22:46 Erkek diýip bolarmy? | |
ERKEK DIÝIP BOLARMY? Hiç maksatsyz gülýäne, Mydam şeýdip bilýäne, - Erkek diýip bolarmy? Çyn aşyk bolmadyga, Bir posa almadyga, - Erkek diýip bolarmy? Hemmä "gülüm" diýýäne, Günde birin söýýäne, - Erkek diýip bolarmy? Üstünde jan gerene, Soñra satsa görene, - Erkek diýip bolarmy? Saçak başyna geçip, Bilmese biraz içip, - Erkek diýip bolarmy? Märekäñ köp ýerinde, Içmek bolsa serinde, - Erkek diýip bolarmy? Uzak ömri ýolda bolsa, Öz didaryn gözden salsa, - Erkek diýip bolarmy? Kim gahardan dolup-daşyp, Ile degse hetden aşyp, - Erkek diýip bolarmy? Ýürekden söz berene, Sözün gaýdyp alana, - Erkek diýip bolarmy? Resul GAMZATOW. Rusçadan terjime eden: Baýramjan GURBANMUHAMMEDOW. | |
|
√ Апулей / Goşgular - 28.02.2022 |
√ Düşnüksizlik / Goşgular - 30.01.2022 |
√ Речка Руза / Goşgular - 29.01.2022 |
√ "Их-то Господь — вон какой!" / Goşgular - 15.02.2022 |
√ Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022 |
√ Söz bar, goldaw ýok! / Goşgular - 27.02.2022 |
√ Aglama diýme / Goşgular - 26.01.2022 |
√ Aýak yz / Goşgular - 08.01.2022 |
√ Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022 |
√ "Ine, Watan diýip.." / Goşgular - 25.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |