarterly Review» we «The Yale Review» atly žurnallarda bolsa birnäçe hekaýalarym peýda bolupdy. Ady agzalan žurnallar ellinji ýyllarda ýaş ýazyjylaryň çykyş edýän esasy döredijilik mekanlarydy. Soňra daşary ýurtda ilkinji kitabym — hekaýalar ýygyndym çapdan çykdy.

— Döredijilige başlan uçurlaryňyz Wulfuň size täsiri ulumydy?

— Edil döredijilik ýolumyň başynda bolmasa­da, biraz soňraklar täsiri ýetipdi. O wagtlar döredijilige baş goşanyma bäş ýyl dagy bolandyr. Wulf, esasanam, ýaş ýazyjylara güýçli täsir edip biljek eken. Sazlaşygyň, ýagny akgynlylygyň girdabyna düşeniňi duýman galýarsyň. Emma ol sazlaşykda çuň many­mazmun welin ýok. Muny Dos Passos, Hemingueý ýaly beýleki ýazyjylar hakda­da aýdyp bolar. Şeýle ýagdaýda ýazyjy seresap bolmaly, döredijilige men ýaly duýgusyzrak, kyssa ukyby gowşagrak bolup başlanlar­a hasam ägä bolmaly. Irki eserlerimde kyssa ukybym gowşakdy — olar aýry­aýry özbaşdak böleklere bölünesi gelip durdy, baglanyşyk pesdi. Diňe 1966­njy ýylda çapdan çykan «Ýitirilen buržuaz dünýäsi» («The Late Bourgeois World») atly eserimde kyssa ukybymy kämilleşdiripdim. Şondan soňra ýiti duýguçyllygymy ýitirmejek bolup jan etdim — ýagny gylyk­häsiýetdäki kemçilikleri tutup bilmek ukybymy (ýok, beýan etmek ukyby hakda aýdamok, çünki taplandygyňça, ol öz­özünden düzelýär) aýap sakladym hem­de ony kyssa ukyby bilen sazlaşdyrmaga dyrjaşdym. Sebäbi töweregimi gurşap alýan, meni kemala getirýän we höweslendirýän mowzuklar güýçli kyssa ukybyny talap edýär.

— Hemingueýiň size nähili täsiri boldy?

— Onuň kiçi kyssalarynyňdyr hekaýalarynyň mendäki täsiri uly. Gysgaltmasynyň, şeýle­de gepleşik dilini ulanyşynyň hem täsiri ýok däldi. Häzir pikirlenýän welin, onuň hekaýalaryndaky iň uly kemçilik olarda Hemingueýiň öz sesiniň ýaňlanýandygy eken. Ýagny gahrymanlar özleri üçin öz düşünjelerine eýerip geplemän, Hemingueýiň dilinde gepleýärler. Hemingueýiň işlerinde «o gyz diýdi», «ol oglan diýdi» jümleler gaýtalanyp durandyr. Men welin o kysmy bezegleri döredijiligimden birmahal çetleş­ dirdim. Okyjylarymyň ýek­ýarymy bu tärimiň eserlerimi okamakda kynçylyk döredýändigini aýdyp nägilelik bildirýärler. Ýöne olara gulagam gabardamok. «Ol aýtdy­bu aýtdy» jümleleriniň gaýdyp garasynam göresim gelenok. Eger äheňindendir sözleýşinden kimiň gepleýändigini okyjylaryma düşündirip bilmeýän bolsam, onda bu meniň kemçiligimdir. Muňa başga çäre ýok.

— Diýmek, bu täriňiz eseriňizi okaýan kişiden aňrybaş dykgatlylygy talap edýär.

— Gürrüňsiz.

— Kese çyzyklar örän netijeli bolsa gerek?!

— Bu örän irki tär. Gözbaşyny Sterniň «Tristram Şendisinden» («Tristram Shandy») alýar.

— Muňa kybapdaş ýene nähili tär ulanyp gördüňiz?

— O nukdaýnazardan bu nukdaýnazar arasynda çapýan içki monologa çalymdaş tärden peýdalanypdym. «Goraýjyda» («The Conservatio- nist») Mehriň kämahala öz töweregini synlap içini gepledýär, kämahal bolsa bu düýbünden başga bir adamyň içgepletmesi ýaly eşidilýär.

— Bir gepiňizde «Burgeriň gyzynyň» gurluşynyň, ýagny Rozanyň hemişe biri bilen gepleşip ýörmeginiň, ýazyjynyň ýazýan mahaly kellesinde elmydama bir diňleýjisiniň barlygyndan gözbaş alýandygyny agzapdyňyz.

— Wah, ýok, ýazýan mahaly däl, durmuşda şeýle bolýandygyny aýtmak isläpdim. Şübhesiz, sizem durmuşyňyzda, pikirleriňizde, tenha mahalyňyz, hemişe kimdir birine ýüzlenýänsiňiz.

— Ýazýan mahalyňyz beýdeňzok-da?!

— Ýok. Eliňe galam aldyňmy, sen özüň bolmagyňy bes edýärsiň, özüňi başga adamynyň ýerinde goýýarsyň. Meniň pikirimçe, durmuşyňda kädaýym, hatda ýaşaýyş ýoluňy çyzyşyňda­da kimdir biriniň seniň hereketleriňi syn edýändigini göz öňüne getirýärsiň. Onsoň barýan ýoluňdan sowulýarsyň, kämahal bolsa adamlardan uzaklaşýarsyň.

— Size Folkneriň täsiri ýetdimi? «Burgeriň gyzy» bilen, aýdaly, onuň «Amanadymy tabşyrýan mahalym» («As I Lay Dying») eseriniň arasynda umumylyk syzýarsyňyzmy?

— Ýok, düýbünden syzamok. Onsoňam onuň maňa nähilidir bir täsiri ýetendir öýdemok. Gögele ýa­da öwrenje uçurlaryň başgalaryň saňa täsiri mazaly ýetip biler. Ýaşyň ilerledigisaýy gerekmejek zatlardan saplanýaň hem­de özüňe mahsus täri güzaply şekilde taraşlap başlaýaň.

— Her näme-de bolsa, «Burgeriň gyzyndaky» beýan ediş täriňiz Folkneriň käbir eserindäki ýaly «hakykatyň» hakyky ýüzüni açyp görkezmäge dyrjaşýan ýaly.

— Hawa. Aslynda, bu hakykatyň şertliligini açyp görkezýän çeper tär. Men stil bilen nukdaý­nazary özara baglanyşdyrmaga çalyşýan. Bellibir derejede, stilä nukdaýnazar, nukdaýnazaram stil.

— Dogry, hut şol sebäplem siz hekaýalaryňyzy ulanýan täriňiziň üsti bilen gurnamagy saýlap alýan bolmaly.

— «Stil ýazyjy bilen onuň ruhy ahwalynyň arasynda parh goýýan düşünjedir» diýip Prust aýdypdyr ahyryn. Hakykatda bolmalysy hem şol ýazyjy eserdäki ruhy ahwalyny ulanýan stiliniň üsti bilen öňe çykarmaly.

— Diýmek, siz saýlap alan stiliňiziň üsti bilen Günorta Afrikanyň ýaşaýyş terzi hakyndaky düşünjäňizi beýan edýärsiňiz-dä?!

— Hawa. «Burgeriň gyzy» eserinde şol ýaşaýyş terzini onuň töweregindäki belli bir adam hem-de jemgyýet üçin beýan edýän, şeýlelikde, ýaşaýyş hakyndaky düşünjämi hem dile getirýän.

— Konor Kruz O’Braýan «The New York Review of Books» žurnalynda peýda bolan tankydy makalasynda eseriňiziň gurluşynda hiç hili waka ýüze çykmaýandygyny, aslyýetinde bolsa, bir zadyň bolup geçýändigini aýdýar. Onuň bu seljermesine näme jogap berersiňiz?

— Bir eseriň gurluşy, meniň üçin­ä, ýörite meýilnamalaşdyrylmaly dälmikä diýýän. Ol öňünden seljerilmän, tebigy halda öz­özünden akyp gitmeli. Munuň nähili bolýandygyny düşündirip bilerin öýdemok. Muňa garamazdan, her eseri başlamazdan owal, näme etmek isleýändigimi doly anyklaýançam köp wagtlap kelle agyrdýan, aýgytly netijä gelip bilmän oýurganyp gezýän. Bada­bat ýazyp başlamasam aljyraňňylyga, howsala düşýän. Çünki nädip ýazjagymy bilemok, iň ýamanam, munuň hötdesinden gelip bilmerin öýdüp gara janym galanok.

— Göwrümli eseriň doly gurluşyny bilkastlaýyn meýilnamalaşdyraňzok-da?!

— Hawa, «Burgeriň gyzy» üçin dört­bäş sahypalyk birlän­ikilän bellikler edendirin. Barybir, şol ýüzleý sözlemlerdir kiçeňräk gepleşikler meniň üçin örän wajyp; olar möhüm bir zadyň esasy bolup hyzmat edýärler. Mahal­mahal olary gözden geçirip, eserdäki indiki ädimimi haýsy ýana ätjegimi anyk bilýän.

— Ýazyp başlamazdan owal näçeräk wagt taýýarlyk görýärsiňiz?

— Bu sowala anyk jogabym ýok, sebäbi «Burgeriň gyzyny» ýazyşymy ýatlasam ençeme ýyllap Roza atly birgeňsi gahryman hoşuma gelipdi. Onda durmuş syrlary basyrylyp ýatan ýalydy. Onsoň men assa­assadan onuň töwereginden aýlanyp başladym, oňa ýakynlaşmaga çalyşdym. Iki­ýeke göze ilýän başga­da mowzuklar bardy, ýöne ýüz bermän olardan dura­bara uzaklaşdym. Meniň pikirimçe, adam öz ömrüniň dürli möwsüminde her jüre zatlary ýerine ýetirmäge taýýar bolýar. Onsoň bir ýurtda düýpli özgerişlikler bolýar, bir kişi üçin ýaşaýyş şertleri üýtgeýär, şonuň üçinem on ýyl mundan owal ýazan eserimi edil häzir ýaz­ mak ýa­da tersine, edil häzirki ýagdaýy ýene on ýyldan ýazmak meň üçin gyzyksyz bolsa gerek.

— Eserleriňizde gahrymanlaryň daş-keşpleriniň aýratynlyklaryny ýöriteläp doly açyp görkezeňzokmy? Okyjy baş gahrymanlaryň oý-pikirlerinden ýakyndan habarly bolsa-da, daş keşpleri hakynda az bilýärler.

— Meniň özüm­ä adamlaryň daş­keşpleriniň teswiri näçe gysga bolsa şonça gowy görýän. Elbetde, Isaak Başewis Zinger ýalylar başga gep. Adatça, ol hekaýasyna gahrymanyň daş­keşbine doly teswir bermek bilen girişýär. Suratlandyrmalara aşa üns berseň, olaryň birkemsizdigine göz ýetirýärsiň. Men welin gahrymanyň daş­keşbi baradaky teswiri parça­parça getirenimi hem­de olaryň eserdäki başga bölekler bilen sazlaşyp gidenini kem göremok. Meselem, gahrymanyň gözleri oňa başga bir gahryman dikanlap seredýärkä beýan edilip bilner, şonda ol tebigy görner. Soňrakky ýene bir sahnany, ýagny başda gözlerini suratlandyran gahrymanyň dartgynly halda oturandygyny beýan edip bilersiň, onuň bu haldadygyny bolsa ökjesini ýere urup oturyşy arkaly görkezip bolar — barmaklarynda bir aýratynlyk bar bolsa, şol pursat olary beýan etmegiň tüýs wagty. Beý diýsem, olar öňünden ölçerilip­dökülip ýazylýan ýaly görünýän bolmagam ähtimal. Ýöne beýle däl. Bularyň ählisi gerekli pursatda öz­özünden kelläme gelýär.

— Ýazmak üçin size nähili şertler has oňaýly?

— Maňa ýazmak üçin ýörite ýer, äpetden haşamly stol, ýa bolmasa sesdir ys gelmez ýaly diwarlaryna dykylyk tagta kakylan otag1 hökman däl. Ýöne diwarlary ýukajyk, kiçijik otagda ýumruk ýaly çaga bilen ýaşaýarkam, goňşularymdan gelýän radio sesleriniň degnama degen mahallaram bolupdy. Häzirem şeýle sesler depe saçymy üýşürýär. Adamlaryň sesine çydaýanam welin, «Mýuzagyňdyr»2 radionyň jygyrdaýan owazyny ýa­da telewizoryň sesini eşitdigim bes... Şäher ete­ gindäki öýümde kiçeňräk iş otagym bar. Howlusy bag­bakjaly bujagaz ýerim meniň üçin aňrybaş eşret. O ýerde öz peýwagtyma girip­çykýan. Seniň nirede, näme işläp ýöreniňi bilýän ýok, garaz, seni bimaza etjek gara ýok. Işläp başlamazdan owal telefonymy öçürýän, tä işlerimi tamamladym edýänçämem açamok. Eger kimdir biri seniň bilen hakykatdan habarlaşmak isleýän bolsa, az­owlak garaşybam biler. Görşüňiz ýaly, bimaza edilmän, rahat işlemegiň mundan aňsat ýoly ýok.

1 Diwarlaryna dykylyk tagta kakylan otag — bu ýerde Marsel Prustuň «Ýitirilen wagtyň gözleginde» eserini tamamlamak üçin ömrüniň soňky üç ýylyny geçiren, diwarlaryna ses geçirmezlik üçin dykylyk tagta kakylan ýatalga otagy göz öňünde tutulýar.
2 Mýuzak — söwda ýa-da önümçilik merkezlerinde goýbermek üçin ýörite döredilýän saz

— Adatça, günde näçe wagt ýazýaňyz? Aslynda, her gün işleýäňizmi beri?!

— Uly eseriň üstünde işleýän bolsam, her gün ýazýan. Basa oturyp, dört sagat dagy işleýän. Halys surnugamsoň kelläme dynnym ýalyjagam pikir gelenok. Şol sebäpli ünsümi başga işlere sowýan. Durmuşyň adaty, gündelik işleri bilen meşgullanmakdan gaçýan ýazyjylara düşünýän däldirin. Men­ä hakyky durmuş bilen bagyňy üzmezligi hökmany hasaplaýan. Ýazyjylygyň tenhalygy meni­hä hopukdyrýar. Üstüňe­başyňa serenjam berip dükana baryp gaýtmagyň, ýa bolmasa gülleri suwarmagyň hem öz hezili bar.

— Size ýazmak üçin günüň haýsy wagty has oňaýly?

— Irden işlänimi kem göremok. Bu meniň üçin iň önjeýli wagt.

— Bir eser ýazmak näçeräk wagtyňyzy alýar?

— Pylança wagt diýip bolanokda. Tiz tamamladym diýenim, on sekiz aýa çekdi. «Burgeriň gyzyna» welin dört ýylymy sarp etdim.

— Dört ýyl arakesmesiz işlediňizmi?

— Ýok, aralykda iki­ýeke kiçeňräk zatlaram ýazypdym. Kädaýym göwrümli eseriň üstünde işleýärkäm ylhamymyň petige diräýmesi bar, onsoň ondan ünsümi sowup hekaýalar ýazýan. Bu­da eserimiň ilerlemegine itergi berýär. Çendan iri eser ýazýan mahalym kellämiň içi bir hekaýa bilen bagly pikirlerden ýaňa hyň berýär. Onsoň olary wagtlaýynça bir ýana aýryp goýýan. Ýöne, gynansak­da, ýaşym ilerledigiçe şeýle pikirler barha azlyk edýär. Owaldan beýnim şeýle pikirlerden dolup­daşýardy. Bu ýagdaýa gynanman duramok, sebäp diýseň hekaýa ýazmagy gowy görýän.

— Döredijilik durgunlygy hakynda näme aýdyp bilersiňiz? Bu siziň üçin meselemi?

— Ýok. Görşüňiz ýaly, jogabymda ikirjiňlenme hem­de çekinjeňlik syzylýandyr. Sebäp diýseň, beýnimiň çuňlugynda «döredijilik durgunlygy» diýip tanalýan bir iblisiň busup ýatandygyny elmydama syzýan.

— Işleriňiziň üstünden gaýta-gaýta geçýäňizmi?

— Wagt geçdigiçe barha seýrek okaýan. Öňler hetdenaşa köp düzediş girizerdim. Ýaşrak mahallarym okyjynyň okaýan soňky nusgasyndan üç esse köp ýazardym. Hekaýa ýazsam dagy, şol hekaýanyň ahyrky göwrüminiň üç essesini häzirlärdim. Ýöne bu döredijiligimiň has irki döwürlerinde şeýle bolupdy. Gysga hekaýalar gaýtadan ýazma edähetine garşy tapylgysyz dersdir. Hekaýa ýazdygyňsaýy artykmaç parçalary kesip aýyrmaga, az sözlülige has öwrendekli bolýaň.

— Adatça, ýazyjylar tankyt okamaýarlar. Çünki on sany ajaýyp synyň arasyndan ýekeje tankydy syna gözüň düşdügi bes, bu olary bütinleý ruhdan düşürip bilýändigini aýdýarlar.

— Elbetde, ýöne bu syn berýäne­de bagly. Men birki kişä edebiýatçy hökmünde ýürekden hormat goýýan. Olara eserlerimi okamaga berýän, hatda golýazma görnüşinde­de okadýan. Kitaplarym olaryň elindekä alada galmakdan ýaňa meňzim saralyp gidýär. Sebäp diýseň, olary hakyky edebiýatşynas hasaplaýan. Ana şolardan: «Munyň­a gowşak» diýen tankydy eşitsem, halys ruhdan düşüp, nirä ýöreýänimi bilmezdim.

— Gelejekde ýazyş täriňize täzelik ýa-da başga bir zatlar girizmegi göz öňünde tutýarsyňyzmy?

— Men hemişe haýsy mowzuk bilen iş salyşýandygyma garamazdan, ondan baş alyp çykmagyň dogry ýoluny tapmagy umyt edýän. Meniň üçin bu agramly mesele hem­de döredijilikde barypýatan synag. Ynha, aýdaly, haýsydyr bir täze pikir kelläme geldi, ýöne onuň umumy maksada ýetmek bilen baglanyşygy ýok ýaly duýulýar. O pikir täze­de bolsa, tapylgysyzam bolsa, esere goşup bilmerin, sebäbi men bir eserde aýtmak islän zatlarymyň ählisini aýdypdym. Onsoň ony indiki eser üçin beýnimde aýap saklaýan. Ýöne indiki eseriňem özüne mahsus talaplary bar. Garaz, kagyz ýüzüne geçirmegiň ýoluny tapýançam, o mowzugy birýaňalyk edip bilemok.

— Başgaça aýdanyňda, jogabyň üstünden barýançaňyz, sowalyň nämedigini bileňzok-da?

— Hawa. Men duýgularym dogrusynda, umuman, eseriň, islendik bir hekaýanyň näme hakdadygy ýa­da näme hakda bolmalydygy dogrusynda bir zat diýmek isleýän. Kafkanyň şeýle jümleleri bar: «Eser içimizdäki buzy eredip, kalbymyzy ýyladyp bilmelidir».

Iňlis dilinden terjime eden Timar Mämmetgurbanowa.
Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnalyndan.





Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 70 | Добавил: Revo | Теги: Nadin Gordimer | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 4
0
4 Mähriban   [Материал]
@ Revo dogan, sag boluň ýetireniňiz üçin! Timaryň, hormatly şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň döredijiligine hormatymyz çäksizdir.

1
3 Bagabat   [Материал]
Sözi gepleşik dilinde aýdylyşy ýaly ýazmagyň “gowulyklary”:
1.Nowator okyjylar (köplenç ýaşlar) bilen içgin arabaglanyşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Sebäbi eser şolaň dilinde, şolaň slenginde “gepleýär”;
2.Real durmuşy “garran” dilde däl-de, hakyky öz dilinde çeper şekillendirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň netijesinde-de şeýle görnüşde ýazylan zadyň - öz döwrüniň aýnasy bolmak bijesi çüwäýmäk mümkinçiligi (şansy) artýar;
3.Ýokarda-da bellenildi: şirelilik, duýgulylyk. Ýene-de bir peýdasy gysbylyk. Sebäbi döwürdeşlere düşnükli ýekeje žargon sözi dürs ýazuw sözleri bilen düşnükli beýan etjek bolsaň, oňa görä köpräk sözi ulanmaly bolýar. Mysal üçin: "komp" - 1993-nji ýylda Derwezede, alaň açyk meýdana goýnuny göwerip, agyp-dönüp ýören sürä käte bir gözüniň gyýtagyny aýlap, eşegiň üstünde oturyşyna, kitabyny okaýan jahyla bu sözi düşündirjek bolsaň, näçe sözlem ýazmaly bolardy? 2021-de bolsa "komp" diýdiň. Wessalam, gep tamam. Kere-de düşnükli.
Ýa-da tersine, 2021-nji ýylyň “aýfon zürýady” (ýa-da “gajet perzendi”) mysal üçin, geçen asyryň 70-90-njy ýyllarynda oba ýerlerinde ýaşan her bir adama mälim, gündelik ulanyşda bolan, ýüpek gurçugyny idetmek bilen bagly “çinemek” diýen sözi okan ýa-da eşiden badyna düşünermi?!
Elbetde, gepleşik dilinde ýazmagyň başga-da "ot duşi" taraplary badyr. Ýöne şeýle ýazmagyň mümkindigini, boljakdygyny delillendirmek üçin şularam ýeterlikmikä diýýän.
Indi, sözi aýdylyşy tek ýazmagyň ýaramaz taraplary hakda:
1.Bulam-bujarlyk - Mysal üçin, ono o aýtýa, o diýä, ýeme diýä, hemäni ýemetmeseň diýä, ýemädämesin diýä. Osoňam aýtýa, şonaka-da bosa, şunaka bomanam bilerdi diýä. Ono menem ýemedýän oňa, ýemetme-how senem diýän...
Umuman, şeýleräk;
2.Redaksiýalar bu görnüşde ýazylan zady hiç bir ýerde hiç wagt tutuşlygyna kabul etmez. Olar hökman ilik-düwme korrektirowkadan geçirer. Bu bolsa, eýýäm eserde awtoryň aýtmakçy bolan, bolýan zadyna urgy bolýar. Sebäbi islendik eser awtoryň aňynda edil lego-konstruktor ýaly gurlup goýlan, bir ýa-da birnäçe çöpüni ýerinden sogrup, olary başga çöpler bilen çalyşýaň welin, eýýäm awtoryň isleýän şekili däl-de, başga şekil emele gelýär. Belki, täze şekil awtoryň islenäninden (guranyndan) has gowudyram, özüneçekiji owadandyram. Ýöne, bu eýýäm awtoryň islän (guran) şekili däl-dä.
3.Dürs ýazuwly edebiýata endik eden okyjylary gaçyrýar, köplenç halatda bolsa olaryň gaharynam getirýär;
4.Bu görnüşde ýazmaklyga çenden aşa "çümse" awtor, eser däl-de "samyrdama" ýazyp başlaýar we ş.m..
Şeýlelikde, bu iki usul ulanylanda, altyn ortalygy saýlamak zerurmyka diýýän. Edil topragyň dersini artykmaç dökseň ekin gögermez derejede bugaryp, kükäp duran ekinleň ajal meýdany emele gelşi ýaly, ýa-da "süýji bolýa" diýip, nahara atyp bilen guýruk ýagyňy atsaň, onuň iýip bolmaz derejede mylkyldap duran ergin ýagly ýarymholodese öwrülişi deýin, ýazylan zadam, bu usullaň haýsyny artykmaç ulansaň-da peýdasyna dä bolýandan bolmaly.
Dürs ýazuwa ýykgyn etseň, eser - guraklykdyr-tukatlygyň simwolyna dönýär.
Gepleşik dilinde ýazmaga ýykgyn etseňem ol - kelpeňlikdir-suwjuklygyň, nakyslygyň, "быдло-поп-арт" akymynyň şanyna heýkel bolýar.

1
2 Bagabat   [Материал]
"Gepleşik dilini ulanyşynyň" - şu jümle, bir zada ünsümi çekdi.
Goşguda nähili? Gaty bir seljerip ýa baha kesip bilemok. Sebäbi özüm ýazyp-ýazyp, gowy goşgyň näderejede kyn we agyr "dogulýandygyny" başymdan geçirip göremok.
Ýöne, kyssa-da, goşgam, ilkinji nobatda - söz (edil sazda ses, suratda reňk, tansda, baletde hereket, teatrda mimika we ş.m.) bolşy ýaly. Diýmek ikisem şu aýtjak bolýan zadymda meňzeş bolmagy ahmal.
Kyssada şoň esasy - başlangyç, gözbaş, binýatlaýyn we ş.m. elementi bolan sözi ulanmagyň esasan iki görnüşi bar:
1.Ýazuw düzgünine laýyk dürs ýazmak;
2.Gündelik gepleşik dilinde aýdylyşy ýaly edip ýazmak.
Elbetde, sözi "aýnadyp", ýagny ýoýup, gyşardyp, "kilçerdip" ýazmak ýaly usulam, öň ulanyşda (ne nazaryýetde, ne amalyýetde, ne tejribede) bolmadyk, täze sözi oýlap tapyp, ulanmak usullaram ulanylýar. Mysal üçin, kyssaň burlesk, grotesk, absurd žanrlarynda sözler köplenç "kilçerdip" ulanylýar. Ýa-da "massarakş" diýen sögünmegi aňladýan söz doganlar Strugaskiýler tarapyndan fantastiki eserde ulanmak üçin oýlanyp tapylan söz.
Kyssada sözi ýazylyşy ýaly ýazmagyňam, aýdylyşy ýaly ýazmagyňam özüne mahsus kemçilikli hem-de artykmaç taraplary bar.
Dürs ýazmagyň "gowy" taraplary:
1.Redaksiýalar oňlaýa;
2.Konsewator okyjylar oňlaýa;
3.Hemmelere düşnükli bolýa (sebäbi mekdepde hemmelere bu söz hut şo görnüşde öwredilýä);
4.Aýdylmakçy bolýan pikiri anyk beýan edip bolýa we ş.m..
Dürs ýazmagyň amatsyz taraplary:
1.Nowator okyjylar oňlamaýa;
2.Gepleşik diliniň şireliligini, duýga baýlygyny bermek mümkin däle ýakyn müşgil bolýa;
3.Eseriň emosional düzümini garyplaşdyrýa, özüneçekijiligini (şarmyny) alýa, eseri özünden öň ýazylan şoňa meňzeş eserler bilen "kopirkaň" astyndan çykan ýaly çalymdaş şekile girizýä;
4.Eger-de eser real durmuş hakda bolsa, eýýäm ýazylyp tamamlanyp, okyja ýetmänkä "garraýa" we ş.m..

1
1 Bagabat   [Материал]
Gowy terjime.
Gowy söhbetdeşlik.
Esasy zadam, takyk: "Zehinli ýazyjy ýazuw-pozuw işine baryp-ha başlangyç synplarda başlaýar."
Terjimeçi ýazmagy (ýazyjylygy) kinaýaly takyklyk bilen "guşuň gözünden urýan" görnüşde atlandyrypdyr. Özi bilip-bilmän. :-).
Sebäbi, ýazýaň-pozýaň, ýazýaň-pozýaň, ýazýaň-pozýaň...Pozmaga dözmedigiňem goýýaň...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]