17:10
Eşek hem Köpek / basnýalar
EŞEK HEM KÖPEK

Eşege gaharly diýenmiş Köpek:
- Horyda wagtyñ-a däldiñ sen depek.

Kyn eken bolmasa utanjyñ-haýañ,
Deper ýaly näme edenmiş eýäñ?

Iýdirdi, içirdi, semretdi seni,
Heý, şeýle zat bormy, ynsabyñ hany?!

Eşek diýenmişin: "Beýle diýmegin,
Depmek üçin berilendir toýnagym".

- Seni saklamasa nogtadyr duşak,
Señ bilen il bolmak kyn eken, Eşek!

• BETPÄL

Garagurt ýylgyryp, diýenmiş: "Içýan!
Men çakamda ähli zähermi saçýan.
Nätjekdiñ sen meni gepledip uzak,
Çakanyñ galmasyn, ikinji gezek".

* * *

Eden etmişine ökünmeg-ä däl,
Özüne meñzeşi ösdürmiş betpäl.

• TILKI

Şiriñ suratyna dikip nazaryn,
Tilki diýenmişin: "Niçik gezerin,

Bir gün ýaşap bilmen men şondan añry,
Saña uzak ömür bersin-dä Tañry"...
Gören diýýär: "Bolup ýörşi masgara",
Ýöne sen tilkiniñ bolşuna gara!

Ol bähbit gözleýär. "Duranlañ biri",
Hökman, şuny aýdyp, begendir Şiri.

Baýram ÇOMMADOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Haweran | Теги: Baýram Çommadow | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Duýduñmy?! / Goşgular - 27.05.2021
"Men bir gezek azaşypdym daglarda..." / Goşgular - 07.02.2021
Keramat / Goşgular - 14.02.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021
Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Gözýaşlam bilen ýuwaryn / Goşgular - 10.01.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Goja şägirt / Goşgular - 25.03.2021
“Rahatja günlerňi ýa:t etdim saňa...” / Goşgular - 23.02.2021
Bahar toý tutýar / Goşgular - 20.03.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]