15:40
Erkin şygyr sungaty
ERKIN ŞYGYR SUNGATY

«Gorkut ata» şadessanynyň şygyrlarynda dürli çeperçilik serişdelerine: ulaltma, kiçeltme, deňeşdirme, içki sazlaşyk we gaýrylardan ýerlikli peýdalanylypdyr. Eserdäki şygyrlar şu günki şygyr sungaty bilen deňeşdirilende içki golaýlygy görmek bolýar. Ýöne ony giçki orta asyr şygyr görnüşi bilen deňeşdireniňde uly tapawudyň bardygyny bellemek gerekdir. Sebäbi şygyr sungaty Gorkut atanyň döwründen biziň şu günlerimize çenli örän uly ösüş ýoluny geçipdir. Dürli şygyr görnüşleri, şekilleri emele gelipdir. Mysal üçin, orta asyrlarda we nusgawy edebiýatda şygryň gazal, müsemmet, mesnewi, rubagy, kytga, tuýug, goşuk ýaly görnüşleri ulanylypdyr. «Gorkut atadaky» şygyrlary şol görnüşleriň haýsydyr birine degişli edip bolmaýar.
«Gorkut atada» juda irki, gadymy şygyr görnüşi bar. eýýäm belli bir çeperçilik serişdeleri, belli bir görnüşi gutarnykly bolmasa-da kesgitli ösüş ýoluna düşüpdir. Ol entek ösüş ýolundaky şygyr sungaty. «Gorkut ata» şadessanynyň şygyrlaryny ERKIN ŞYGYR SUNGATY diýip atlandyrmak bolar. Çünki şygyr pikir joşgunyna tabyn edilipdir. Olarda bogun ölçegleri saklanmandyr. Hatda sazlaşyk hem belli bir kada tabyn däl. Setirleriň bogun sany deň däl. Her setiriň bogun sany 4 bogundan 15-16, hatda ýigrimi bogna çenli üýtgäp durýar:

Bäri gelgil, salyr begi, salyr görki – 12 bogun.
Başym bagty, öýüm tagty – 8 bogun.
Han atamyň giýewisi – 8 bogun.
Gaýyn enemiň söýgüsi – 8 bogun.
Atam, enem berdigi – 7 bogun.
Göz açyban gördügim – 7 bogun.
Köňül berip söwdügim – 7 bogun.
Beg ýigidim, gazap – 6 bogun.
Galkyban ýeriňden öri turduň – 10 bogun.
Ogluň bile ýaly gara kazylyk atyň mündüň – 15 bogun.

Görşümiz ýaly, bu goşgy setirlerindäki bogunlaryň sany dürli-dürli gömüşde gelýär. Kitabyň goşgularyndaky kapyýalaryň sazlaşygy-da erkin halda gelýär. Sebäbi her bent iki, dört, bäş ýa-da ondan köp setirden gelip, onda kesgitli bir düzgün saklanmaýar:

Ýigitlerim, ýeriňizden öri turuň,
Ak boz atymyň guýrugyny kesiň,
Är goramly ala dagdan dörüp aşyň,
Akgynly, görkli suwy dilip geçiň,
Gazanyň diwanyna çapyp baryň,
Ak çykaryp, gara geýiň,
«Sen sag bol, Birek öldi» diýiň.

Şadessandaky şygyrlarda bogun sazlaşygyna seredeniňde, toniki sazlaşyga köpräk orun berilýär. Käbir setirlerde sillabiki-toniki sazlaşygyň ikisem bile ulanylypdyr.
Umuman, «Gorkut atada» özboluşly, erkin, şahyrana şygyr sungaty bolup, ol eserdäki gahrymanlaryň ruhy dünýälerini açyp görkezmäge hyzmat edýär. Geljekde şadessany bezeýän, onuň gyzykly okalmagyna estetiki lezzet berýän, ömrüni uzaldýan şygyr sungaty düýpli ylmy derňew esasynda öwrenilmelidir.

© Araznepes Mämmetjumaýew, Akmyrat Täjimow. Gadymy türkmen edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin synag okuw kitaby. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. 121-122-nji sahypasy.

“Werlibr” usulynda, ýagny erkin şygyr formasynda goşgy düzmek hakda, şu saýtda şu aşakdaky çeşmelerde-de durlup geçilýär:

1. http://kitapcy.com/news/turkmen_sygryyeti_turkmen_ruhy_1_elkyssa_ bissimillasy/2018-08-09-1858;
2. http://kitapcy.com/news/durmus_nobatguly_daldir_gowherim_1_uly_ gurrune_kici_giris/2018-11-29-3685;
3. http://kitapcy.com/news/sygyryn_dusundirip_bolmayan_mygyry/2019-01-15-4654;
4. http://kitapcy.com/news/g_ezizow_we_n_rejebow_turkmen_liriki_sygryyetine_nahili_tazelikleri_getirdi/2020-05-09-1813.





Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 72 | Добавил: Bagabat | Теги: Araznepes Mämmetjumaýew, Akmyrat Täjimow | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 9
0
9 Nurdan   [Материал]
Serdar aga, döredijilik işi bilen meşgullanmagyñ dürli kärdäki adamlara konstitusiýamyzda we beýleki kanunlarda kepillendirilişi barada-da düşündirseñiz?! gyzyklanýanlar bardy..

1
Rahman Rejebiñ näme diýenini paýlaşaýyñda eposyñ şygyrlary hakda. Maña birwagt şuny ylmy iş edip al diyipdiler. Bilmedim. Name boldy, men başga tema sayladym

0
5 Bagabat   [Материал]
Şu salgyda:https://kitaphana.ru/book/2041/read
Rahman Rejebowyň: "GADYM TÜRKMEN EDEBIÝATY (VIII–XII ASYRLAR)" atly 448 sahypalyk ylmy işi bar. Şol kitabyň 95-178-nji sahypalarynda "Kitaby Dädem Gorkut" doly analiz edilýär. Kitaby ýükläp bolýar.
Başga-da, şu salgyda:https://kitaphana.ru/book/1393
Rahman Rejepowyň "EDEBIÝAT YLMYNA DEGIŞLI TERMINLERIŇ SÖZLÜGI" 288 sahypalyk ylmy işi bar. Onam ýükläp alyp bolýar.
Ýöne, kitaplar skanerden geçirilen bolansoň, olardan tekst göçürip alyp bolmaýar. Diňe täzeden nabor etmeli. Ýa-da ýörite "распозновать" edip, suraty tekste öwürýän programma gerek.

0
6 Bagabat   [Материал]
Ýöne, Rahman Rejepow, gadymy edebiýatymyzy öwrenmek babatda gaty uly, düýpli iş eden ekeni. Haýran galdym. Onuň "GADYM TÜRKMEN EDEBIÝATY (VIII–XII ASYRLAR)" kitabyndaky maglumatlary öň birnäçe ýylyň dowamynda her bölejigini rus dilli çeşmelerden özüm üçin toplap biderek iş edinip ýörüpdirin. Hemmesi bir ýerde baram ekeni. Äý hawa-da, bilmeseň, "akmak aýaklar akylly kellä dynç bermez" diýleni bolýan eken-dä.
Bu alymyň işlerine ünsümi çekeniňize minnetdar. Kitabyny okap, hezil etdim. Şeýlebir düşnükli, düýpli ýazylypdyr.

1
Meniñem ünsümi Aman Şyhnepesow çekipdi şu alyma men ýokardaky 1nji kitaby entek okap göremok. Indi okaryn

0
8 Bagabat   [Материал]
Aman aga (Aman Şyhnepesow) ussat, alym adam. Kän iş edýär. Okuwa girenimde türkmen dili - edebiýatdan synag alan mugallymdy. Edepli, salyhatly, okumyş adam.

0
3 Bagabat   [Материал]
8). Hakyky şygyra iñ köp golaýlaşanlar simwolistlerdir, çünki olar şygyr ýazanlarynda žiwopisden we sazdan peýdalanypdyrlar, onsoñam tebigat syrlaryny şygyrlaryndaky düşnüksizlige siñdirmek bilen görkezip başarypdyrlar, köpöwüşginlilikden we werlibr arkaly täzeligiñ berýän mümkinçiliklerinden peýdalanypdyrlar.

Sedat Umran. Şygyryñ düşündirip bolmaýan mygyry...
Çeşmesi: http://kitapcy.com/news....15-4654

0
2 Bagabat   [Материал]
«Döwhä Goja ogly däli Domrul boýunda» bir parçany okalyň. Ezraýyldan ejizlän däli Domrula ýassykdaşy ýüzlenýär:

Ne diýer sen, ne sözlär sen?
Gözüm açyp gördügim,
Köňül berip söwdügim,
Goç ýigidim, şa ýigidim,
Datlyk damak berip soruşdygym,
Bir ýassykda baş goýup emişdigim...

Nähili ajaýyp şygyr! Nähili ajaýyp werlibr! Şeýle werlibri döretmegi öňki SSSR-iň territoriýasynda ýaşaýan şahyrlar-a arzuw hem edip bilmez, werlibriň ösen žanrynyň kämil ýurtlary Fransiýa, Ispaniýa, Italiýa, Latyn Amerikasy ýurtlaryndaky şahyrlara hem başartmaz! «Gorkut atanyň kitabyndaky» ak goşgular, werlibrler geçmişiň göwher şamçyraglary bolman, şu günki, geljekki edebiýat üçinem beýik nusgalardyr!

Osman Öde. Türkmen Şygryýeti - Türkmen Ruhy - 1: Elkyssa bissimillasy.

0
1 Bagabat   [Материал]
Şeýle pikirim bar: oguz edebiýaty mundan müň ýyl ozal hakyky dogry ýoldan – şu günki, häzirkizaman edebiýatynyň ýolundan barýan eken. Ýöne, diniň rowaçlanmagy hem-de pars diliniň, pars edebiýatynyň täsiriniň güýçlenmegi netijesinde türki dilli edebiýat öz ähmiýetini peseldýär. Pars hem arap diliniň owazlylygy, oguz edebiýatynyň paýhaslylygyndan üstün çykýar. Şol ýyllar ähli türki dilli şahyrlar pars hem arap dillerinde döredip başlaýarlar. Taryhda örän selçeň gabat gelýän paradoks! Kämil edebiýat terk edilip, daşy bezegi kämil edebiýat başlanýar. Öňe diýip, yza gidilýär.

Osman Öde. Türkmen Şygryýeti - Türkmen Ruhy - 1: Elkyssa bissimillasy.
Çeşmesi: http://kitapcy.com/news/
turkmen_sygryyeti_
turkmen_ ruhy_1_elkyssa_
bissimillasy/
2018-08-09-1858

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]