03:29
Ertir bilerin
ERTIR BILERIN

Dek düýn muzdsyz ýa-da para-peşgeşsiz,
Sapylgydy ykbalyma ykbalyñ.
Halsyzlyk ýa ýolsuzlykdyr öýderdim,
Şu çaka çen birje göwnüm ýykmanyñ.

Ýaralarña melhem etdim narpyzy,
Çaýa goşup içdim lebleñ gandyny.
Şüdgär ýer deý asla suwdan ganmadym,
Ahyr basdyñ uly derýañ bendini...

Durmuşda-da kän büdredim, ýykyldym,
Öñler örän rahatdy meñ gijelem.
Labarint deý ýodalardan çykardym,
Ganly däl-de janlydy meñ bijelem...

Syr berenim ýer bermedi ýanyndan,
Dost diýenim şumy, galaýyn tenha...
Bu günki bagtymyñ ysynam duýman,
Bilmänsoñ agyrdan aýñalyp.
Ynha,
Şeýdip nazar aýlap geçmişe bakan,
Bir ýylgyrsam ýüz gez barym dilerin...
Bir gün yzda galýar añym, ýüregim,
Bu güniñ gadyryn ertir bilerin.

Ahmet ARAZOW





Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Ahmet | Теги: Ahmet Arazow | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Деревенская любовь / Goşgular - 20.01.2022
Призрак / Goşgular - 18.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Hal / Goşgular - 02.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Magtymgula nezire / Goşgular - 19.01.2022
Öýke / Goşgular - 15.01.2022
Göwnüm geçdi / Goşgular - 08.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
Syr berenim ýer bermedi ýanyndan
Dost diýenim şulmy galaýyn tenha
Şu setirleri hasam haladym goşgularyňyzyň höwri kop bolsun

0
1 Mähriban   [Материал]
Şu günüň gadyryny şu gün bileli, Ahmet jigim, gaýrat et!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]