07:29
Eşekçi
"ÇAGALYK" GOŞGULAR TOPLUMYNDAN

EŞEKÇI

Hol araky ertekini aýdyp ber,
Şazada hakynda gürrüñ gozgaýan.
Henizlerem ulalmadym görýäñ-ä
Sözler bilen kowalaşdym oýnaýan.

...Iññän başarjañdym ördekawçyda
Her kim bir topara girjek meñ bilen
"Akpamyk deý ýedi doganym bolsa"
Diýip arzuw ederdimem dañ bilen.

Göroglyny aýdyp bererdi daýzam
Ähli zatdan şony görerdim ýagşy.
Söweş etjek bolanymam ýadymda
Gyraty ogurlan kempire garşy.

Gurjaklar bezenip giderdi "çaýa"
Indi özüm barýan delje eşikli.
...Sözler bilen kowalaşdym oýnaýan,
Geñ ýeri,mydama men-dä "eşekçi".

Mahym NURGELDIÝEWA.

13.06.2021 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 100 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 3.2/5
Goşgular bölümiň başga makalalary

Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Sen meniñ dünýämdiñ? / Goşgular - 22.02.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Keramat bar bu toprakda / Goşgular - 05.02.2021
Bakylyk / Goşgular - 15.03.2021
Özüňi açmak / Goşgular - 23.02.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Kem-kemden / Goşgular - 16.03.2021
Durmuş derýasynyň üstünde / Goşgular - 03.06.2021
Sen / Goşgular - 20.02.2021
Всего комментариев: 13
0
13 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Teswirler we bellikler üçin tañryýalkasyn!

0
12 Mähriban   [Mowzuga geç]
Berekella, Mahym! Hakykatdanam her ynsanyn icinde soyga-mahre matac, garagol, oykelek... cagajyk yasayar. Kalby ylhamly ynsanlarda bolsa soyga-mahre hasam tesne, hasam garagol, hasam ynjyk cagajyk yasayar.

1
11 eatayew33   [Mowzuga geç]
1) "Kowalaşdy:m" bolanda kimdir birine kowalaşmak hakynda (işlik hökmünde) däl-de, oýun hakda gürrüň gidýär. Ol oýnuň ady. Işlik däl-de, a:t. "Bukuldy:m" ýaly.
(Bu— @Aksary agza üçin)

2) "Akpamyk deý ýedi doganym bolsa" däl-de, "Akpamygyňky deý" bolmaly, ýogsa Akpamygyň özi ýaly ýedi dogan hakda gürrüň gidýär. Bogun sany üçin aljak bolsaň: "Akpamyk deý ýedi doganly bolsam" diýseň dogry bolýar.

3) Sözler bilen kowalaşdym oýnaňda, mydama seň eşekçi bolýandygyň hiç hili "geň ýeri" ýok, sebäbi sözleriň eşekçi bolup bilmäge hiç hili mümkinçiligi ýok. Eger olar eşekçi bolaýsa, şonda geň bolardy

1
9 Revo   [Mowzuga geç]
Goşgyda pikirleriňi iň gowy beýan etmegiň bir usuly, bu halkymyzyň medeni mirasyny ulanmak. Ördek we awçy, Akpamyk we Görogly - bu köpümiziň çagalygymyzyň özenini düzen eserleri we oýunlary. Şonuň üçinem durmuşymyzyň iň möhüm böleginiň parçalaryny öz içine siňdirýän eserler, bizde elmydamy položitel duýgylary oýarýar. Mahym agzanyň şu ýazan goşgysy ýaly.

"Gurjaklar bezenip giderdi "çaýa"
Indi özüm barýan delje eşikli."

Goşgynyň bu setirlerem, goşgynyň mazmunyny, äheňini, degişliligini kesgitleýän setirler. Goşgy - sada, duýgyçyl, arzuwçyl, zenan kalbyny açyp bilipdir.

0
6 Nurdan   [Mowzuga geç]
@Aksary, jigim, siz tarap bolanda níře bolýarka?! Mahymlar tarapda, biz tarapda "kowalaşd:ym" diýilýän eken-da onda, Sizem "biz" tarapa goşulsañyz onsoñ hemmämiz biz tarap bolaýýarys

0
7 Aksary   [Mowzuga geç]
Mary bolýar! günbatar taraplarda bukuldym ýalñyşmasam, biz taraplarda bolsa gizlenmeşek

Ana şol ýokardaky ýaly bolansoñ aýdaýdym, Pendi tarapa ýöreseñ düýbinden başgaça, ýöne men ylalaşýan.

-1
8 Nurdan   [Mowzuga geç]
"bukuldym, gizlenmeşek" bu ikisi başga oýun, kowalaşdym başga oýun ýalydy

0
10 Aksary   [Mowzuga geç]
Howa başga oýun,men diñe mysal getiräýdim uýam!

0
4 Nurdan   [Mowzuga geç]
Çagalygymy ýatlatdy, goşgyny gowy gördüm. Ylhamyña bereket!
@Aksary "kowalaşd:ym" diýeni dogry, "kowalaşdy" däl.

0
5 Aksary   [Mowzuga geç]
Biz taraplarda diýdimä @Nurdan hanym !

0
3 Aksary   [Mowzuga geç]
Gurjaklar bezenip giderdi "çaýa"

Ýylgyranym bilmän galdym!

0
2 Aksary   [Mowzuga geç]
Sözler bilen KOWALAŞDYM oýnaýan.
Biz taraplarda KOWALAŞDYM däl-de, KOWALAŞDY diýilýärdi.
Kimdir biri haýsydyr birzady kowalap tutup bilmän ýören bolsa,senem oña ony kowalaşsañ, soñra başga birine ony kowalanyñy aýdanyñda KOWALAŞDYM diýseñ bolar.
Señ diýjek bolanyñ düşnükli,, ýöne M harpy goşma!
Galan ýerleri gowy bolupdyr Mahym üstünlik!

0
1 Orhideýa   [Mowzuga geç]
"Henizlerem ulalmadym görýäñ-ä"-iñ halan ýerim..

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]