18:58
Erkekler, siz nirede? / ýumoreska
ERKEKLER, SIZ NIREDE?

Arada raýonymyzyñ aýallary üýşüp, ştanga götermek boýunça ýaryşa gatnaşmaga arza beripdirler.
- Goýaweriñ, gözeller! Siziñ inçe biliñiz, näzikek gollaryñyz onça ýüke paramaz. Gowusy, işli-işiñiz bilen boluñ. Gezek ştanga galsa, özümizem bar ahyry - diýip, erkekler murtlaryna tow beripdirler. Raýy ýykylan aýallar ýene öñküje ýerlerine gelip, işläp ýör diýdiler.
Men bu aýdylýanlaryñ çyndygyny-ýalandygyny anyklamak üçin aýallaryñ esasy üýşen ýeri bolan kerpiç zawodyna bardym. Zawodyñ direktory:
- Işgärlerimiziñ aglabasy aýal-gyzlar. Planymyzy dolýas. Tüweleme, olar gaty işeññir. Iş bolup öñlerinde durar ýaly däl. Ynanmasañ, aýlanda göräý - diýdi.
Direktoryñ aýdyşyça bar ekeni. Zawodyñ içi durşuna aýal-gyz. Laý garýanam, agyr arabalary itekleýänem, gyzgyn kürede kerpiç bişirýänem şolar. Men gyssanjyma:
- Erkekler, siz nirede? - diýip, gygyranymy duýman galypdyryn. Sesim edil guýa gaçan ýaly, hiç kimden jogap ýok.
Men ýelgamagyma atlandym-da, gowaçaly atyzlara çykdym. Atyzlaryñ içi agzy-burny saralgy jemendeden doly. Aýaly-erkegi saýgarar ýaly däl. Ýene hälki sowalymy gaýtaladym:
- Erkekler, siz nirede?
Edil erkek göbekli gyrlan ýaly, giden meýdan lal-jim. Men ekerançylyk meýdanlarynyñ duşundan geçip, oba golaýladym.
- Erkekler, siz nirede?
- Erkekler, siz nirede?
- Erkekler, siz nirede? - diýip, üç gezek gygyrdym. Şol wagt zawodyñ gudogyndan çykýan sese çalymdaş jogap eşidildi.
- Biz bärde!
Dogrudanam olar bar ekeni. Kolhoz prawleniýesiniñ başlyklarynyñ, raýon edaralarynyñ, ýolbaşçylarynyñ kürsüleriniñ ählisinde erkekler otyr. Ozallar birlän, ikilän ferma müdiri ýa-da brigadier aýal-gyz bolardy. Asyl indi tapaýmarsyñ.
Arada raýon ýaşaýjylarynyñ arasyna oba Sowetleriniñ ispolkomlarynyñ ýolbaşçylary-da, kolhoz başlyklarynyñ medeniýet baradaky orunbasarlary-da erkeklerden boljakmyş diýen gürrüñ ýaýrady.
Kän myşa gulak gabartmamyz ýokdy welin, şol gürrüñ-ä çyn bolup barýan bolarly. Raýondaky otuz mekdebiñ diñe birine zenan maşgala direktorlyk edýär. Üç oba Sowetinij ispolkomynyñ başlyklary erkek adamlar. Bu zatlary geñläp ýörkäk, "Watan" we "Gyzyl Goşun" kolhozlarynyñ başlyklarynyñ medeniýet boýunça orunbasarlarynyñ kürsüsine-de erkekler mündi oturyberdi...
Indi hälki ýaryşly gürrüñe dolanyp geleliñ. Ştanga götermek boýunça raýon ýaryşyna goýberilmedik aýallar kerpiç zawodynyñ gyzgyn küresinde, ekerançylygyñ, maldarçylygyñ surnukdyryjy agyr işlerinde işläberdiler. Şeýle bolansoñ, olar agyr atletikada pylan hili üstünlik gazandy diýip, şowhun etmäge dilimiz barjak däl. Ýöne raýonyñ çaga ölümi boýunça respublikada öñdäki orunlaryñ birini eýeleýändigini welin, gussa bilen aýtmagymyz gerek.

Öwezgeldi MÄTEROW,
Murgap raýony.

"Tokmak" žurnaly, 1989 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 86 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Öwezgeldi Mäterow | Рейтинг: 4.0/2
Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary

Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]