11:24
Ertir ahyrzaman / hekaýa

ERTIR AHYRZAMAN

– Ertir ahyrzaman boljakdygyny bilseň näme ederdiň?
– Näme ederdim?... Degişýärsiňmi?
– Ýok.
– Bilmedim, hiç pikirlenip görmändirin.
Ol özüne kofe guýdy. Bir burçdaky halyň üstünde, ýagty ýaşylreňk çyraň ýagtysynda iki gyzjagazy kubiklardan nämedir bir zatlar ýasap otyrdy. Myhmanotagda häzirjek gaýnan kofeň hoşboý ysy bark urýardy.
Ol:
– Pikirlenip görmeli wagt geläýdi öýdýän- diýdi.
– Urş başlandymy?
Ol başyny ýaýkady.
– Atom ýa-da wodorot bobasymy?
– Ýok.
– Bakteriologik urşmy?
Ol çemçe bilen kofeni bulap oturyşyna:
– Aý, ýok bular ýaly zatlar däl– diýdi– Ýöne, näme diýsemkam, soňky nokady goýmaly wagt geldi.
– Näme diýjek bolýandygyňa düşünip bilemok.
– Anygyny aýtsam, özümem düşünemok. Men häzir diňe kalbymy uly gorky gaplap alandygyny duýýaryn, az salymdan soňra gorky zym-zyýat bolup göwnum rahatlanýar – ol gyzlaryna seretdi, olaryň altynsöw saçlary çyraň ýagtysyna şugla saçýardy– Men saňa ilki başda aýtmandym. Bu dört gün ozal başlanypdy.
– Näme?
– Men bir düýş gördüm. Düýşümde “ýakynda hemmesi gutarýar” diýen owaz eştdim. Bütinleýin nätanyş, başgaça ses. Onuň aýtmagyna görä, biziň Ýer saýýaramyzda ýaşaýyş soňlanypdyr. Ertesi bulary unudyp işe gitdim, edarada Sten Uillisiň penjiräň öňünde oýa batyp oturandygyny tötänden görüp galdym. Oňa “Sten nämeleri arzuw edip otyrsyň?” diýdim. Ol jogap berdi, “meň düýşümde...” şol mahalyň özünde nähili düýşdigini aňladym. Oňa düýşünde nämeleri görendigini aýdyp bermegim mümkindi, emma Sten düýşüni birinji bolup aýdyp berdi, men diňledim.
– Şol düýşmi?
– Edil özi. Stene menem şeýle düýş görendigimi aýtdym. Ol geň galmady, hepdäki az-kem rahatlandy. Soňra biz gyzyklanyp bütin edara aýlandyk. Bu öz-özünden şeýle boldy. Biz ýör aýlanyp göreli, nähili gep-gürrüň bar, diýemizok. Ýöne edara aýlandyk, işgärleriň käbiri stolyna, käsi ellerine, ýene-de biri penjirä bakyp ses-sedasyz otyrdy. Biri bilen men, başkasy bilen Sten gürleşdi.
– Ähli adamlar şol düýşi görüpdirmi?
– Hawa ählisi, otur-nokadyna çenli şol düýşüň edil özi.
– Sen muňa ynanýarsyňmy?
– Ynanýaryn. Dogulanym bäri hiç-bir zada şeýle ynanan däldirin.
– Haçan bu hadysa başlanýar? Haçan barçasy soňlanýar?
– Biziň üçin–bu gün tünde, sagat näçede başlanjakdygyny bilemok, soňra bolsa haýsy ýerde gijäň nä wagtda girişine görä– ýer aýlanýar ahyryn. Garaz, bir gije-gündizde barçasy gutarýar.
Olar kofe ellerini hem degirmän az salym oturdylar. Soňra biri-birine bakyp howlukman kofe içdiler.
Hatyny:
– Haýsy günämiz üçin– diýdi
– Günä etdikmi, etmedikmi gep onda däl, oň bilen hiç zat üýtgänok. Sen jedelleşmediňem, näme üçin?
– Elbetde muň sebäbi bar.
– Biziň edaradaky ýalymy?
Hatyny baş atdy.
– Men saňa muny aýtmakçy däldim. Uzakly gün köçämizdäki aýýallar şu barada gürleşdi. Olaram edil şu düýşy görüpdirler. Men bu ýönekeý meňzeşlik bolsa gerek diýip oýlapdym– diýip stoldan düýnki gazedi aldy– Munda bolsa hiç zat ýazylmandyr
– Şonsuzam hemme bilýär– ol hatynyna ýüzlenip, synlaýjy nazar bilen seretdi– Gorkýarsyňmy?
– Ýok. Elmydama gorkunçly bolsa gerek diýip oýlaýardym, emma gorkmaýaryn.
– Bize mydama öz janyňy halas etmäge ymtylmak duýgusyny öwredipdiler- neçýün şol duýgy lal-jim bolup durka?
– Bilmedim. Barçasynyň hakykatdygyny bileňsoň artykmaç howsala düşmeýänsiň, belkide. Bärde hemmesi hakykat. Egerde biziň nähili ýaşandygymyzy oýlasak- şeýle gutarmalydam.
– Biz şol derejede erbet boldukmy?
– Ýok. Emma juda gowy hem däldik. Ähtimal, esasy pajyga şundadyr– bizde göze ilýän hiç zat ýokdy, biz özümiz-özümiz bilen awara bolup galypdyk, emma dünýädäki örän köp adamlar azdylar, kim bilýär olar nämeleri oýlap tapmadylar.
Myhmanotagdan gyzlaryň gülküsi eşdildi.
– Men mydama şu pursat gelende hemmeler köçä ylgar diýip oýlaýardym.
– Menimçe ýok. Çünki hiç zady üýtgetmek mümkin däl bolansoň goh-galmagalyň nägeregi bar.
– Bilýäňmi, men diňe senden we gyzlarymdan aýrylýandygyma gynanýaryn. Men hiç mahal şäher durmuşyny we işimi halamadym, umuman üçiňizden başga hiç närsäni söýmedim. Men hiç zada gynanamok, emma yssy howada bir käse suw içip, az-kem uklap alynýan şoňa meňzeş ýene-de bir güni görüp bilsek erbet bolmazdy. Täsin, biz nädip şu ýagdaýda bu temada aýrkaýyn gürleşip otyrys?
– Elimizden başga näme hem gelerdi?
– Hawa, dogry aýdýarsyň, eger etmek mümkin bolandygynda nämedir bir zatlar ederdikda. Menimçe, taryhda bu gün her bir adam ertir özüne näme boljakdygyny bilýän birinji hadysa bolsa gerek.
– Häzir agşam ýakyn sagatlarda adamlar näme ederkalar?
– Her günki ýaly, kino giderler, radio eşderler, telewizor görler, çagalaryny ukladarlar we özleri hem uklamaga ýatarlar.
– Muňa begenmeli ýaly, hemme adatdaky ýaly.
Olar bir munit sessiz oturdylar, soňra äri ýene-de özüne kofe guýdy.
– Sen nähili oýlaýarsyň, nämüçin aýnyman şu gün?
– Şonuň üçin.
– Nämüçin başka bir gün, geçen asyrda ýa-da bäş ýüz, müň ýyl owal däl?
– Ähtimal, şu mahala çenli bular ýaly gün– bir müň altmyş dokuzynjy ýylyň on dokuzynjy oktýabry bolmadykdyr, indi bolsa şol gün geldi, ana şol bilen tamam wessalam. Bu gün aýratyn gün, çünki bu ýyl dünýäde ýagdaýlar şeýlebir dartgynly, başgaça bolmagy mümkin hem däl– şonuň üçin ahyrzaman geldi.
– Bu gün ummanyň iki tarapynda bobardimonçy uçarlar uçmaga taýýarlanýar, olar indi hiç haçan ýere gonup bilmese gerek.
– Şolaryň hem “goşandy” bar.
Ol ýerinden turup barýan mahaly:
– Belki– diýdi– Näme edýäs, gap-çanaklary ýuwarysmy?
Olar gap-çanaklary ýuwup, aşhanany tertiplediler. Dokuzyň ýarynda çagalary uklamaga ýatyryp, olary ogşady, krowatyň ýokarsyndaky gülçyrany ýakyp, gapyny ýarym açyk galdyrdy.
Ol çykyp barýan mahaly elini gapyň tutawajyndan aýyrman:
– Bilmedim…– diýdi.
– Näme diýýärsiň?
– Gapyny doly ýapsammykam ýa-da ýagtylyk düşüp durmagy üçin ýarym açyk goýsammykam.
– Belki çagalar duýar.
– Ýok, elbetde ýok.
Olar oturyp gazet okadylar, söhbetleşdiler, radio diňlediler, soňra bolsa kaminde kömürden dörän gyp-gyzyl köze dykylyp oturdylar, sagadyň dilleri on biriň ýaryny görkezdi, on bir boldy, soňra onkiň ýaryny görkezdi. Olaryň her biri özüçe dünýädäki adamlar barada oýlandy, bu tüni kim nähili geçirer?
Ol ýerinden galyp hatynyny öpüp:
– Näme hem bolsa alnymyza ýazylanyny görüberýäs– diýdi.
– Bilelikde erbet ýaşamadyk.
Ol:
– Aglamak isleýäňmi– diýdi.
– Elbetde ýok.
Olar ähli otaglara aýlanyp çyralary söndürdiler, ýatakhana girip daşky eşiklerini çykardylar, otag salkyn hem bolsa peji ýakmadylar, ýorgany hem aýyrdylar.
– Nähili ajaýyp ýorgança...
– Men ýadadym.
– Hemmämiz ýadadyk.
Olar ýatdylar.
Hatyny:
– Bir munit– diýdi.
Ýerinden galyp aşhana girip gitdi, derrew hem dolanyp gelip:
– Krandy ýapmagy unudypdyryn– diýdi.
Äri biygtyýar gülüp göýberdi. Hatyny hem güldi, bu ýagdaý çyndan hem gülkülidi. Soňra gülmeklerini bes edip, biri-biriniň ellerini tutup, ýüzüni ýüzüne basyp sowuk ýorgançada gapdalma-gapdal ýatdylar.
Ol birnäçe munitdan soňra:
– Gijäň rahat bolsun– diýdi.
– Gijäň rahat bolsun.

Reý BREDBERI.

Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 112 | Добавил: Gurgencli | Теги: Reý Bredberi | Рейтинг: 2.0/1
Всего комментариев: 7
0
5 hanturebs   [Материал]
Gurgencli ziyouz saytyndan okadyn gerek?! :)))

0
6 Gurgencli   [Материал]
Ýok, oňa girip bolanoga gardaş.

0
7 Gurgencli   [Материал]
Öňler ýöne terjime edýän eserlerimi şondan alýardym. Gory uly, gowy saýtdy.

2
2 mango   [Материал]
şu hekaýa öň terjime edilipdi (galamdaşda okapdym).
hawa, kemçilikler bardyr, elbetde...
---
Ol özüne kofe guýdy.
(Он налил себе кофе.)
şol agzan edildi diýýän terjimede şu sözlem "Ol özüne kofe guýundy" diýip alnypdyr. ýöne bellik üçin diýýän manylary dogram bolsa "kofe guýdy"-dan "kofe guýundy" has owadan, süýji, diri eşdilýär. bu bir owunjak detal... diňe üns bermegiňi isledim.
----
Ol:
– Pikirlenip görmeli wagt geläýdi öýdýän- diýdi.
– Urş başlandymy?
(— Что ж, пора об этом подумать, — сказал он.
— Ты серьезно?
Он кивнул.

— Война?)
sypdyrylan dialog bar eken...
---
Bu dört gün ozal başlanypdy bolupdy.
(Это случилось четыре дня назад.)
ýa-da "Bu waka dört gün öň bolupdy."
---
Bütinleýin nätanyş, başgaça ses. Onuň aýtmagyna görä, biziň Ýer saýýaramyzda ýaşaýyş soňlanypdyr. ýaşaýyşyň soňy gelýär.
(Совсем незнакомый, просто голос, и он сказал, что у нас на Земле всему придет конец.)
---
yzyny deňäberseňem boljak welin.... hökmanam däl.
Saparmyrada üstünlikler dileýän.
terjime diýen zat aňsat iş däl.
şonuň üçin yhlasa-myrat diýýän.

1
3 Gurgencli   [Материал]
@mango, aga, bellikleriň üçin we üstünlik arzuw edeniň üçin minnetdar.
Men rus dilinden terjime edemok, rus dilini bilemok. Özbek dilinden terjime edýärin.

2
4 mango   [Материал]
kyn eken ol-a.
göz öňüne getir, ilki orsça geçirilende gowşandyr, soň özbekçä geçende gowşandyr, özbekdenem türkmençeleşende....
iň gowus-a ýazylan dilinden göni türkmençä geçiräýseň...
---
ýöne, boş oturmaly däl, kämilleşip işläbermeli...
dowam et.

2
1 Gurgencli   [Материал]
Uzak wagtlyk arakesmeden soňra Ilkinji terjime eden hekaýam:) kemçilikler bolup biler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]